• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ÇÖLLERDE GÜN ELEKTRIK STANSIÝALARY KÖPELDILMELIMI?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÇÖLLERDE GÜN ELEKTRIK STANSIÝALARY KÖPELDILMELIMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

col gun energiyaSaharada ullakan gün elektrik stansiýasy gurulsa we bütin dünýä şondan energiýa alsa bolmazmy? Ol tersine klimata zeper ýetirýän bolsa nätjek!

Arassa we gutarnyksyz gün energiýasyny almakda dünýäniň iň gazaply çölleri has amatly ýerler bolup durýarlar. Çöller giň, tekiz ýerleri bol, kremniýe we gün şöhlesine baý. Şeýle-de, häzirki wagtda iň uly gün elektrik stansiýalarynyň ählisi çöllerde ýa-da gurak sebitlerde ýerleşýär.

Dünýäniň iň uly çöli bolan Saharada ullakan gün elektrik stansiýasy döredilse, ýer-ýüzüne gerek bolan energiýany dört esse artykmaçlygy bilen kanagatlandyryp bolar diýip, alymlar çak edýärler.

Gün panelleriniň ýüzüniň garamtyl reňkli bolany üçin, olara siňýän gün şöhlesiniň diňe 15% toga öwrülýär, galany bolsa ýylylyk görnüşinde daşky gurşawa gaýtarylýar. Paneller adatça goýulýan meýdanlaryndaky tekizlikden has garamtyl reňkde bolup, özlerine uly möçberde artykmaç energiýa siňdirýärler. Soňra bu artykmaç energiýany ýylylyga öwrüp, howa dargadýarlar – bu bolsa klimata täsir edýär.

Bu täsirler diňe ýerli bolan bolsa, az ilatly we çöllük ýerlerde beýle bir bildirmezdi. Emma gazylyp alynýan energiýa bolan zerurlygy azaltmak üçin, Saharada oturdylmaly gün panelleriniň meýdany müňlerçe inedördil kilometre ýetmeli bolar. Şeýle ululykdaky gün elektrik stansiýasyndan bölünip çykýan ýylylyk howa arkaly atmosfera ýaýrar we klimata sebitleýin hatda global derejede täsir eder.

Ägirt uly gün elektrik stansiýalarynyň gurulmagy Sahara çölüniň çyglylygyny köpeldip, ýaşyl öwüsmegine getirip biler. 2018-nji ýylda geçirilen barlag işlerinde gün panelleri sebäpli pes albedonyň çöllere edýän täsiri kompýuter modeli arkaly simulirlendi (albedo – tekizlikleriň gün şöhlesini nähili derejede yzyna serpikdirýändigini görkezýän bir ululyk). Mysal üçin, çägäniň albedo görkezijisi gün panelleriniňkä garanyňda has ýokary bolup, çäge gün şöhlesini gowy serpikdirýär.

Kompýuter modeline görä, haçanda gün elektrik stansiýasy Sahara çölüniň 20% meýdanyny tutanda, tebigatyň "jogap beriji" prosesi başlaýar. Panelleriň atmosfera dargadýan ýylylygy ýer bilen okeanlaryň arasyndaky temperaturany üýtgedýär. Bu bolsa ýerüsti howa basyşyny peseldip, çygly howanyň ýokary göterilmegine we ýagyş damjalaryň döremegine getirýär. Musson ýagşynyň köpelmegi ösümlikleriň hem köpelmegine we netijede çölüň gün energiýasyny az serpikdirmegine getirýär. Sebäbi ösümlikler gün şöhlesini çägeden has gowy siňdirýärler. Ösümlikleriň köpelmegi köp suwuň bugaryp, ösümlikleriň ýaýramagyna amatly çygly gurşaw döredýär.

Bu ýagdaý häzir hyýaly görünse-de, barlag işlerine görä, 5000 ýyl mundan ozal tamamlanan şeýle jogap beriji proses Afrikanyň çygly döwründe Saharanyň köp ýerini ýaşyl saklapdyr.

Uly gün elektrik stansiýalary bütin dünýä gerek bolan energiýany öndürip biler we şol bir wagtyň özünde-de çöli ýaşaýyş üçin amatly oazise öwrer.

Ajaýyp pikire meňzeýär gerek? Indi sakawyň soňuna seret.

Ýakynda, Ýer ulgamynyň has ösen kompýuter modelinde geçirilen barlag işinde Saharanyň gün elektrik stansiýasynyň klimat bilen aragatnaşygy ýakyndan öwrenildi. Netijeler ýeriň we ummanyň uzak ýerlerinde döräp biljek ýakymsyz hadysalaryň Saharanyň getirjek peýdasyndan has ötgün bolup biljekdigini görkezdi.

Ýyly we ýaşyl Saharanyň täsirini Amazonkadaky gurakçylykdan başlap, ýitip gitjek Arktika deňizlerine çenli bütin dünýäde duýup bolar. Kompýuter modeline görä, Saharanyň umumy meýdanynyň 20% gün elektrik stansiýasy tutsa, ýerli howanyň temperaturasy 1.5°C çenli ýokarlanar. Eger 50% tutsa, 2.5°C çenli ýokarlanar. Bu ýylylyk ahyrsoňy atmosfera we umman hereketleri arkaly ýer ýüzüne ýaýrar we bütin dünýäde howanyň ortaça temperaturasyny 0.16°C (20% ýerini tutanda) we 0.39°C (50% ýerini tutanda) çenli ýokarlandyrar.

Global temperatura ähli ýerde birmeňzeş üýtgemeýär. Polýar sebitlerde howa tropiki ýerlere garanyňdan has çalt ýylaýar we Arktikada deňiz buzlarynyň çalt eremegine getirýär. Bu ýylylygy has hem çaltlaşdyryp biler, sebäbi ereýän deňiz buzy gün energiýasyny has köp siňdirýän deňiz suwunyň (buza görä garamtyl reňkli) üstüni açýar.

Kompýuter modelinde hasaba alynmadyk käbir möhüm prosesler hem bar. Mysal üçin, Saharanyň tozanlarynyň Amazonkada we Atlantik ummanynda uly orny bar. Netijede, Sahara näçe ýaşyllaşsa, onuň global täsiri kompýuter modeliniň görkezişinden hem uly bolar.

Biz indi-indi çöllerde gün elektrik stansiýasyny gurmagyň potensial netijelerine düşünip başladyk. Şeýle çözgütler jemgyýete gazylyp alynýan energiýa çeşmelerinden çetleşmäge kömek eder. Ýöne Ýer ulgamlaryny öwrenýän ylymlar islendik çözgütleriň peýdalary we töwekgelçilikleri synagdan geçirilende atmosferanyň, ummanlaryň we gury ýer üstleriniň "jogap beriji" prosesini göz öňünde tutmagyň möhümdigini görkezýärler.

Çeşme

  • 35 gezek okalan