• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • DNK SELJERME HAÇAN GEÇIRILÝÄR?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DNK SELJERME HAÇAN GEÇIRILÝÄR?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

dna seljermeAtalygy anyklamak üçin  DNK-ny seljerme – genetiki seljermäniň bir görnüşi bolup, onuň  maksady belli bir çaganyň bolup biljek ene-atasynyň atalygyny (kakasydygyny)  ýa-da eneligini anyklamakdyr. Bu barlag çaganyň we güman edilýän ene-atanyň  DNK-ny seljermek arkaly geçirilýär.

DNK seljerme nämä esaslanan?

Synag ýokary derejeli kesgitliligi bilen tapawutlanyp, köplenç barlaghanalar 99,9%  ýa-da  100% anyklylygy kesgitleýärler.

Orta mekdebiň biologiýa dersinden belli bolşy ýaly, tohum yzarlaýjy maglumatlar  "DNK"  diýip atlandyrylýan uly molekulada saklanyp, onuň yzygiderli bölekleri  "gen" diýip atlandyrylýar. Adamynyň gen toplumy 23 jübüt hromosomadan ybaratdyr: ýarsy atadan, ýarsy hem eneden geçendir. Atalygy anyklamak üçin geçirilýän DNK seljermede erkek adamynyň we çaganyň DNK-ky gabat gelmeler kesgitlenýär. Ýörite barlag toplumlar arkaly, çagadan we atadan alnan nusgalardan genetikler DNK-ny bölüp alýarlar we hromosomolardaky bölekleri – lokuslary  deňeşdirýärler.

DNK seljerme haýsy ýagdaýlarda geçirilýär?

Atalygy anyklamak üçin geçiriljek genetiki seljermä indiki ýagdaýlar görkezme bolup bilýär:

↪ Çaganyň hakyky atasyny anyklamak zerurlygy;

↪ Mirasy almak ýa-da ondan ýüz döndürmek üçin garyndaşlygy kesgitlemek;

↪ Kazyýete çaganyň atasydygyny ýa-da enesidigini subut etmeli bolanda;

↪ Dogum öýünde tötänden ýa-da bilgeşleýin çagalary çalyşma geçirlen ýagdaýynda;

↪ Ekstrakorporal (bedenden daşary) tohumlandyrmanyň netijeleri gümanly bolanda;

↪ Aýalyň eneligine gümanly bolnan halatlarda;

↪ Atasyndan kömek puly (aliment) almak üçin garyndaşlygy anyklamak;

↪ Atasy başga ýurduň raýaty bolan ýagdaýynda, enäniň we çaganyň şol ýurda gitmegi üçin onuň atalygyny kesgitlemek;

↪ Zaýalanan jesetleri tanamak maksady üçin.

Seljerme üçin näme ulanylýar?

DNK bedeniň her öýjüginde saklanýandyr. Şonuň üçin hem bedeniň islendik bölegi ýa-da oňa galtaşan zatlar  barlag üçin serişde bolup bilýär: saç, dişler, dyrnak,tüýkülik, gan, döl, diş çotgasy, çilimiň galyndysy, sakgyç,hat-da gulak gutusyda.

Barlag üçin serişde almanyň iň ýönekeý we çalt usuly – duluklaryň iç ýüzüniň nemli gatlagyndan çyrşak almakdyr. Onuň üçin 10-15 sek.dowamynda  pamykly taýajyk bilen dulugyň içýüzünden sürtüji hereketleri geçirmek ýeterlikdir.

Atalygy  atanyň özi bolmasa hem kesgitläp bolýarmy?

Dürli sebäplere görä atanyň özi bolmadyk halatlarynda seljerme üçin serişde onuň ýakyn garyndaşlaryndan alnyp geçirilýär: onuň ene-atasy, erkek we aýal doganlary.

Haýsy ýaşdan we nirede DNK-synagy geçirip bolýar?

DNK-yň adamynyň ömrüniň dowamynda üýtgemeýändigi sebäpli, barlagy geçirmek üçin  ýaş boýunça kesgitlilik ýokdur. DNK-synagy ýaňy bolan çagada hem geçirip bolýar.

Häzirki wagtda göwredäki çaganyň DNK-ny göwreli aýalyň ganyndan hem kesgitlemäge mümkinçilik berýän barlaglar geçirilýär. Biziň ýurdumyzda şeýle barlagy geçirýän barlaghanalar barada maglumat ýok.

Adaty DNK-seljerme synagy Aşgabat şäheriň we welaýatlaryň kazyýet-lukmançylyk merkezleriniň barlaghanasynda geçirilýär.

Uianylan çeşme: Г.Л. Снигур,  Т. Н. Щербакова, Э. Ю. Сахарова "Основы генетики человека" Волгоград-2017 г.

  • 620 gezek okalan