• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • TÜRKMENISTANDA ÇILIMI TAŞLAMAK ÜÇIN KÖMEK ALYP BOLÝARMY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÜRKMENISTANDA ÇILIMI TAŞLAMAK ÜÇIN KÖMEK ALYP BOLÝARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

cilim taslamak komek2022-nji ýylyň 26-njy fewralynda "Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin milli maksatnamasynyň" kabul edilmegi boýunça brifing geçirildi. Maksatnama görä, ýurdy 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat etmek, şeýle hem, bu ugurdaky syýasatyň durmuşa geçirilişine we kanunlaryň ýerine ýetirilişine ýörite gözegçiligi amala aşyrmak, ilatyň, ilkinji nobatda ýaşlaryň temmäkiniň zyýanly täsirleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmak ýoly bilen temmäkä garşy göreşmek munuň esasy maksatlarydyr.

Biz Saglyk topary bolup, jemgyýetimizde çilimi taşlamak boýunça ilata elýeterli maglumatlarydyr hyzmatlary ýygnadyk. Gadyrly okyjy, eger sen şu hyzmatlardan peýdalanyp gören bolsaň ýa bu mowzuga degişli şahsy tejribäň bar bolsa, biziň bilen paýlaşyp bilersiň. Biz seniň şahsy maglumatlaryň gizlinligini we goraglylygyny kepillendirýäris.

BSGG-nyň maglumatlaryna görä, çilimi taşlamak hyzmatlary Türkmenistanyň saglyk öýleriniň köpüsinde hödürlenýär we bularyň çykdajylary milli saglygy goraýyş hyzmatlary we milli saglyk ätiýaçlandyryşy bilen doly tölenýär. Nikotiniň ornuny tutujy bejergileri (sakgyç, dermanlar, ýamaklar we ingalýatorlar) dermanhanadan dermannamasyz satyn alyp bolýar. Çilimi taşlamak üçin mugt gyzgyn liniýalaryň hödürlenýändigi hem aýdylýar.

Gyzgyn liniýa

BSGG-nyň habar bermegine görä, çilimi taşlamagy meýil edinýänler üçin Aşgabatda we beýleki welaýatlarda jemi 9 sany "Ynam" atly merkezler hereket edýärler. Bu merkezlerde çilimi taşlap bilmän ejir çekýänler üçin bejergi we mugt konsultasiýa hyzmatlary hödürlenýär. Şeýle hem, adyny gizlin saklamak isleýänler üçin– 118 belgi arkaly gyzgyn liniýalar elýeterli edilen. Bu aragatnaşyklar ýokary bilimli hünärmenler, ýagny narkologlar, terapewtler we psihologlar bilen geçýär we gepleşegiň başynda öz ýaşyňy we näçe wagtlap çilim çekýäniňi aýtmaly.

"Ynam" merkezleri hakynda internet äleminde hiç hili maglumat tapyp bolmaýar we biziň gabat gelen çeşmelerimiziň hemmesi rus dilinde maglumat berýärler (Turkmenportal, BSGG we Türkmen Konsullygy).

Bu merkezler barada Saglyk Ministrliginiň web sahypasynda hiç hili maglumat berilmeýär. Şeýle hem, bu merkezleriň işine degişli statistikalar paýlaşylmaýar.

Meselem:

↪ Şu günki güne çenli näçe sany adam merkeze ýüz tutdy?

↪ Olaryň näçe sanysy hyzmatlardan peýdalanyp, bejergi aldy we çilimi taşlap bildi?

↪ Pasiýentler nähili soraglary soraýarlar?

Saglyk Ministrligiň ilat bilen geçirýän düşündiriş işleri

Biz Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň web sahypasyny gözden geçirdik. Saýtda çilim çekmek, ony taşlamak, "Ynam" merkezleri, gyzgyn liniýa we çilim çekmegiň zyýanlary barada hiç hili maglumat agzalyp geçilmeýär. Şeýle hem, bu mowzuga degişli düşündirişli posterler Saglyk Ministrliginiň web sahypasynda ýerleşdirilmändir.

 Diňe BSGG-nyň Türkmenistandaky edarasynyň Instagram sahypasynda umumy çilime degişli (Türkmenistana degişli däl) posterleri tapmak başartdy. Ol posterleriň aşagynda ildeşimiziň "kime ýüz tutmaly çilimi taşlamak üçin?' diýen soragy bolsa, "Ynam"merkezleri barada berilýän maglumatlaryň hemmelere ýetmeýänliginden habar berip biler.

Ilatyň jogapsyz galýan soraglary we aladalanmalary

Türkmenistanlylar Internetda bu barada açyk gürrüňdeşlik alyp barmaýarlar. Meselem, Saglyk geçen ýyl birnäçe gezek çilimi taşlamak üçin gyzgyn liniýany okyjylar bilen paýlaşyp, olara ýüzlenipdi, emma okyjylar dymmak bilen boldular. Muňa garamazdan, garaşsyz çeşmeler şeýle ýiti meseleler barada habar berýärler:

Çilimiň satuwy:

Bahalar: Türkmenistanda çilim öndürilmeýär, emma daşary ýurtlardan import edilýän temmäki önümlerine goýlan salgytlaryň mukdary 2020-nji ýylda 59%-den 74%-e galdy. Şeýle hem, çilimiň 1 gutusyna salynýan iň az salgyt 2.5$-dan 3$-a çykdy.

↪ Türkmenistanda 2016-njy ýyldan bäri çilimi diňe hökümet import edip we ýurtda satyp bilýär. Hususy dükanlarda temmäki söwdasy gadagan, emma gizlinlikde satylýan ýagdaýlaryna duş gelmek bolýar. Daşary ýurtdan Türkmenistana gelýän raýatlar şahsy ulanyş üçin 2 gutudan köp bolmadyk möçberde çilim getirip bilýärler.

↪ 2019-njy ýyldaky habara görä, ilatyň käbir bölegi temmäkini näresmi şekilde ösdürip, olardan nas we mahorka ýasap, satýarlar. Nas we mahorkanyň ilatyň saglygyna ýetirýän zyýany barada resmi ýagdaýda maglumat berilmeýär we çilimiň gadagançylygynyň şeýle ýaramaz ýagdaýlaryň peýda bolmagyna itergi bereýändigi öwrenilmeýär.

Dermanlar:

HronikaTM: "çilimkeşleriň köpüsi erbet endikden ýüz öwürmek isleýärler, ýöne özleri başaryp bilmeýändiklerinden zeýrenýärler we nikotiniň ornuny tutmak bejergisi olara teklip edilmeýär. Çilim çekýänleriň biri nägilelik bildirdi: ‘Käbir nikotin sakgyçlary, tegmiller ýa-da spreýler çilimden has gymmat we olar kän bir kömek etmeýär’."

HronikaTM okyjysy: "hökümetiň temmäkä garşy alyp barýan syýasaty uzyn wagtlaýyn bilim kompaniýalary, öňüni alyş çäreleri bolman, eýsem gysga wagtyň içinde netije gazanmak üçin diňe gadagançylyklar we temmäkiniň bahasyny düýbünden elýeter bolmaz ýaly edilýän syýasatlar bilen çäklenýär. BSGG hem hökümetiň bu alyp barýan syýasatyny goldaýar".

Turkmennews: "Tankytçylaryň pikiriçe, türkmen häkimiýetleri diňe gadagan ediji çäreleri görýärler. Çilim çekýänlere psihologiki goldaw we nikotiniň ornuny tutýan bejergiler üpjün edilmeýär (Türkmenistanda nikotin plastyri we sakgyç satylmaýar). Çilimiň bahasy örän gymmat bolany üçin adamlar öýde ýasalan arzan mahorkalary çekýärler we olaryň saglyga täsiri has zyýanly bolup biler".

Azatlyk: "ýerli synçylar ýurtda raýatlaryň bu endikden el çekmegine kömek bermek boýunça medisina we düşündiriş işleriniň ýeterlik geçirilmeýändigini, maslahat beriji merkezleriň talaba laýyk işlemeýändigini aýdýarlar."

BSGG-nyň sanlary

↪ Türkmenistan BSGG-nyň temmäkä garşy göreşmek boýunça çarçuwaly konwensiýasynyň agzasydyr we 2011-nji ýylda bu konwensiýa gol çekdi.

↪ 2018-nji ýyl boýunça ýurtda 18–69 ýaş aralygyndaky çilim çekýänler ilatyň 3,4%-ne deň. Bu bolsa 2013-nji ýyldaky görkezijiden (8,3%) 2,5 essä golaý pes.

↪ Ýurtda erkekleriň 6,6%, zenanlaryň 0,5% çilim çekýär.

↪ 2017-nji ýyl boýunça Türkmenistanda 368,200 sany çilim çekýänleriň arasynda 119,665 sanysynyň çilim sebäpli ir aradan çykmagyna garaşylý

BSGG-nyň tarypy

BSGG Türkmenistanda 2000-nji ýyldan bäri temmäkä garşy göreşmekde ajaýyp öňegidişlikleriň gazanylandygyny aýdýar. Temmäkä garşy güýçli we dowamly tagallalar uly ýaşly çilimkeşleriň azalmagyna getiripdir. BSGG-nyň Ýewropa sebitinde Türkmenistan ilaty iň az temmäki ulanýan (3,4%) ýurt boldy. BSGG Türkmenistana ýokanç däl keselleriň öňüni almakda, hususan-da temmäkä we alkogolyň zyýanly ulanylyşyna garşy göreşmekde goşan goşandy üçin hormat hatyny gowşurdy.

Nähili kanunlar güýje girizildi?

↪ 2013-nji ýylyň dekabr aýynda ýokanç däl kesellere garşy göreşmek we öňüni almak barada Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Bu jarnama temmäkä garşy göreşleri hem öz içine alýar we BSGG-nyň Ýewropa sebitini temmäkiden azat etmek hem onuň iň uly maksatlarynyň biridir.

↪ Türkmenistanyň hökümeti BSGG bilen bilelikde "Saglyk-2020" syýasatynyň çäklerinde "2012-2016-njy ýyllarda temmäkä garşy göreş boýunça hereketiň Milli meýilnamasyny" işläp taýýarlady. Şol kararda 18 ministrligiň, bölümleriň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini öz içine alýan temmäkä garşy göreşmek boýunça milli pudagara utgaşdyryjy komitet döredildi. Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrliginiň düzüminde dokuz sany ynam merkezi (Çilimi taşlamak boýunça kömek merkezleri) döredildi.

↪ 2013-nji ýylda "Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanyndan goramak hakyndaky" kanun kabul edildi. Bu kanundaky käbir gadagançylyk girizýän maddalar:

▷ hususy ýaşaýyş jaýyndan we awtomobilden başga islendik ýapyk binada, parkdyr, seýilgählerde hem-de jemgyýetçilik transportynda çilim çekmek gadagan edilýär (24-nji madda);

▷ tele we wideo filmleri goşmak bilen, täze döredilen audio wizual eserlerde, teatr-tomaşa oýunlarynda, tele, wideo we kino gepleşiklerinde temmäki önümleriniň we onuň ulanylmagynyň görkezilmegine ýol berilmeýär. Şeýle-de temmäki önümlerini mahabatlandyrýan her dürli islendik aksiýalar gadagan edilýär (25-nji madda);

▷ çilim gaplarynyň daşynda temmäki önümlerini ulanmagyň zyýany baradaky maglumat bilen bir hatarda temmäki önümlerini ulanmagyň adamyň bedenine ýetirýän weýran ediji täsiriniň fotosuratlary bolmaly.

↪ 2021-nji ýylda temmäki önümleriniň söwdasynyň täze düzgünleri kabul edildi. Bu kanuna görä, demir ýol, awtoulag, howa menzilleriniň, deňiz we derýa portlarynyň çäginde we jaýlarynda, myhmanhanalarda hem-de bilim edaralarynyň serhedinden azyndan 100 metr aradaşlykda ýerleşýän söwda nokatlarynda temmäki önümlerini satmaklyk gadagan edilýär.

  • 891 gezek okalan