• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • BIRINJI HANYMA HAT

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BIRINJI HANYMA HAT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

1 nji hanyma hat

Mähriban hanym Berdimuhamedowa,

Biz sizi Türkmenistanyň Birinji Hanymy wezipesine eýe bolmagyňyz bilen gutlaýarys. Bilşiňiz ýaly, ençeme ýurtlarda Birinji Hanymlar halka ähmiýetli işleri öňe sürmekde uly rol oýnaýarlar. Biz siziň Birinji Hanym hökmünde Türkmenistanda adamlaryň durmuşyny gowulandyrmaga täsiriňiziň, ýolbaşçylyk roluňyzyň we aýratyn platformaňyzyň bardygyna ynanýarys.

Biz siz Birinji Hanymyň ofisini türkmenistanly aýal-gyzlary we ýaşlary üçin reproduktiw saglyk maglumatlarynyň we maşgalany meýilleşdirme hyzmatlarynyň elýeterliligini ösdürmäge niýetlemegi nazarda tutarsyňyz diýip umyt edýäris.

Saglyk.org saýtynyň türkmen dilinde jemgyýetçilik saglygyna degişli ylma esaslanýan maglumatlary çap edýän ýeketäk saýtdygyny megerem bilýänsiňiz. Biz türkmen dilinde ýokary hilli we dili düşnükli materiallary döretmek arkaly, Türkmenistanda ilatyň saglyk sowatlylygyny ösdürmek ugrunda iş alyp barýarys.

Gynansakda, bize siziň adyňyzy we bu haty size şahsy ýollamak üçin ofisiňiziň email adresini tapmak başartmady. Biz Türkmenistanda geçmişde Birinji Hanymyň resmi ofisiniň ýöredilmändigine düşünýäris, emma täze, ýaş prezidentiň ýurt başyna geçmegi bilen, biz ýurdumyzda ilat bilen aragatnaşyga progressiw çemeleşiler diýip umyt edýäris.

Biz bu hatyň üsti bilen sebitimizdäki Birinji Hanymlaryň alyp barýan işlerinden mysallary paýlaşmak we ýurdumyzdaky birnäçe gaýragoýulmasyz meseleler dogrusynda maslahat hödürlemek isleýäris. Çünki biz siziň bu meselelere üns çekmekde uly işleri bitirip biljekdigiňize ynanýarys.

Türkiýäniň Birinji Hanymy

Türkiýäniň Birinji Hanymy hanym Emine Erdogan "Hany gyzlar, ýörüň okuwa!" atly gyzlaryň bilim almasyna goldaw berýän kampaniýa işjeň gatnaşyp gelýär. Bu kampaniýa 2003-nji ýylda hökümete degişli we degişli däl guramalaryň hem-de ýerli edaralaryň goldawy bilen, Bilim ministrligi we ÝUNISEF tarapyndan ýola goýuldy. Hanym Erdogan maşgalalary tarapyndan mekdebe goýberilmeýän gyzlaryň sowatsyzlygyna çäre görmek üçin ýurduň ähli ýerinde kampaniýalary başlatdy. Bu kampaniýanyň netijesinde 2003-2006 ýyllarda ýurtda goşmaça 350 müň gyz mekdebe ýazyldy.

Hanym Erdogan çaga nikasyna garşy hem çykyş edýär: "Çaga nikasy hiç bir şertde kabul edilip bilinmez." Şeýle-de ol bilim almak mümkinçilikleri bolmadyk, garyplykda ýaşaýan ýaş gyzlara we aýallara goldaw berýän "Ejeler we Gyzlar Okuwda" kampaniýasyna uly goşant goşýar.

Azerbeýjanyň Birinji Hanymy

Azerbeýjanyň Birinji Hanymy hanym Mehriban Aliyewa Heydar Aliyev Fondunyň düýbüni tutujysy we dolandyryjysydyr. Bu Fonduň üsti bilen 2004-nji ýyldan bäri bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýa ýaly birnäçe pudaklarda dürli taslamalar amala aşyrylýar. Fond operasiýalara hemaýatkärlik etmek we lukmançylyk ejamlaryny we dermanlary üpjün etmek arkaly Azerbeýjanyň ilatyna peýdaly saglyk programmalaryna hem goşant goşýar.

Saglyk programmalarynyň üsti bilen 18 ýaşdan kiçi diabetli çagalar insulin kömegini alýarlar. Munuň netijesinde 2020-nji ýylda Azerbeýjanda 1500-den gowrak çaganyň ýaşaýyş şertleri gowulaşdy. Şeýle-de, Fonduň goldawy bilen eşidiş kemçiligi bolan adamlaryň 200-den köpüsinde (aglabasy çagalar) Kohlear implantasiýa operasiýasy geçirildi.

Özbegistanyň Birinji Hanymy

Özbegistanyň Birinji Hanymy Hanym Ziroat Mirziyoyewa Zamin halkara jemgyýetçilik fondunyň hossarlar sowetine baştutanlyk edýär. Bu Fonduň saýasynda daşky gurşawa, sosial gurşawdaky innowasion tehnologiýalara we kerler & eşidiş ukyby pes adamlaryň durmuşyny we bilimini ösdürmäge gönükdirilen taslamalar durmuşa geçirilýär. 2021-nji ýylda Fond ÝUNISEF bilen saglyk we çagalaryň howpsuzlygy we ösüşi ugurlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we berkitmek niýeti bilen, Düşünişmegiň Memorandumyna gol çekdi. Zamin fondunyň esasy maksatlarynyň biri hem maýyplygy bolan çagalara goldaw bermek we olaryň deňligi we öz orunlaryny tapmagy üçin zerur şertleri döretmek bolup durýar. Onlaýn çykyşlarynyň birinde Hanym Mirziyoyewa bu barada şeýle belledi "Mundan beýläk maýyplygyň bolmasy saglyk meselesi däl-de, adam hukuklary meselesi".

COVID-19 pandemiýasynyň dowamynda Fond tarapyndan 5 million soma barabar bolan haýyr-sahawat kömegi Özbegistanyň ähli böleklerinden 5000 aýala paýlanylyp berildi. Zamin fondy täze dogulýan çagalary kerlik barlagyndan geçirýän synag taslamany hem döretdi. Fond eşidiş kemçiligi bolan çagalaryň bejergisi üçin maliýe kömegini hem hödürleýär.

Gyrgyzystanyň Birinji Hanymy

Gyrgyzystanyň Birinji Hanymy hanym Aýgül Japarowa Gyrgyzystanda ýeke enelere, ýetimlere we ejiz toparlara goldaw berýän "Umyt çeşmesi" Fonduny esaslandyrdy. Bu Fond garrylaryň we maýyplygy bolan adamlaryň saklanýan öýlerine hem ýardam edýär. Hanym Japarowa ýurtda COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmekde meýletinlik bilen meýletinçilere hem kömek etdi.

Fond tarapyndan Gyrgyzystanda pes-girdejili maşgalalardan bolan çagalara 80 sany içi okuw esbaply mekdep sumkalary we Bişkek şäherine 20 sany awtobus sowgat berildi. Galyberse-de, Fond "Deniz Feneri" assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlykda maddy ýagdaýy pes bolan 318 maşgalany egin-eşik bilen üpjün etdi.

Türkmenistan

Biz Türkmenistanda saglyk sowatlylygy ugrunda alyp barýan 11 ýyllyk işimizden, türkmen halky bilen dowamly aragatnaşyklarymyzdan we okyjylarymyzdan gelýän hatlardandyr soraglardan ugur alyp, aýal-gyzlaryň we ýaşlaryň saglygynyň Türkmenistanyň ilaty üçin iň ähmiýetli meselelerdendigini aýdyp bileris. Biz siziň Birinji Hanym hökmünde bu meselelere üns çekmegiňiziň ýurdumyzdaky aýal-gyzlaryň we ýaşlaryň durmuşyna uly özgerişlikleri ornaşdyrjakdygyna ynanýarys. Biz sizden ilat bilen aragatnaşygyňyzda bu mowzuklaryň ähmiýetini ileri tutmagyňyzy we öňe sürmegiňizi haýyş edýäris:

↪ Türkmenistanda ýokary derejeli çaga ölümçiligine üns çekseňiz. Biz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň içinde çagalaryň iň köp ölýän ýurdy bolup galýarys. Çaganyň ölümi diňe bir maşgalasy üçin däl, eýsem bütin jemgyýet üçin hem pajygaly ýagdaýdyr. Ýurdumyzda bäbekleriň we 5 ýaşdan kiçi çagalaryň ölüminiň sebäbini derňeýän ylmy barlaglary geçirmek bu meselä çözgüt gözlemekde ilkinji ädim bolar.

↪ Ýurtda reproduktiw saglyga degişli hyzmatlaryň ösdürilmegine ýardam etseňiz. Häzirki wagtda Türkmenistandaky aýal-gyzlaryň ýarysy kontrasepsiýanyň elýetersizliginden ejir çekýär we aborta goýlan 5 hepdelik çäklendirme aýallara hem-de bütin jemgyýete zyýan berýär.

↪ Türkmenistanyň mekdeplerinde ylma esaslanýan, hemmetaraplaýyn jynsy terbiýe programmalarynyň ornaşdyrylmagyny öňe sürseňiz. Çünki biologiýa, anatomiýa we psihologiýa degişli ýönekeý faktlardan habarsyzlyk jemgyýetimizde mizoginiýanyň we gender diskriminasiýasynyň möwjemegine getirýär. Esasy ylmy maglumatlaryň öwredilmezligi ýaşlarymyzyň fiziki we psihiki saglygyna zeper ýetirýär.

↪ Ýurdumyzda endemik bolan öýdäki zorluk meselesi barada söz açmak we öýdäki zorluga degişli kanunlarymyzyň ýokdugyna üns çekmek arkaly, Türkmen maşgalalarynda gender deňliginiň ähmiýetini öňe sürseňiz. Saglyga gelip gowuşýan hatlarda okyjylar öz trawmalaryny, kynçylyklaryny we maşgalalaryndaky zorluk hadysalaryny beýan edýärler. Emma, gynansakda, jemgyýetimizde şeýle ýagdaýa düşen adamlara goldaw berýän ulgamlaryň we edaralaryň kemçilik edýändigi sebäpli, olar hiç ýerden kömek sorap bilmeýärler.

Eger özwagtynda çäre görülmese, jemgyýetimizdäki bu meseleler geljekki nesillerimiziň hem durmuşyna agyr zyýan ýetirer. Biz bu hata bilim maksatly materiallarymyzyň salgylaryny hem goşýarys we eger gerek bolsa, goşmaça maglumat bermäge şat bolarys. Bular barada pikirleriňizi biziň bilen paýlaşsaňyz minnetdarlygymyzyň çägi bolmazdy. Biz bulary ara alyp maslahatlaşmak üçin siziň bilen görüşmäge hem şat bolarys.

Minnetdarlyk we hormat bilen,

Saglyk iş topary

www.saglyk.org

This email address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it.

24-nji iýun, 2022-nji ýyl

  • 675 gezek okalan