• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ZORLUGY SAGDYN WE YNSANPERWER TERMINLER BILEN ÇALYŞMAK

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ZORLUGY SAGDYN WE YNSANPERWER TERMINLER BILEN ÇALYŞMAK

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

ynsanperwer terminlerBiz Saglykda ylmy, zorlukdan azat we ynsanperwer dili öňe sürýäris. Biziň gündelik ulanýan sözlerimiz, terminlerimiz özümize we töweregimizdäki adamlara täsir edýär, dürli hereketlere itergi berýär. Bu makalada biz halkara derejede kesgitlenen we ulanylýan gender hem-de ten söwdasy bilen baglanyşykly terminleri size ýetirýäris.

Şol sanda sizi hem gündelik durmuşda ulanýan sözleriňize we adalgalaryňyza üns berip, birek-birege adamkärçilikli we medeniýetli çemeleşmäne we bu ýygyndynyň kömegi bilen sylaşykly sözlük goruňyzy ösdürmäge çagyrýarys.

Sen bu sanawa başga haýsy terminleri goşardyň? Pikirleriňi, synlaryňy bize iber.

*******

SYLAŞYKLY ADALGA

Gomoseksualizm: duýgularyň (romantiki, emosional) we jynsy islegiň özüň bilen meňzeş jynsly adamlara gönükdirilmegi bilen häsiýetlendirilýän isleg bolup, aýalyň aýala (lesbiý, geý) we erkegiň erkege (geý) gönükdirilen jynsy islegi görnüşlerinde ýüze çykýar.

KEMSIDIJI ADALGA

Pederast: pederastiýa (grekçe "oglanlara bolan söýgi") – seksologiýanyň döreýşiniň ilkinji basgançagynda umumy erkek gomoseksuallygy üçin ulanylýan söz bolupdyr. Emma soňra bu sözüň ylymda ulanylmasy bes edilýär. Gepleşik dilinde bu söz heniz hem erkek gomoseksuallygyny suratlandyrmak hem-de gomoseksual gatnaşyklara bolan erbet garaýşy we äsgermezçiligi aňlatmak üçin ulanylýar.

Beçebazlyk: Türkmenistantyň kanunçylygynda erkek adam bilen jynsy gatnaşyk etmek "beçebazlyk" diýlip atlandyrylýar we jenaýat hasaplanylýar. Beçebazlyk öňler dünýäniň köp ýerinde jenaýatçylyk ýa-da kesel hasaplanylsa-da, häzirki wagtda ol ylmy taýdan seksual uýgunlaşmanyň bir görnüşi hökmünde kabul edilýär. Şonuň üçin bu adalga häzirkizaman tejribelerine we kadalaryna çapraz gelýär we adamyň mertebesini peseldýär.

*******

SYLAŞYKLY ADALGA

Tenini satýan adamlar (ten söwdasyny edýän adamlar): 18 ýaşdan geçen aýallar, erkekler we transgender adamlar bolup, olar öz berýän seksual hyzmatlarynyň öwezine pul ýa-da haryt kabul edýärler. Bu jynsy gatnaşygyň görnüşi, resmiligi, tertibi we çäkleri jemgyýetlere we ýurtlara görä dürli hilli häsiýetlendirilip bilinýär.

KEMSIDIJI ADALGA

Jelepçilik (prostitusiýa), jelep: Türkmenistanyň kanunçylygynda aýallaryň ten söwdasyny etmegi "jelepçilik" diýlip atlandyrylýar we jenaýat hasaplanylýar. Bu adalga jemgyýetde razyçylykly ten söwdasyny edýänlere garşy zorlugyň, negatiw garaýyşlaryň köpelmegine goşant goşýar.

*******

SYLAŞYKLY ADALGA

Transgender: öz tenini kabul edip bilmeýan, özüni garşydaş jyns saýýan adamdyr. Başgaça aýdylanda, erkek bedeninde özüni aýal ýaly duýýan we aýal bedeninde özüni erkek ýaly duýýan adamdyr.

KEMSIDIJI ADALGA

Şolar, şeýle adamlar, pahyr.

*******

SYLAŞYKLY ADALGA

Interseks: jynsy alamatlardaky ýa-da reproduktiw anatomiýadaky tapawutlar üçin ulanylýan umumy adalgadyr. Interseks adamlar bu tapawutlar bilen dogulýarlar ýa-da olara çagalykda eýe bolýarlar. Adam bedeniniň ösüşiniň adaty iki usuly bilen deňeşdirilende, interseks bedenleriň jyns agzalarynda, gormonlarynda, içki anatomiýalarynda ýa-da hromosomalarynda birnäçe tapawutlar bolup bilýär.

KEMSIDIJI ADALGA

Şolar, şeýle adamlar, pahyr.

*******

  • 230 gezek okalan