Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ÖT HALTADA DAŞYŇ DÖREMEGINIŇ ÖŇÜNI ALYP BOLÝARMY?*
Öt halta uly bolmadyk içi boşlukly beden agzasy bolup, bagryň içki tarapyndaky çukurjykda ýerleşýändir. Öt haltanyň esasy işiniň biri hem, bagryň işläp çykarýan ödüni goýaldyp saklamakdyr. Bir gije-gündiziň dowamynda adam bedeninde ortaça 500-1200 ml. golaý öt işlenip çykarylýar. Şeýle hem, öt halta ödi umumy öt ýodajygyndan onikibarmak içegä geçirmek işini hem amala aşyrýandyr.
Bedene öt näme üçin gerek?
Bagyrdan öt halta düşen öt, sorulyp alnan suwuň we diwarlarynyň işläp çykarýan musin maddasy bilen garyşyp konsentrirlenýändir we 5-10 esse mukdary azalýandyr. Öt turşylyklaryna baý, konsentrirlenen öt içegede ýaglary kiçi böleklere bölüp aňsat özleşmäge kömek edýär. Öt halta aýyrlandan soň ödüň düzüminiň üýtgeýändigi sebäpli ýaglary özleşdirme kynçylyk döredýär.
Öt haltada daş nädip döreýär?
Öt haltanyň daş keseliniň döremeginiň esasy sebäbi ödüň aşa goýalşyp durgunly ýagdaýda bolmagydyr. Ödüň ýagdaýynyň üýtgemegine aşakdaky faktorlar täsir edip biler:
↪ Nesilyzarlaýjylyk häsiýeti – eger ýakyn garyndaşlaryňyz bu kesel bilen kesellän bolsa, sizde hem onuň duş gelme töwekgelligi 2 esse ýokarlanýandyr;
↪ Ýaş aýratynlygy – keseliň duş gelme ýygylygy 40-69 ýaş aralygy ýokarydyr;
↪ Jyns aýratynlygy – aýal jyns gormony bolan estrogena ödi goýaltmak häsiýeti mahsusdyr. Ýöne aýbaşydan galma döwürde keseliň ýüze çykmak ýygylygy aýallar we erkekler üçin deňleşýändir;
↪ Göwrelilik – bu döwürde döreýän gormonal üýtgemeler we ulalýan ýatgy ödüň düzüminiň üýtgemeginiň we goýalmagynyň sebäbi bolup bilýändir;
↪ Aýbaşydan galma döwürde öwezini tutujy gormonal serişdeler hem ödüň himiki düzümini üýtgedip bilýärler;
↪ Semizlik ýagdaýy;
↪ Süýji keseli we metaboliki sindrom;
↪ Öt çalşygynyň bozulmagyna getirýän keseller (bagryň sirrozy; mukowissidoz, Kronyň keseli);
↪ Fiziki hereketiň azalmagy;
↪ Iýmitlenme tertibiniň bozulmagy – aşa ýagly, marinadly tagamlaryň köp iýilmegi, nahar kabul etme ýygylygyň azalmagy;
↪ Öt haltanyň işine täsir ediji dermanlaryň kabul edilmegi (meselem, gormonal serişdeler, göwreliligiň öňüni alyjy serişdeler).
Lukmanlar soňky ýyllarda öt haltanyň daş keseliniň "ýaşaryp", çagalarda we ýetginjeklerde hem ýygy duş gelýändigini belleýärler. Olar bu ýagdaýy çagalaryň arasynda semizligiň köp duş gelýändigi, olaryň fiziki ösüşiniň peselýändigi we nädogry iýmitlenýändikleri bilen düşündirýärler.
Öt haltanyň daş keseliniň nähili alamatlary bar?
Öt haltanyň daş keseli uzak wagt alamatsyz geçip, lukmançylyk gözegçiligi wagtynda tötänleýin ýüze çykarylyp hem bilner. Alamatlaryň güýjemegi daşyň ýerini üýtgedip öt çykaryş ýollary dykanda (öt sanjysy, ötle) ýa-da alawlama ýagdaýy ýaýbaňlaşanda (ýiti holesistit) döreýär. Öt sanjysyny aşakdaky alamatlar boýunça tapawutlandyrýarlar:
► Agyrylaryň ýagly, agyr nahar kabul edilenden soň ýa-da aşa artyk iýlenden 1-1,5 sagat soň döremegi. Onuň döremegine maşynyň siltemesi ýa-da nahar iýlenden soň öňe egilmek hem itergi berip biler;
► Agyrylaryň çalt güýjäp gitmegi;
► Agyrylar tutgaý häsiýetli bolup, birnäçe minutdan birnäçe sagada çenli dowamlylykda bolup biler;
► Agyrylar esasan sepirjekde we sag gapyrgalaryň aşagynda döräp, sag ele, pilçeleriň arasyna we boýnuň sag tarapyna ýaýrap biler;
► Agyrylaryň ýanyndan ýeňillik bermeýän ýürek bulanmanyň we gaýtarmanyň döremegi, ýürek urmalaryň ýygylaşmagy, gan basyşyň üýtgemegi, täret etme islegi, garnyň ýellenmegi syn edilip bilinýändir.
Agyrylar özbaşdak geçip bilýärler ýa-da sanjyny aýyrýan dermanlaryň täsiri bilen aýrylyp bilerler.
Öt haltanyň daş keseliniň öňüni alyp bolýarmy?
Öt haltanyň daş keseliniň döreme töwekgelligini ýönekeý, ýöne netijeli düzgünleri berjaý edip peseldip bolar:
◉ Dogry we peýdaly iýmitlenme düzgünine eýeriň: aşa köp iýmäň, aşa ýagly, ýokary kaloriýaly, aşa duzly önümleri iýmekden, gazlandyrylan, süýjüli içgileri kabul etmekden saklanyň;
◉ Az-azdan, ýygy, tertip boýunça iýmitleniň;
◉ Öz iýmitiňize ter gök-önümleri, ir-iýmişleri, ýagly bolmadyk etiň görnüşlerini, balygy, guş etini goşuň, şüleleri iýiň. Islege görä, ýeterlik mukdarda suw kabul etmegi unutmaň;
◉ Semizligiň öňüni alyjy çäreleri geçiriň;
◉ Iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerini öz wagtynda ýüze çykaryp bejermäge çalşyň.
Awtor: Şöhle Myradowa, maşgala lukmany
- 2521 gezek okalan