• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • NÄME ÜÇIN ÇAGA BILEN GEPLEŞMEK WAJYP?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

NÄME ÜÇIN ÇAGA BILEN GEPLEŞMEK WAJYP?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

caga bilen geplesmek wajypMeniň goňşym, iki çaganyň atasy: "Men hemişe işde bolmaly. Çagalarym aç däl. Ilden kem iýenoklar, ilden kem geýenoklar. Olary zada zar edemok. Olary diňläp, gepleşip oturmaga meniň wagtym hem ýok" diýip, öz atalyk borjunyň dogry ýerine ýetirilýändigini belleýär. Ýöne, şahsyýeti diňe maddy baýlyklar kemala getirmeýär ahyryn.

Çagaň bilen içgin we pozitiw söhbetdeşlik çaganyň bilmeýän soraglaryna jogap tapmaga, özüne bolan ynamyny güýçlendirmäge, öz ýalňyşyny wagtynda anyklamaga, başgalar bilen gatnaşyk açmaga, öz arzuwlaryny amala aşyrmaga kömek edýär. Çaga ene-atasyna imrinmäge, olaryň başdan geçirýän ýaşaýyş kynçylyklaryna gowy düşünmäge, olaryň içki dünýäsine aralaşyp, maşgala gatnaşyklaryny öwrenmäge, olary hormatlamaga mümkinçilik berýär. Ene-atanyň beren maslahaty ýa-da ýerlikli aýdan belligi köp ýyllardan soň hem kompas kimin durmuşda dogry ýoly tapmaga kömek edýär.

Çagaň bilen söhbetdeşlik terbiýeçilik äheňdäki takal okama öwrülmez ýaly, birnäçe ýönekeýje, ýöne wajyp düzgünleri bilmek peýdalydyr.

Çagaň (çagalaryň) bilen gepleşmäge wagt tap

Seniň işiň näçe köp bolsa hem, günde çagaň bilen onuň okuwy, bir günde gören-eşiden täzelikleri, öwrenen zatlary, sözleşen adamlary, dostlary barada gyzyklan. Ony ünsli diňlemäge we eşitmäge çalyş. Gürrüňdeşlik wagty çagaňy aladalandyrýan ýagdaýlara üns berip, degerli maslahat ýa-da kömegiň bilen goldaw berjek bol. Bu çagada goraglylyk we ynamlylyk döreder.

Çagalar bilen " kiçi dilden" bäri gepleşme. Çagaň ýüzüne hem seretmän, gyssagly berilýän "Gowumyň? Okuwa gitdiňmi? Akylly bolýarmyň?" diýen ýaly şol bir soraglardan soň, jogaba hem garaşman otagdan çykyp gitmek çagada onuň durmuşyna hakyky gyzyklanmanyň ýokdugyny görkezip biler.

Gurrüňdeşlikde çaganyň özüni däl-de, hereketlerini seljer

Çaganyň etmişi üçin onuň özüni däl-de, eden ýalňyş hereketini seljer. Meselem, ogluň mekdepde urşan bolsa, onuň sebäbini, haýsy tarapyň günäkärligini anyklajak bol. Jenjele getiren sebäbi aradan aýyrmaga kömek etjek bol. Eger gerek bolsa, synp ýolbaşçysynyň maslahatyndan peýdalan. Eger gyzyň pes baha alan bolsa, ony "ýalta"ýa "zehinsiz"diýip atlandyrman, sebäbini anykla. Belki, ol geçilen sapaga doly düşünen däldir we goşmaça düşündirişe mätäçdir.

Çagalar ulularyň gürrüňine gönümel düşünýärler. "Başyma bela bolaýdyň", "Nireden dörän musallat" diýip, onuň oňaýsyzlyk döreden hereketini tankytlaýan bolsaň, çaganyň tersine: "Meni ejem-kakam gelen bela ýaly görýär" diýip, ýalňyş pikir etmegi mümkin.

Çaganyň şowsuz ädimlerini aýyplama

Çagalar ýaňy bir ýaşamagy öwrenýärler. Elbetde, olarda ulularyňky ýaly tejribe bolmaýar. Olaryň şowly bolmadyk ädimlerinden soň: "Oňarýan zadyň hem ýok" diýen ýaly kemsidiji sözleri aýtmadan saklan. Aýyplamaklyk çaganyň höwesini, bilesigelijiligini ýatyrar, öz güýjüne, başarnygyna ynamyny peselder. Onsoňam, çaganyň ýalňyşlyklarynyň – seniň öz ýalňyşyňdygyny unutma. Çagalar biziň aýnamyzdyr. Şonuň üçin, onuň bilen şowsuzlyga getiren sebäbi anyklap, üstünde işlemäge çalyş. "Indiki gezek hökman hemme zat ýerine düşer", "Ýene bir gezek synanyş, başa barjakdygyna men ynanýaryn!", "Taýynlyk görmäge men hem kömekleşeýin" diýip, çagaňa ýardam berseň höwesini gaçyrmarsyň.

Çagaňy başgalar bilen deňeşdirme

"Ynha, Nazar hemişe öýe wagtynda gelýär, seni bolsa öýe salyp bolmaýar" ýa-da "Aýna hemişe gowy okaýar, seniň bolsa üçlükden gözüň açylmaýar" diýen ýaly igenmeler çagaň özüne bolan ynamyny peselder, höweslenmeden saklar.

Tersine, şunuň ýaly düşündiriş berme dogry bolar: "Öýe wagtynda gelseň öz sözüňde durýandygyňy görkezer, biz hem gaýgy-alada galman, arkaýyn bolarys" ýa-da "Derslerden gowy bahalar alsaň ol seniň işeňňirligiňi we erjelligiňi subut eder, bizi bolsa guwandyrar".

Çagany söz bilen "ýaralama"

Söz bilen öldürip hem, halas edip hem bolýar. Eger çagaňy özüne ynamly, durmuşda şowly adam hökmünde ýetişdirjek bolsaň, ony şahsyýet hökmünde "ýaralajak" sözleri, igenmeleri aýtmadan saklan. "Sen hiç zady oňarmaýaň, men rugsat bermesem etme", "Gutap iýme, sen öň hem semizje", "Bu göýdük boýuň bilen ýaryşa almazlar". Tersine, "Biz etjek işiňi ilki maslahatlaşaly, soň özüň ýerine ýetirersiň" diýmek dogry bolar. Çaganyň daşky keşbine degişli meselelerde bolsa, ene-atalar asla hem tankytlamadan saklanmalydyr. Gowusy, çagany sporta, tansa ýazdyrmak, peýdaly we dogry iýmitlendirmek bilen onuň üstünliklerine guwanmak gerekdir.

Çaga hem maşgalanyň we jemgyýetiň agzasy

Ulular çagalaryň öz işlerine, gürrüňlerine goşulmasyny halamaýarlar. "Işiň bolmasyn, tur hany şu ýerden!", "Burnuňy sokma gerek däl ýere!" diýmek bilen, çagada maşgalanyň içki ýagdaýyna, durnuklylygyna parhsyzlygy döredip bilerler. Bu ýagdaý olar ulalanda hem saklanyp biler.

Eger ene-ata möhüm meseläni ikiçäk ara alyp maslahatlaşmaly bolsa, çagalara dogry düşündirmäge synanyşmalydyr: "Seniň pikiriň biz üçin möhüm bolsa-da, bu ululara degişli mesele we çagalar oňa gatnaşmaly däl". Eger mesele ol diýen wajyp we syrly bolmasa, onda çagalary diňläp, öz pikirini aýtmagyna ýol ber. Çünki başlangyç synpyň çagalarynda hem öz pikirleri bolup, özleriniň diňlenilmegini isleýärler.

Her ene-ata öz çagasyny gowy görýär we oňa diňe gowulyk arzuw edýär. Çagasynyň akylly, başarjaň, erkin, dogruçyl bolmagyny isleýär. Çaga ilkinji adam gatnaşyklarynyň tejribesini – ýakyn, mähirli garaýşy, goraglylygy hem, düşünişmezlik bilen garylan ýekeligi, dünýä ynamsyzlygy, närazylygy, gahar-gazaby hem köplenç maşgala berýär. Ýöne islendik adam gatnaşyklaryny, şol sanda maşgala gatnaşyklaryny hem gepleşiksiz, söhbetdeşliksiz ýola goýup bolmaýar.

Mähriban okyjy, sen soňky gezek haçan çagaň bilen içgin gepleşip gördüň?

  • 218 gezek okalan