Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
NÄME ÜÇIN RULUŇ BAŞYNDA TELEFON ULANMALY DÄL?
"Diňe gyssagly jaň gelse jogap berýärin", "Sebäbi men tejribeli sürüji", "Diňe gelen hatlary barlaýaryn", "Diňe swetoforda durkam seredýärin…" ýaly sebäpleri ruluň başynda telefon ulanýan sürüjiler ýygy-ýygydan özlerini aklamak üçin berýärler. Emma welin, ulag sürýärkäň telefon ulanmagyň diňe bir bikanundygyny däl, eýsem seresaply sürüjiler bilen deňeşdireniňde heläkçilige uçramak ähtimallygyňy 240 esse artdyrýandygyny hem bilmelidiris.
Ilkinji sürüjilik sapaklaryň ýadyňa düşýärmi? Iki eliň rulda, bar ünsüň ýolda bolmaly!
Hereketiň möwjäp duran şäher ýollaryndan sürseň hem, şäher merkezlerinden uzaklardaky çola köçelerde bolsaň hem, ulag sürýärkäň mobil telefon ulanmak üç görnüşde ünsüňi bölýär – görüş taýdan, fiziki taýdan we kognitiw taýdan.
↪ Görüş päsgelçilikleri. Ruluň başynda telefonda ýazyşmak ýa-da sosial mediýa güýmenmek gürleşmekden hem has howpludyr. Çünki ýoldan gözüň aýrylyp, ekrana ünsüň bölünýär – bu bolsa gözüň daňylgy ulag süren ýalydyr. Bu ýagdaýda sen beýleki ulaglara, pyýadalara we möhüm köçe belliklerine doly gözegçilik edip bilmeýärsiň. Netijede, zolagyňdan çykmagyň, garşy tarapdan gelýän ulaglaryň öňüne çolaşmagyň, öňüňden barýan ulag haýallasa ýa-da dursa wagtynda haýallap ýetişmezligiň we başga-da töweregiňde bolup geçýän ençeme hadysalary gözden sypdyryp özüňi we başgalary howply ýagdaýa salmagyň mümkindir.
↪ Fiziki päsgelçilikler. Ulag süreniňde iki eliňi hem rulda saklamagyň iň esasy düzgünleriň biridigini ýokarda hem ýatlapdyk. Haçanda telefonyň ses edende, bir eliňi oňa ýetirmek üçin ruldan aýyrmaly bolýarsyň. Ruly diňe bir eliň bilen dolandyrsaň, ulaga erk edip bilme ukybyň has peselýär. Bu ýagdaýda eger öňüňden tötänlikde bir haýwan ýa-da pyýada çyksa, gyssagly öwrümleri ýa-da saklanmalary ýerine ýetirmek juda kynlaşýar. Üstesine ünsüň hem ýoldan telefonyňa giden bolsa, heläkçilige uçrama ähtimallygyň ep-esli ýokarlanýar. Iki eliň bilen ruly tutmagyň howpsuz ýoly olary ýa 9-lyk ýa-da 3-lik görkezýän sagadyň dilleriniň şeklinde goýmakdyr.
↪ Kognitiw päsgelçilikler. Hatda iň ezber we bir wagtda birnäçe işi ýerine ýetirip bilýän sürüji hem, howpsuz ýagdaýda ulag sürüp we şol bir wagtda telefon ulanyp bilmeýär. Çünki bu ýagdaýda seniň dykgatlylygyň iki sany biri-birinden tapawutly işleriň arasynda bölünýär. Hatda eliňi degirmän gürleşip bolýan enjamlaryň hem köçe howpsuzlygyna hiç hili peýdasynyň ýokdugyny ençeme ylmy barlaglar görkezýär. Sürüjiniň beýnisi hem ýoluna üns bermeli, hem gürrüňdeşini diňlemeli we jogap bermeli bolýar. Bu ýagdaýda beýnä düşýän ýük agralyp, onuň maglumat özleşdirmek ukyby haýallar we sürüji garaşylmadyk howply hadysalara özwagtynda jogap berip ýetişmekde kynçylyk çekýär.
Ünsi bölnen sürüjiniň kanuny jogapkärçiligi nähili?
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiniň 213-nji we 215-nji maddalaryna görä, ulag sürüp barýan adam ünsi sowujy hereketleri etse (telefonda gürleşmek, iýip-içmek, çilim çekmek, ýol hereketine gatnaşyjylary howlukdyrmak, gaty sesli audio-wideo enjamlary diňlemek we beýlekiler) ýa-da ýolda heläkçilikli ýagdaýyň döremegine getirse, binýatlyk mukdaryň birisi möçberinde ýa-da ýedisi möçberinde jerime salynýar.
Sürüjilere maslahat
Ünsi bölnen sürüji diňe bir özüni däl, eýsem töweregindäkileriň ählisini howp astynda goýýar. Ruluň başyndakaň, hernäçe özüneçekiji bolsa-da, hiç bir ýagdaýda telefona seretme. Eger telefony gyssagly ulanmaly bolsaň, ony eliňe almazdan öňürti howpsuz bir ýere geç we ulagyňy duruz.
- 68 gezek okalan