• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ULY NAHARDAN SOŇ MAZALY DYKYLÝARSYŇMY? GÖNI TELEWIZORYŇ ÖŇÜNE GEÇME, ÝÖRÄP GEL.

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ULY NAHARDAN SOŇ MAZALY DYKYLÝARSYŇMY? GÖNI TELEWIZORYŇ ÖŇÜNE GEÇME, ÝÖRÄP GEL.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

nahardan son dykylyarsynmyHatda nahardan soň gapyňda gysga wagtlyk gezmelemek hem, naharyň gowy siňmesine, gandaky şekeriň (glýukoza) sazlanmasyna we gije has gowy uky almaga kömek edýär.

Uly baýramçylyk möwsümi hem geldi. Indiki birnäçe hepdäniň dowamynda sen bol iýmitler bilen bezelen saçaklaryň başynda ençeme gezek agyr-agyr iýmeli bolup bilersiň. Emma welin, garnyňy ýazanyňdan soň oturyp başga zatlara güýmenmegi dowam etmäge derek, daşarda gysgajyk ýöriş edip gelseň-de özüňi duýşuňda uly üýtgeşikligi başdan geçirersiň.

Nahardan soň ýöriş etmek ençe medeniýetlerde (meselem, italýanlar, ýewropalylar) asyrlarboýy ýöredilip gelinýän adat. Näme üçin? Birinji bilen, ýöremek ýa-da islendik fiziki hereket naharyň siňmesini tizleşdirýär, netijede adam özüni uly nahardan soň hem tiz wagtyň içinde ýene ýeňil duýup bilýär. Haçanda siňdiriş çalt geçende, kletçakta we beýleki siňmedik ýokumlar garnyň aşaky bölegine geçip, ol ýerde ýaşaýan mikroblara ýokumly iýmit bolup bilýär. Kletçatka baý iýmitleri kabul edýän mikroblar bolsa seniň beýniňi, immun ulgamyňy we iýmit siňdiriş ulgamyňy sagdyn saklaýan molekulalary bölüp çykarýarlar.

Ýöremek nahardan soňra gandaky şekeriň derejelerini sazlamakda hem uly rol oýnaýar. Çünki nahar siňende birnäçe böleklere dargaýar. Şeker glýukozasy hem şol bölekleriň biri bolup, bedeniň energiýasynyň esasy çeşmeleriniň biridir. Şonuň üçin-de, nahardan soň gandaky şekeriň derejesi beýgelýär. Ýöriş etmek bu beýgelmäniň öňüni alyp bilýär. "Ýöremek bilen biz myşsalarymyzy hereket etdirýäris, ýagny diňe aýagymyzyň myşsalaryny däl-de, ýüregimiziň we ellerimiziň myşsalary hem gymyldamaga başlaýarlar. Şeýdip olar garnymyzdan gana geçýän glýukozany özlerine siňdirip alýarlar. Ýagny, hereket edenimizde myşsalarymyz ganymyzdaky şekeri sorup alyp, biziň edýän hereketimiz üçin energiýa hökmünde ulanýarlar". diýip, gastroenterolog we Waşingron uniwersitetiniň professory Dr. Kris Damman düşündirýär.

Adatça, beden glýukozany gandan çykaryp öýjüklerimize paýlamak üçin insulin gormonyny öndürýär. Emma ýörän wagtyň myşsalaryň ýygrylyp, bu işi insuline gerek bolmazdan ýerine ýetirýärler. Netijede, sen aşgazanasty mäziň işini ýeňledýärsiň, çünki oňa nahardan soňra köp mukdarda insulin öndürmek gerek bolmaýar. Muny bilmek möhümdir, sebäbi eger-de yzygiderli aşgazan asty mäziň agyr işläp durmaly bolsa, ol belli bir wagtdan soň süýji keseliniň döremesine ýol açyp bilýär.

Ýörişden peýda almak üçin, nahardan soňra uzak ýöremek hem hökman däl. Meselem, barlaglara görä, naharlananyňdan soňra ýarym sagadyň içinde diňe 15 minut aram tizlikde ýöremek hem gandaky şekeriň derejesini birnäçe sagatdan soňra-da beýgeltmän saklaýar. Hatda diňe 5 minut ýöremegiň hem ganyň şekerini peseltmäge täsiri bar, emma näçe köpräk ýöräp bilseň peýdalary şonça hem köpelýär.

"Eger-de, daşarda ýöremek üçin howa oňaýly däl bolsa ýa-da telewizorda gyzykly bir gepleşigiňi geçiresiň gelmeýän bolsa – bulara özüňe böwet bolmaga ýol berme. Ýeriňden gal we duran ýeriňde aýaklaryňy ýöreýän ýaly hereket etdir we elleriňi gymyldat. Hatda muny birnäçe minutlap etseň hem bedeniňe glýukozany has gowy ýerlemäge kömek edersiň" diýip, George Waşington uniwersitetiniň maşk we iýmit ylymlary professory Loretta DiPietro belleýär. DiPietro görä, islendik nahardan soňra ýöremek hem örän peýdaly, emma muny etmek üçin günüň bir naharyny saýlamaly bolsa agşam naharyny saýlasaň gowy bolar. Çünki köp adam günüň iň uly naharyny agşam iýegen bolýar.

Çeşme

  • 115 gezek okalan