Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
TÜRKMENISTANDA ÇAGALARYŇ SAGLYGY WE ABADANÇYLYGY BARADA HÖKÜMETIŇ SANLARY
Türkmenistan 1993-nji ýylda Birleşen milletler guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyna goşulyp, ençeme döwletler bilen birlikde çagalaryň hukuklaryny goramaga wada berdi. Ondan bäri Türkmenistanyň hökümeti Birleşen milletler guramasyna ýurtda çagalaryň saglyk-abadançylygy barada birnäçe gezek hasabat berdi. 2024-nji ýylyň hasabat diňlenilişiginde ýurduň çagalaryň hukuklaryny goramakda oňaýly özgerişlikleri geçirendigi, emma welin ösüşiň göwrümini we täsirini ölçemekde möhüm maglumatlaryň we aç-açan sanlaryň kemçilik edýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň hökümeti 2022-nji ýylda umumy býujetiň 67.7%-ini çagalaryň saglyk, bilim we jemgyýetçilik hyzmatlaryna sarp edendigini habar berdi. Şol sanda, BSGG tarapyndan maslahat berilýän 14 sany ýokanç keseliň öňüni alyş sanjymlary üçin 83 million ABŞ dollary sarp edilipdir. Emma, bu býujetleriň paýlanylyşy we netijeli gözegçiligi baradaky jikme-jikleriň elýetersizdigi sebäpli bu maksatnamalaryň täsirini derňemek başartmaýar.
Hökümetiň hasabatynda çagalaryň hukuklaryny goramakda habardarlygy artdyrmak maksady bilen 2023-nji ýylda geçirilen çärelere 28 müň çaganyň we 60 müň işgäriň gatnaşandygy, hassahanalaryň 95%-iniň enelere we bäbeklere ýokary hilli hyzmat üpjün edýändigi aýdylýar. Şeýle-de bolsa, bularyň netijeliligi we çagalara berilmeli jemgyýetçilik hyzmatlary baradaky gollanmalar we protokollar näbelliligine galýar. 2023-nji ýylda ýetimler öýlerinde ýaşaýan çagalaryň 17.4%, maýyplygy bolan çagalaryň 2% artandygy we olaryň zerurlyklarynyň nähili üpjün edilýändigi hakynda goşmaça düşündiriş berilmeýär. Galyberse-de, hyzmatlaryň we mümkinçilikleriň ýurduň dürli ýerlerinde ýaşaýan çagalara deň derejede elýeterli bolmazlygy, migrant ene-atalaryň yzynda galan çagalara goldaw bermeklik ýa-da çagalaryň arasynda barha ýygy duş gelýän jana kast etmeler ýaly meseleler hem maglumat ýetmezçiligi sebäpli öwrenilmän galýar.
Hormatly okyjy, sen bu sanlar barada nähili pikir edýärsiň, olaryň seniň durmuşyňa täsiri barmy?
Makalanyň doly görnüşini iňlis dilinde okap bilersiňiz.
- 109 gezek okalan