• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • COVID-19 HENIZ HEM ÝOKUŞMASYNY DOWAM EDÝÄR, MEN SANJYMYMY TÄZELEMELIMI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

COVID-19 HENIZ HEM ÝOKUŞMASYNY DOWAM EDÝÄR, MEN SANJYMYMY TÄZELEMELIMI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

covid 19 revacCOVID-19 indi halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý däl hem bolsa, onuň täze ştamlary döremesini, ýaýramasyny we adamlaryň janyna howp salmasyny dowam edýär. Esasan-da gartaşan ýa hroniki keselli adamlar, göwreliler we immunoýetmezçilikli kişiler töwekgelçilik astyndadyrlar.

Howpsuz we netijeli COVID-19 waksinalarynyň kömegi bilen agyr kesellemäniň we ölümiň öňüni alyp bolýar. 2021-nji ýylyň özünde waksinalar azyndan takmynan 14.4 million adamyň janyny halas etdi.

Aşakdaky tablisadan öz COVID-19 waksinasiýa statusyňy barla we eger saňa sanjym almak gerek bolsa, maşgala lukmanyňa ýüz tut.

Kimler waksina almaly?

2024-nji ýylyň sentýabrynda BSGG-nyň Immunizasiýa boýunça strategik geňeşi COVID-19 waksinasyna degişli maslahatlarynyň ygtybarlylygyny tassyklady. Aşakdaky tablisa adamyň waksinasiýa taryhynyna, ýaşynyna we saglyk ýagdaýyna esaslanyp, iň soňky maslahatlara görä düzüldi.

covid 19 revac table

Waksina almak barada ýörite maslahatlar

Hatda COVID-19 bilen keselläp geçiren hem bolsaň, waksina al. Gibrid immunitet (waksinanyň we keseliň ikisiniň kömegi bilen hem immunitetiňi güýçlenmegi) gelejekde COVID-19 bilen agyr kesellemekden goraýar we goraglylygyň dowamlylygyny uzaldýar. Waksina alanyňdan takmynan 12 aý soňra täzeden waksinasiýa etdirmek esasan-da agyr kesellemek ýa-da keselden ýogalmak töwekgelçiligindäki topardaky adamlar üçin (gartaşan adamlar, hroniki keselliler, göwreliler we immunoýetmezçilikli kişiler) we saglygy goraýyş işgärleri üçin möhümdir.

↪ Eger sen göwreli bolsaň, ýakynda göwreli bolmak isleýän bolsaň ýa-da çaga emdirýän bolsaň, özüňi we maşgalaňy goramak üçin waksina almak möhümdir. Şu günki güne çenli, dünýäniň ähli ýerinde ençeme kişiler göwreli ýa-da emdirýän döwürleri COVID-19 waksinasyny aldylar we olaryň özleriniň ýa-da çagalarynyň saglygynda waksina bilen bagly meseleler anyklanylmady.

Hatda öň waksina alan hem bolsaň, göwrelilikde waksinanyň ýene bir dozasyny almak maslahat berilýär.

COVID-19 waksinalarynyň dürli görnüşlerini almak hem howpsuz we netijeli hasaplanylýar. Şol sanda, COVID-19 waksinasi bilen başga waksinalary (meselem, dümew sanjymyny) bir wagtda almak hem howpsuzdyr.

Sen waksina almakdan saklanmalysyň, eger-de:

↪ COVID-19 waksinalarynyň düzüminde saklanýan serişdeleriň haýsy hem bolsa birine allergiýaň bar bolsa;

↪ Waksina almaly günüň 38.5 gradusdan geçýän gyzgynyň bar bolsa. Keselden açylýançaň waksina almak maslahat berilmeýär.

Eger gany suwuklandyrýan serişdeleri kabul edýän bolsaň, waksina almak howpsuz hasaplanýar, emma waksina berýän adama bu barada duýdurmalysyň.

Waksina alanyňdan soň nämelere garaşmaly?

↪ Käbir adamlar COVID-19 waksinasyndan soňra ýeňil geçýän ýan täsirlerini başdan geçirip bilerler. Köp duş gelýän ýan täsirleri: gyzzyrma, kellede ýa-da bedende agyrylar, goluň agyrmasy. Bu alamatlar birki günüň içinde geçip gidýär. Eger zerur bolsa, dynç alyp, köpräk suwuklyk içip ýa-da agyry kesiji dermanlary ulanyp ýagdaýyňy ýeňledip bilersiň. Eger waksinanyň ýan täsirleri seni aşa bimaza edip başlasa, haýal etmän lukmana ýüz tut.

↪ Waksinanyň täze görnüşine garaşmak üçin waksina almagy gijikdirmeli dälsiň. Häzirki wagtda tassyklanylan ähli COVID-19 waksinalary agyr kesellemekden goraýarlar. Esasan-da, COVID bilen agyr keselleme howpy abanýan adamlara elýeter bolan waksinalaryň islendiginiň ýeke dozasy hem waksina almany gijikdirmekden has peýdalydyr. COVID-19 waksinasyny öndürijileriň köpüsi wirusyň soňky ýaýran ştamlaryna garşy täze waksinalary çykardylar ýa-da çykarmagyň üstünde işleýärler. Haçanda beýle waksinalar elýeter bolanda, täze waksinasiýa etdirmeli toparlar bu waksinalary almagy göz öňünde tutup bilerler.

↪ COVID-19 waksinasynyň her dozasyndan soňra bedeniň maksimum derejede immunitet gazanmasy birki hepde wagt alýar – ýagny, sen gönümel keselden goranyp bilmeýärsiň. Waksina alnandan soňra birnäçe aýlap COVID-19 bilen agyr kesellemäge ýa-da ondan ýogalmaga garşy goraglylyk iň güýçli derejelerde bolýar. Wagtyň geçmegi bilen goraglylyk peselýär.

↪ Hatda COVID-19 waksinasyny alan bolsaň hem, onuň bilen kesellemek we ony başgalara ýaýratmak mümkindir. Şonuň üçin özüňi we başgalary gorap saklamak üçin eliňden gelenini etmegiňi dowam et: elleriňi ýuwup dur, asgyranyňda we üsgüreniňde ýüzüňi ýap, BSGG ýaly ygtybarly çeşmeleriň maslahatlaryny we maglumatlaryny yzygiderli öwrenip dur.

Çeşme

  • 64 gezek okalan