• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ÝAS TUTÝAN ÝAKYNYŇA DIÝMELI DOGRY WE ÝALŇYŞ ZATLAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝAS TUTÝAN ÝAKYNYŇA DIÝMELI DOGRY WE ÝALŇYŞ ZATLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

yas tutyan yakynynaHaçanda gowy gatnaşýan adamyň ýakyn kişisini ýitirende, näme diýjegiňi bilmezligiň mümkin. Halk içinde adatça ilki bilen "yzy ýarasyn" ýa "jaýy jennet bolsun" ýaly sözler dile gelýär, emma bu sözler merhuma gönükdirilen bolup, yzynda ýas tutýanyň çekýän yzasyny ýeňletmekde täsirsiz bolup biler. Sen bolsa ýakynyňa onuň aladasyny edýändigiňi we kömege taýýardygyňy bildiresiň geler. Bu ýagdaýda hernäçe birhili görünse-de, ýakynyň bilen onuň başdan geçirip biljek duýgulary barada açyk gürleşmegiň iň ýerliklisidigini psiholog we ýas konsultanty Mekel Harris belleýär. Eger näme diýjegiňi bilmeseň, Harris we awtor Marisa Renee Lee dogry sözleri tapmakda etmeli we etmeli däl zatlary paýlaşýarlar.

"Saňa nähili agyr degýänini göz öňüme-de getirip bilemok" DIÝME

Oňa derek "Saňa nähili agyrdygyna düşünýän. Men seň ýanyňdadyryn we saňa goldawymy gaýgyrmaryn" diýmek bilen, onuň ýeke däldigini bildirersiň.

"Näme diýjegimi bilýän däldirin" DIÝ

Aýdara dogry söz tapmaýanyňy boýun almakdan çekinme. Ýakynyň saňa düşüner. Bu sözler seniň bolup geçen ölüm barada gürleşmekden gaça durmaýandygyňy görkezýär.

"Azyndan" bilen başlaýan zatlary AÝTMA

"Azyndan indi onuň ruhy aram tapandyr" ýa-da "azyndan ol indi has gowy ýerde" ýaly sözlemler seniň ýakynyň duýýan yzasyna kembaha garaýan ýaly eşdiler, şeýle-de bu sözlemler şahsy garaýşy görkezip, ýakynyň pikirlerine deň gelmän biler.

"Jogap bermek hökman däldir" DIÝ

Ýas tutýan islendik adama duýgudaşlyk bildireniňde ýany bilen şu manyny berýän sözleri ulansaň, ol adamy gaýtargy berjek bolma gaýgysyndan azat edersiň. Haçanda ýas tutýan adam jogap gaýtarmaga basyş duýmasa, oňa özüni ýalňyz duýmazlyk aňsatlaşýar.

Köp aýdylýan ýa-da ýoň bolan aňlatmalary AÝTMA

"Her bir zatda haýyr bardyr"; "Sanalgyň dolsa edip biljek zadyň ýok-da"; "Wagt ähli derdiň dermanydyr" ýaly sözleri aýtmakdan saklan. Lenç bolan aňlatmalar manysyz ýa-da bir zat diýmelidigi üçin ýüzüň ugruna diýlen söz ýaly eşdilip bilner. Şeýle-de, güýçli bolmagy we ýaşaýşa dowam etmegi maslahat berýän sözler hem ýakynyňa kömek etmez, çünki onuň entek gam-gussadan açylmaga taýýar bolmazlygy mümkindir.

Ony nähili gowy görýändigiňi, ölümiň nähili kyndygyny we oňa nähili erbet gynanýandygyňy AÝT

Ýatlamalaryňdan SÖZ AÇ

Ýakynyňy gynandyrmazlyk üçin merhum barada gürlemek islemezligiň mümkin, ýöne birnäçe aý ýa-da ýyl geçensoň hem, merhum barada ýadyňa düşýän wakalary ýatlamakdan gorkma. Beýle etmek bilen, sen onuň saňa nähili ähmiýetlidigini bildirýärsiň. Adamyň eý görýän kişisi durmuşdan gitse-de, ol onuň ýadynda we ýüreginde hemişelik ýaşaýar. Başgalaryň hem merhumy ýatlap durýandygyny eşitmek bolsa ýas tutýanyň göwnüni giňlik we şatlyk berýär.

Habar tutup dur

Matam döwründe ýogalanyň maşgalasynyň yzygiderli ýanyna barlyp ýa-da hal-ýagdaýy soralyp durulýar. Wagtyň geçmegi bilen, pataçylyk sowlup, sorap-ideýänleriň sany azalýar – bu bolsa ýas tutýan adama agyr degip bilýär. Şonuň üçin, hatda patadan soň uzak wagt geçen hem bolsa, ýakynyň ýagdaýyny sorap, oňa islendik wagt gürleşmäge ýa-da goldaw bermäge taýýardygyňy ýatladyp dur. Ýas tutmak uzak syýahat bolup, bu ýoluň uzaklygy we agyrlygy her adam üçin bir dürli bolýar.

Mähriban okyjy, sen ýakynyny ýitiren ýakynyňa nähili gynanç sözlerini aýdýarsyň? Eger sen ýakyn adamyňy ýitirip gören bolsaň, saňa aýdylan nähili sözler ýüregiňe aram berdi?

Çeşme

  • 96 gezek okalan