Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
AÝBAŞY HAKYNDA NÄDIP GÜRRÜŇ ETMELI?
Haçanda bolsa bir wagt aýbaşy barada gürleşesiň gelip, nädip dile getirjegiňi bilmän durduňmy? Onda okamagyňy dowam et.
Ýöne aýbaşy barada gürrüň etmäniň näme ähmiýeti bar?
Aýbaşy ýaly tebigy hadysadan söz açmak bilen sen başgalara bu barada gürrüň etmegiň geňlenilmeli ýa-da utanylmaly zat däldigini bildirýärsiň. Aýbaşy baradaky nädogry garaýyşlary azaltmakda ilkinji ädim bolsa, ony dogry atlandyryp (ýaňsyly sözleri ulanman), ol barada söhbet etmekdir. Bu gürrüňler ilki başda oňaýsyz bolup biler, emma näçe köp gürrüňini etdigiňçe şonça arkaýynlaşarsyň.
Ene-ataň ýa-da dogan-garyndaşyň ýanynda
Seniň ilkinji aýbaşyň başlanyny megerem ilkinjileriň içinde seniň maşgalaňdan biri biler. Ulular adatça aýbaşynyň nämedigini bilýärler we aýbaşy meselesinde goldaw çeşmesi bolup bilerler. Hatda seniň maşgala agzalaryň başga nesle degişli bolup, aýbaşy barada açyk gürleşmäge öwrenişmedik bolsalar hem, sen olaryň dünýägaraýşynyň giňemegine we tabu temalar barada has arkaýyn gürleşmegi öwrenmegine kömek edip bilersiň.
Meselem:
↪ Eger ene-ataňa aýbaşyň barada ýüzbe-ýüz aýtmaga çekinýän bolsaň, olara SMS, e-mail ýa-da hat ýazyp bilersiň. Bu ýüzbe-ýüz gürrüňdeşlige başlamaga ilkinji ädim bolar.
↪ Gürrüňiň tötänden başlamasy üçin, ene-ataňa sorag sora: "Näme üçin biziň jemgyýetimizde aýbaşy barada açyk gürleşilmeýärkä? Bu adaty hadysa ahyry!"
Deň-duşlaryň ýanynda
Aýbaşy durmuşyň bir bölegidir. Şonuň üçin boýdaşlaryň hem iru-giç bu temadan söz açarlar. Her gezek aýbaşy barada gürrüň edilende, köpçüligiň onuň adaty hadysa hökmünde kabul etmegine goşant goşulýar. Sen deň-duşlaryň bilen bu hakynda näçe köp gürleşseň we başyňdan geçirenleriňi paýlaşsaň, olar hem aýbaşynyň hapa ýa-da eýmenç zat däldigine, tebigy ýagdaýdygyna şonça gowy düşünerler.
Nädip aýbaşydan söz açmaly:
↪ Soňky aýbaşyň dowamynda bolup geçen üýtgeşik ýa-da garaşylmadyk zatlardan gürrüň aç we deň-duşlaryňdan hem olarda şeýle zatlaryň bolup bolmandygy barada sora.
↪ Aýbaşynyň diňe ýakymsyz taraplaryna üns berme, onuň bilen bagly ýakymly bolup geçen zatlary hem beýan et.
↪ Okan makalalaryňy ýa-da öwrenen maglumatlaryňy paýlaş (meselem, org ýaly ygtybarly çeşmelerden).
Mekdepde
Mekdepde hökman tötänden biriniň aýbaşysy başlar – bu saňa deň-duşlaryňa (esasan hem oglanlara) aýbaşy barada öwretmek üçin ajaýyp pursatdyr. Köp medeniýetlerde, şol sanda biziň medeniýetimizde hem oglanlar we aýbaşysy gelmeýän adamlar ýalňyş düşünjeli bolup bilýärler.
Sen ýatgynyň suraty we dürli bölekleriniň atlary ýazlan kagyzy printerden çykardyp, boýdaşlaryň bilen "kim bilmeşek" ýaly oýunlary hem oýnap bilersiň. Şeýle-de, bu tema hakynda mugallymlaryň bilen hem arkaýyn gürleşip bilersiň. Olar sende bar bolan soraglara jogap tapmaga kömek ederler we seniň gizlinligiňi saklarlar.
Iş ýerinde
Iş ýerlerinde köplenç aýbaşy barada gürrüň açylmazlygy mümkindir. Emma, sen aýbaşyny başdan geçirýän islendik adam bilen işleşýän bolsaň, bu tema iru-giç açylar. Iş ýerinde aýbaşynyň adatylaşdyrylmasyna goşant goşmak üçin:
↪ Hajathana gideniňde tamponyňy ýa-da prokladkaňy eliňde rahat sakla (gizleme!).
↪ Eger biri aýal-gyzlar ýa-da aýbaşy barada ýerliksiz ýa-da ýakymsyz gürlejek bolsa, garşy çyk.
↪ Eger işdeşleň biriniň ýerliksiz degişmeler bilen üstünden düşülýän bolsa, oňa tarapdar bol.
Pynhan gatnaşykdaky ýoldaşyň ýanynda
Halaşýan erkek kişiň bolsun ýa-da ýanýoldaşyň, onuň hem aýbaşy halkasynyň nämedigine we onuň seniň durmuşyňdaky ähmiýetine düşünmesi möhümdir. Onuň bilen aýbaşy halkasynyň göwrelilige, jynshana suwuklygyna, deriňe, göwüsleriňe, özüňi duýşuňa, libidoňa nähili täsir edip bilýändigi barada açyk söhbetdeşlik et. Ony islän wagty rahat sorag bermäge çagyr.
Haçanda biri ýerliksiz degşende
Meselem, aýal-gyzlaryň keýpi ýa özüni alyp barşy üýtgese ony aýbaşydan görüp kakdyrýanlara duş gelmek bolýar. Şeýle ýagdaýlar ýüze çykanda:
↪ Gülme ýa-da gözleriňi alartma. Agraslyk bilen kakdyrýanyň ýüzüne seret we hiç hili söz aýtma. Olary seredişiň bilen utandyr we ökündir.
↪ Bilmediksirän bol. "Nämäniň gürrüňini edýärsiň?" "Näme diýjek bolýarsyň, açygrak aýtsan-a." diýip jogap talap et. Olaryň seniň bilen gidişjegi şübhelidir.
- 88 gezek okalan