Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
GÜRLEŞMÄGE ÖRÄN ÖKDE ADAMLARYŇ 4 ENDIGI
Sen haçanda bolsa bir wagt ýakynlaşmak we gürleşmek şeýle aňsat bolýan adama duşupmydyň? Diňe ýönekeý gürrüňdeşligiň üsti bilen, saňa özüňi has akylly we has gyzykly adam ýaly duýdurýan kişä?
Görnükli žurnalist Çarlz Duhig "Superkommunikatorlar: Aragatnaşygyň syrly dilini nädip tapmaly" atly kitabynda ezber gürrüňdeşleriň (kommunikator) esasy häsiýetlerinden söz açýar. Onuň aýtmagyna görä, adamlar bilen netijeli aragatnaşyk etmek üçin belli häsiýetler bilen dogulmak hökman däl (meselem, alçaklyk ýa-da mylakatlylyk). Islendik adam gürrüňdeşlige ökdelemäni öwrenip bilýär – ol esasy 4 ukyby ele almakdan ybarat:
1. Nähili görnüşli gürrüň edýäniňe düşünmek. Gürrüňdeşlikler köplenç 3 görnüşe bölünýär:
↪ Tejribä esaslanýan gürrüňler: Aýdaly, dostuň seniň ýanyňda işinden zeýrenýär. Eger dostuň senden maslahat ýa-da netijä gelmekde kömek sorap başlasa, bu onuň tejribä esaslanýan gürrüň edýändiginiň alamatydyr. Bu görnüşli gürrüňlerde maslahat bermäge taýýar bol.
↪ Emosiýa esaslanýan gürrüňler: Adamlar haçanda meselelerine jogap däl-de, özlerine duýgudaş gözlänlerinde şeýle gürrüňlere baş goşýarlar. Eger-de seniň işi barada zeýrenýän dostuň senden maslahat soraman, diňe öz duýgularyny beýan edýän bolsa ("şu meni ýaman ýadadýar-da" ýa-da "şu günler iş halys başagaý edýär"), onda gowy diňleýjiň roluna geçmek arkaly, oňa duýgudaşlyk bildir.
↪ Sosial gatnaşyklara esaslanýan gürrüňler: Başga adamlar hakynda gürrüň etmek köplenç, meselem, dostuň bilen işdeşleriň arasyndaky wakalar, halaşýan kişiň bilen aragatnaşygyň, ýa-da maşgalaň seniň şahsyýetiňe täsiri barada gürleşmek – bular sosial gatnaşyklara esaslanýar. Bu gürrüňler biziň başgalary nähili görýändigimizi we başgalaryň hem bizi nähili görýändigini ýüze çykarýar. Eger şeýle gürrüňdeşlik geçirýän bolsaň, her adamyň üýtgeşik dünýägaraýşynyň bardygyny ýatda saklap, umumy dil tapmaga synanyş.
2. Gulak asýandyňy "subut etmek". Biri seniň bilen gürleşende diňleýän ýaly görünmegiň ençeme ýoly bar, meselem, gözleriniň içine bakmak ýa-da başyňy çala ýaýkamak. Emma adamy çynyň bilen diňleýändigiňi subut etmek oňa diňlenilýändigini duýdurmagyň iň çalt ýoludyr. Munuň üçin, gürrüňdeşiň aýdan zadyny öz sözleriň bilen täzeden gaýtala. Soňra bolsa, gürrüňdeşiňden onuň aýdanlaryna dogry düşünip düşünmändigiňi sora.
3. Dogry soraglary bermek. Ezber gürrüňdeşleriň beýlekilere garanyňda 10-20 esse köp sorag berýändigini ylmy barlaglar görkezýär. Ol soraglaryň käbiri gürrüňe gyzyklanma bildirýändiňi görkezse ("Onsoň näme boldy?"), käbiri çuň soraglar bolup, adama özüni has hem rahat duýup, içini döküp bilmäge we saňa gürrüňdeşiň bilen emosional derejede baglanyşyk gurmaga mümkinçilik berýär. Bu soraglar köplenç adamlaryň gymmatlyklaryna, ynançlaryna ýa-da başdan geçirmelerine üns çekýär. Çuň soraglary soramagyň hemişe ýa hemmeler bilen ýerlikli bolman bilýändigine düşünmek hem möhümdir. Eger şübhelenseň, diňe "näme üçin?" soragyny bermegi awtor maslahat berýär. Çünki, köp adam öz pikir-düşünjeleri barada gürlemäni gowy görýär.
4. Düşünmegi maksat edinmek. Ökde gürrüňdeş üçin gürrüňiň maksady biriniň göwnünden turmak, birini ynandyrmak ýa-da öz gürlemeli gezegine garaşmak däl-de, başga bir adamyň dünýäni nähili görşüne çyny bilen düşünmek we öz garaýyşlaryny diňe ýeri gelende paýlaşmakdyr. Meselem, işdeşiňe öýüňde dörän stresli ýagdaý barada gaýgyňy bildirseň, köp adamyň "mert bol, düzelip gider" ýaly umumylaşdyrylan we peýdasyz maslahat bermegi ýa-da näme diýjegini bilmän derrew temany üýtgetmegi mümkin. Ökde gürrüňdeş welin, seniň başyňdan geçirýän duýgularyňy kabul edip, saňa özüňi rahat beýan etmäge pursat döreder. Onuň saňa çuň sorag bermegi, soňra bolsa özüniň hem öýdäki çekýän kynçylyklary barada aýdyp bermegi ahmal.
Awtoryň aýtmagyna görä, bu ukyplar saňa başgalar bilen berk baglanyşyklary gurmaga we netijede durmuşyňy has-da baýlaşdyrmaga, oňa many goşmaga kömek edip biler. Adamlaryň haçanda başgalar bilen ýakymly gatnaşyklar guranlarynda we töweregindäkilere berk baglanyşyk duýanlarynda (bular hem netijeli aragatnaşyklaryň üsti bilen gazanylýar) has bagtly, sagdyn we uzyn ömür sürýändiklerini ylmy gözlegler görkezýär.
- 76 gezek okalan