• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • SUW IÇMEK HAKYNDA 5 TOSLAMA

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SUW IÇMEK HAKYNDA 5 TOSLAMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

suw icmek hakynda 5 toslama"Günde 8 stakan suw içmeli". "Kofe suwsadýar". "Köp suw içmek horlanmaga kömek edýär".

Suw we beden suwlulygy barasynda şular ýaly maslahatlary megerem sen hem eşdip görensiň. Wayne State uniwersitetiniň maşk we sport ylymlary professory Tamara Hew-Butler, Jorjiýanyň tehnologiýa institutynyň maşk fiziologiýasy laboratoriýasynyň müdiri Mindy Millard-Stafford hem-de Kaliforniýanyň tehnologiýa institutynda biologiýa professory Yuki Oka beden suwlulygyny ylmy taýdan düşündirip, suw içmek barada giňden ýaýran 5 toslamany paş edýärler.

Toslama #1: Uly adamlar günde azyndan 8 stakan suw içmeli

Bu düşünjäniň dogrudygyny henize çenli tassyklap bilen ylmy barlag ýok. Professor Hew-Butleriň aýtmagyna görä, biziň anyk bilýänlerimiz şular: Suw bedenimiz üçin örän möhüm element. Suw biziň öýjüklerimiziň we ganymyzyň agramly bölegini düzýär, peşew arkaly bedenimizi galyndylardan arassalaýar, derlemek arkaly bolsa bedenimizi sowadýar. Eger-de suwumyz az bolsa, öýjüklerimiz suwsuzlykdan ýygrylýarlar. Eger aşa köp suw içsek, öýjüklerimiz giponatriýemiýadan çişip bilýärler.

Onda günde näçeräk suw içmelikäk? Hew-Butler munuň beden agramymyza, hereketlilik derejämize, howanyň temperaturasyna we näçeräk derleýändigimize baglydygyny aýdýar. Bu sebäpden, her adamyň günde nähili möçberde suw kabul etmelidigi barada kesgitli düzgün-kada ýokdur. Iň gowy maslahat öz bedeniňi ünsli diňlemekdir. Eger suwsamaýan bolsaň, özüňe zor salyp suw içmek hökman däl.

Emma welin, birnäçe kadadan çykmalar hem bar. Käbir ylmy barlaglar gartaşan adamlarda suwsuzlyk duýgurlygynyň we beden suwlulygynyň pes bolup bilýändigini görkezýär – şonuň üçin-de olarda bedende suw kemçiliginiň döreme töwekgelçiligi ýokary bolýar. Şeýle-de, böwrek keselleri, böwrek daşlary we peşew ýollarynyň ýokançlyklary ýaly saglyk bozulmalary dörände köp suw içmek peýdaly bolup bilýär.

Toslama #2: Kofein beden suwuny azaldýar

Köp adamlar kofe ýa-da çaý ýaly düzüminde kofein saklaýan içgileriň buşukdyryjy täsiriniň bardygyna we köp buşukdyryp, beden suwuny azaldýandygyna ynanýarlar. Emma welin, birnäçe ylmy barlaglaryň netijelerine görä, haçanda kofeinli içgiler çägi bilen kabul edilende, kofeinsiz içgileriňki bilen deň derejede suwsuzlygyňy gandyrýarlar. Düzüminde ýokary mukdarda alkogol saklaýan içgilerden daşary, ähli içgiler bedene suw üpjün edýärler. Şol sanda, iýmitler we naharlar hem düzüminde belli bir derejede suw saklap, gündelik kabul edýän suwuklyklarymyzyň takmynan 20%-ini düzýärler.

Toslama #3 Duz we elektrolit üpjünçiligi üçin sport içgilerini içmeli

Fiziki taýdan işjeň wagtlaryňda, meselem derlediji maşk edeniňde, bedeniň ýitirýän duzunyň we elektrolit diýlip tanalýan minerallarynyň (natriý, kalsiý, kaliý we baş.) ornuny sport içgilerini içmek arkaly doldurmalydygyny aýdýanlar hem seýrek duşmaýar.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, eger-de sen bir sagatdan köp sport edýän bolsaň, onda derläp çykarýan duzuň we suwuň öwezini dolmaly bolup bilersiň, emma munuň ýeketäk ýoly sport içgilerini içmek däldir. Sport içgileri bedeniň duzuny kadaly derejä getirmegiň bir ýoly bolup biler, emma sen ol duzy iýmitlerden we beýleki içgilerden hem alyp bilersiň. Munda hem edil suwsuwlykdaky ýaly, bedeniňi diňleseň ol saňa nämäniň ýetmeýändigini aýdar. Adam beýnisiniň diňe bir suwa däl, eýsem duza we minerallara bolan mätäçligi hem duýdurmaga ukyplydygyny professor Oka ýatladýar. Beýniň bedeniňde nämäniň azalýandygyna gözegçilik edýär we şoňa görä-de sende belli zatlary iýmäge ýa içmäge isleg döredýär.

Toslama #4 Köp suw içmek horlanmaga kömek edýär

Nahardan öň suw içmegiň aşgazanyňy dolduryp, az nahar iýmäge iterýändigi barada giňden ýaýran düşünje bar. Bu ugurda irki geçirilen barlaglar hem garyşyk netijeleri görkezdiler. Soňky barlaglar welin, diňe berhiziň bir bölegi hökmünde we şekerli içgilere derek suwy köp içmegiň käbir adamlara horlanmaga ýardam edip bilýändigini görkezip, bu täriň umumy ilat üçin netijelidigi barada ýeterlik subutnamanyň ýokdugyny tassyklaýarlar.

Toslama #5: Goýy reňkli peşew beden suwsuzlygyny alamatlandyrýar

Natriý we beýleki minerallar peşewe goýy reňki berýärler. Emma, bu adamyň beden suwsuzlygyny ölçemegiň iň takyk usuly däldir.

Diňe peşewiň reňkiniň goýy sary bolmagy seniň suwsuzdygyňy aňlatmaýar. Bu seniň ganyňdaky natriýniň mukdaryny kadaly saklamak üçin böwrekleriň köp suw bölüp çykarmaýandygyny aňladýar. Suwsuzlygyňy takyk ölçemek üçin gandaky natriýniň derejesine seretmek has dogry bolar.

Emma welin, eger sen bedeniň suwsaýandygy baradaky duýduryşlaryna gowy üns berip bilmeýän bolsaň, käbir hünärmenler peşewiň reňkini dury ýa-da açyk sary saklamak üçin ýeterlik suw içmegi maslahat berýärler – we muny beden suwlulygyny kesgitlemegiň ýönekeý usuly hasaplaýarlar.

Suw içmekde hem, başga köp zatlar ýaly, iň esasy zat öz çakyňy bilmek we saklamakdyr.

Çeşme

  • 199 gezek okalan