• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • MIKROPLASTIKLERIŇ MAKRO-ZYÝANLARY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MIKROPLASTIKLERIŇ MAKRO-ZYÝANLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

mikroplastiklerin makro zyyanlaryPlastikleriň düzüminde azyndan 16000 himikatlar bolup, olaryň 80%-den köpüsiniň zäherlilik derejesi hiç haçan ölçenilmedi.

20-nji asyryň ortalaryndan häzire çenli dünýäde 8-10 milliard tonna plastik öndürildi we olaryň 75% golaýy heniz hem daşky gurşawymyzda gezip ýör.

Mikroplastikler adamlaryň öýjüklerine hem düşüp bilýärler.

Ulanmaga amatly we elýeter bahalydygy sebäpli, plastikler biziň döwrebap durmuşymyzyň möhüm binýatlaryna öwrüldiler – oýunjaklardan başlap eşiklere, gap-gaçlara, mebellere, elektronikalara we çaga pamperslerine çenli, olar ähli zatlarda ulanylýar diýsek ýalňyşmarys. Olaryň sada gurluşy (müňlerçe himikat bilen birleşdirip bolýan polimeriýa matriksi) olary gutarnyksyz derejede üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Ýagny, polimeriýa goşulýan her dürli himikat plastiklere her dürli aýratynlyk berýär, meselem reňk, çeýelik, durnuklylyk, suw geçirmeýjilik we ş.m.

Mikroplastikler – uly plastiki bölekleriň ownujak tozgalary bolup, planetanyň çar künjegine ýaýradylar. Olaryň baryp ýeten ýerleri daglaryň depeleridir deňizler bilen çäklenmän, adamyň organlaryny (ýumurtgalyklar, göwüsler, ýürek, ýogyn içege) hem öz içine alýar.

Adam saglygyna täsiri

Mikroplastikler adamda iki ýol bilen kesel döredip bilýärler. Birinjisi, zäherli himikatlary bölüp çykarmak arkaly. Ikinjisi hem, adamyň öýjüklerine düşüp, öýjükleriň işini bozmak arkaly. 2024-nji ýylyň martynda New England lukmançylyk žurnalynda çap edilen ylmy barlagyň netijelerine görä, beýnä gan üpjün edýän damarlarynda mikroplastik tapylan adamlaryň infarkt, insult we ölme ähtimallygy 450% artýar. Mikroplastikleriň beýleki täsirleri, meselem olaryň öýken we ýogyn içege raklarynyň döremeginde roly hem-de olaryň adamyň önelgelik, iýmit siňdiriş we dem alyş saglygyna täsiri heniz hem öwrenilip ýör.

Nähili çözgütler bar

Planetamyzda plastik agdyklygy meselesiniň bardygyna köp adam düşünse-de, bu meseläniň nähili gaýragoýulmasyzdygyna düşünýänler gynansak-da örän az. 2040-njy ýyla çenli plastik önümçiliginiň iki esse, 2060-njy ýyla çenli bolsa üç esse köpelmegine garaşylýar.

Ondan beteri hem, plastigi gaýtadan işlemek netijeli çözgüt däl – plastigiň diňe 10%-i gaýtadan işlenilýär we 90%-i ýa-ha zibil dökülýän ýerlere taşlanylýar ýa-da ýakylýar ýa-da gämilere ýüklenilip ösüp barýan ýurtlara ugradylýar.

Plastikleri doly gadagan etmek hem mümkin däl, çünki plastikleriň köpüsi adamlar üçin zerur bolan önümleri ýasamakda ulanylýar we häzire çenli bularyň ýerini tutup biljek başga göwnejaý serişde ýok.

Ýüzden gowrak döwlet bileleşip, BMG-nyň Global plastik ylalaşygyny döretmek we plastikleriň önümçiligini çäklendirmek hem-de plastiklerdäki zäherli himikatlary azaltmak isleýärler. Emma, Russiýa we Saud Arabystan ýaly ykdysadyýeti nebit-gaz önümçiligine bagly ýurtlar öz bähbitlerini arap, bu ylalaşyga garşy çykýarlar.

Zibili hazyna öwürmek

Plastik zyňyndylarynyň zyýanly täsirlerini azaltmak maksady bilen, ylmy barlagçylar we alymlar dünýäniň dürli ýerlerinde dürli jemgyýetler bilen hyzmatdaşlykda durnukly çözgütleri agtarýarlar. Guatemalanyň obalarynda professor Lisa Tompson öz topary bilen sabyn ýasamak sapaklaryny hödürlemek we köpçülik bolup daş-töweregi arassalamak işlerini alyp barmak arkaly plastik zyňyndylaryň ýakylmasyny (zäherli gazlar bölüp çykarylýar) azaltmaga kömek etdi. Bularyň netijesinde daşky gurşaw arassalanyp, adamlaryň aň-düşünjesiniň üýtgemegi we zibil zyňmazlyga çagyrýan bellikleriň dikilmegi gazanyldy.

Kenýada hem professor Desiree LaBeaud öz topary bilen ýerli ýaşaýjylara kesel göteriji çybynlaryň köpelmegine sebäp bolýan plastik zyňylýan ýerleri arassalamaga kömekleşdi. Ýygnalan plastik gaplaryň bir bölegi bag ekmek üçin ulanylsa, beýleki bölegi gaýtadan işlenilmäge tabşyryldy. Bu "zibili hazyna öwürmek" atly başlangyç plastik zyňyndylary, çybynlary we şol sanda olaryň göterýän kesellerini azaltdy.

Her jemgyýetiň özüne laýyk çözgütleri gözlemeginden ötri hem, professor LaBeaud lukmançylykda plastiki serişdeleriň az ulanylmagyny we durnukly çözgütleriň gözlenilmegini öňe sürýär.

Çeşme

  • 191 gezek okalan