• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • EMELI INTELLEKT HAKYKY PSIHOTERAPEWTLERIŇ ORNUNY TUTUP BILERMI?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

EMELI INTELLEKT HAKYKY PSIHOTERAPEWTLERIŇ ORNUNY TUTUP BILERMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

emeli intellekt hakyky psihoterapewtSoňky ýyllarda emeli intellekt (EI) ulgamlary özlerini adam psihoterapewtleri, şepagat uýalary we başga dürli saglyk professionallary hökmünde görkezip başladylar – we häzire çenli bu ulgamlary ýöredýän kompaniýalar çynlakaý jogapkärçilige çekilmediler.

Köp adam eýýäm psihiki goldaw almak üçin EI çatbotlaryna ýüz tutýarlar. Şol bir wagtda hem, ulanyjylaryň köpüsi, esasan-da sanly sowatlylygy pes adamlar we çagalar çatbotlary hakyky adamdan tapawutlandyrmakda kynçylyk çekip bilerler.

EI psihoterapewtleriniň howplary we peýdalary

Adamlar uzak ýyllardan bäri psihiki terapiýa üçin çatbotlary ulanyp gelýärler. Adam söhbetdeşine meňzeýän ilkinji çatbot Eliza 1966 ýylda döredildi we ol psihoterapewt ýaly gürlemäge türgenleşdirildi. Eger Eliza gaharyň gelýändigini aýtsaň, ol "näme üçin gaharyň gelýändir öýdýärsiň?" diýip jogap berýärdi.

Ondan bäri çatbotlar has özgerdi we ösdi. Indi olar diňe bir seniň aýdanlaryňy soraga öwrüp bermeýärler, eýsem olar düşnükli gürrüňdeşlikleri geçirmäge hem ukyply. 2023-nji ýylda çap edilen bir ylmy barlag çatbotlaryň pes we orta derejeli depressiýany we ynjalyksyzlygy bejermekde pozitiw geljeginiň bardygyny görkezdi. Olar uzagyndan adam psihoterapewtleriniň gymmat ýa-da ýok ýerlerindäki köp adamlara psihiki saglyk goldawyny almaga mümkinçilik döredip biler. Şeýle-de, öz emosional meseleleri barada başga bir adam bilen ýüzbe-ýüz gürleşip bilmeýän adamlar üçin hem bot bilen gürleşmek has oňaýly bolup biler.

Emma welin, EI-leriň salýan howplary hem az däl. Meselem, çatbotlar ulanyjylaryň maglumatlarynyň gizlinligini üpjün etmekde professional psihoterapewtler bilen birmeňzeş kada-kanunlara boýun egmeýärler. Ýene bir töwekgelçilikli tarapy hem, EI ulgamlary aýallara, garaýagyz reňkli adamlara, LGBTQ adamlara we kiçi dini toparlara garşy nädogry düşünjeleri saklaýarlar.

Galyberse-de, uzak wagtlap çatbota arkalanýan adamyň hakyky adamlar bilen gürrüňleşmek ukyplarynyň ýoýulma ähtimallygy köp ekspertleri aladalandyrýar. Hatda OpenAI EI ulgamynyň özi hem EI bilen gürleşmegiň emosional garaşlylygy (ähli emosional zerurlyklaryňy başga biriniň kanagatlandyrmagyna garaşmak) döredip biljegi hakda duýdurýar.

Iň gaýgylandyryjy ýeri bolsa, çatbotlar ýerliksiz maslahat bermek arkaly ulanyjylara zyýan berip bilerler. Iň erbet ýagdaýlarda bu adamyň öz janyna kast etmegine hem getirip biler. 2023-nji ýylda belgiýaly bir adam Chai atly EI çatboty bilen gürleşeninden soňra janyna kast etdi. Onuň aýalynyň aýtmagyna görä, ol adamy klimatyň üýtgemegi çuňňur aladalandyrýan ekeni we ol çatbotdan planetany halas etmegiň hatyrasyna özüni pida etmek pikiri barada sorapdyr. 2024-nji ýylda hem, Character AI ulgamyny özüne syrdaş edinen 14 ýaşly oglan çatbot bilen söhbetdeşlikleriniň netijesinde özüni heläkledi.

Çäre görülýärmi?

Character AI ýaly meşhur çatbot hyzmatlary ulanyjylara psihologa meňzeýän keşp bilen gürleşmäge mümkinçilik berip, olary aldawa salmaklary mümkin. Character AI özüniň hakyky adam däldigini we faktlar hem-de maslahatlar üçin oňa bil baglamaly däldigini duýdurýar. Emma, diňe duýduryşyň özi söhbetdeşligiň dowamynda çatbotyň özüni hakyky adama meňzetmesiniň öňüni alyp bilmeýär.

Amerikanyň Kaliforniýa ştaty hakyky saglyk professionallary hökmünde çykyş edýän EI ulgamlaryny döretmegi we ýaýratmagy gadagan edýän kanuny kabul etmegi göz öňünde tutýar. Eger bu kanun kabul edilse, ol diňe bir ýurduň beýleki ştatlaryna däl, hatda beýleki ýurtlara hem şeýle çäreleri durmuşa geçirmekde görelde bolup, bütin dünýäde EI-niň saglygy goraýyş ulgamlarynda oýnajak roluna täsir eder.

"Şepagat uýalary hökmünde, biz syrkawyň saglygy goraýyş ulgamy bilen aragatnaşygynyň ýüzi we ýüregi bolmagyň nähili jogapkärçilikdigine gowy düşünýäris. Biz bilimimiziň we ýyllarboýy toplan tejribelerimiziň üsti bilen, syrkawlaryň hem gep-sözünden hem sözsüz yşaratlaryndan nähili many çykarmalydygyny we syrkawa iň laýyk hyzmaty nädip saýlamalydygyny öwrendik." diýip, SEIU 121RN şepagat uýalary birleşiginiň prezidenti Leo Perez belleýär.

Çeşme

  • 140 gezek okalan