Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
LUKMANYŇ ÖZ KÄRINIŇ USSADYDYGYNY GÖRKEZÝÄN 6 ALAMAT
"Pylan lukman gowy leçeniýalar ýazyp berýär, hökman şoňa görün"; "Bütin maşgalamyzy diňe pylan doktora ynanýarys"; "Onuň gapysy hemişe adamdan doly, ol örän ökde"; "Pylan doktor meni gowy bejerdi, senem bejerer" ýaly maslahatlardyr teswirler jemgyýetimizde hiç kime nätanyş däl bolsa gerek. Biz köplenç lukman gözlänimizde diňe başgalaryň salgylanmalaryna bil baglaýarys. Emma, bir lukmanyň diňe bir öz işine ökde däl, eýsem saňa iň laýyk lukmandygyny anyklamak üçin başgalaryň pikirleri ýeterlikmikä? Elbetde, ýeterlik däl. Lukmanyň öz käriniň ussadydygyny görkezýän başga-da 6 alamat bar.
1. Gowy lukmanlar pasiýentler bilen ýakymly hem netijeli aragatnaşyk edýärler. Olar pasiýentleriniň dertlerini ähli ünslerini jemläp diňleýärler we özleri diýjek zatlaryny pasiýente laýyk we düşnükli dilde beýan etmegi başarýarlar. Olar örän dogruçyl bolup, sowuk-salalyk etmän, ýagdaýlaryň agyr pursatlarynda hem duýgudaşlyk bildirip, umyt bermäge çalyşýarlar. Şeýle-de olar pasiýentlerini saglyklaryny berkitmäge höweslendirýärler.
2. Ezber lukmanlar tertipli we aň-düşünjeli bolýarlar. Üşükli we tertip-düzgünli bolman, aňsat-aňsat lukmançylyk hünärini ele alyp bolmaýar. Gowy lukman pasiýentleriniň gerekli barlaglardan wagtynda geçmegi, ähli soraglarynyň jogaplanylmagy we indiki ätmeli ädimlerini anyk bilmegi üçin elinden gelenini edýär. Ol barlaglardan soňra pasiýentden habar tutup, netijeleri barada gürleşýär.
3. Ussat lukmanlaryň pasiýentleri özleri barada çyn ýürekden alada edilýändigini duýýarlar. Pasiýenti köplenç lukmanyň ýokary okuw jaýynda alan bahalary ýa-da hormat hatlary gyzyklandyrmaýar – ol ähli zatdan öňürti özüniň ynamdar ellerdedigini duýmak isleýär. Ussat lukman pasiýente hormat-sylag, adamkärçilik we duýgudaşlyk bilen çemeleşip, oňa ähli arz-şikaýatlaryny rahat beýan etmäge şert döredýär. Çünki olar pasiýentiň diňe bir dertlerden we dermanlardan düzülen sanaw däldigine düşünýärler.
4. Başarjaň lukmanlar bilesigeliji bolýarlar. Gowy lukmanlar dogry diagnoz goýmak üçin bilesigelijiliklerini ulanýarlar. Hatda gerek bolsa, goşmaça resurslardan hem peýdalanýarlar – meselem, kärdeşleri bilen maslahatlaşmak ýa-da gyssanman pasiýentiň taryhy barada jikme-jik maglumatlary ýygnamak. Beýle çemeleşeme ýalňyş diagnoz goýmagyň öňüni almak üçin örän möhümdir.
5. Gowy lukmanlar gowy hyzmatdaşlyk edýärler. Saglygy goraýyş ulgamynyň özi talap etmese ýa-da pasiýentiň özi duýdurmasa, şol bir pasiýente hyzmat berýän iki lukman biri-biriniň edýän işinden habarsyz bolup bilýärler. Gowy lukman bolsa, pasiýentiň hassahana gelendigi barada onuň maşgala lukmanyna habar berýär. Şeýle edilende, pasiýent hassahanadan çykanyndan soňra maşgala lukmany ondan özwagtynda habar tutup bilýär. Ýa-da bolmasa, ussat hünärmen lukman hem diagnoz ýa-da bejergi berende pasiýentiň maşgala lukmany bilen habarlaşýar.
6. Gowy lukmanlar pasiýentleriniň hukuklarynyň goralmagyny we islegleriniň kanagatlandyrylmagyny ilkinji orunda goýýarlar. Ussat lukman hemişe pasiýentleriniň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin göreşýär. Pasiýente gerekli dermanlaryny ýa-da saglyk hyzmatlaryny almaga kömek etmek bolsun ýa-da iň ýakyn wagtda başga hünärmene görünmek üçin ýer tapyp bermek, gowy lukmanlar pasiýentleriniň saglygyny goramak we dikeltmek üçin ellerinden gelenini etmäge taýýar bolýarlar.
Bize derdimiziň dogry dermanyny tapmak üçin dogry lukmany ýalňyşyndan saýgaryp bilmegiň nähili möhüm bolşy ýaly, lukmanlara hem özlerinden haraý isläp barýan pasiýentlere iň göwnejaý we iň netijeli kömek edip bilmek hem-de işlerinden has köp lezzet we many alyp bilmekleri üçin bu ukyplary ösdürmek deň derejede möhümdir.
- 162 gezek okalan