• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • AŞA GAÝTADAN IŞLENILEN IÝMITLERIŇ TEBIGY IÝMITLER BILEN DÄL-DE, ÇILIMLER BILEN MEŇZEŞLIKLERI HAS KÄN

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AŞA GAÝTADAN IŞLENILEN IÝMITLERIŇ TEBIGY IÝMITLER BILEN DÄL-DE, ÇILIMLER BILEN MEŇZEŞLIKLERI HAS KÄN

  • Lukman
1 1 1 1 1

asa gaytadan islenilen iymitlerin cilimler bilen menzesligiAşa gaýtadan işlenilen iýmitleriň (iň: ultra-processed foods) özüne bagly ediji we köp iýdiriji häsiýetleriniň ýokarydygy sebäli, ylmy barlagçylar olaryň edil temmäki önümleri ýaly düzgünleşdirilmelidigini aýdýarlar.

Aşa gaýtadan işlenilen iýmitler bütin dünýäde giňden ýaýran iýmit önümleri bolup, olar köplenç emulgatorlaryň, emeli reňkleriň we tagam berijileriň ulanylmagy bilen senagatlarda öndürilýär. Bu önümleriň içine şekerli içgiler we çipsiler hem-de kökeler ýaly, gaplanan garbanalgalar girýär. Garward, Duke we Miçigan uniwersitetleriniň ylmy barlagçylarynyň bilelikde ýakynda çap eden barlagyna görä, aşa gaýtadan işlenilýän iýmitleriň we temmäki önümleriniň öndürilişinde meňzeşlikler bar. Ýagny, aşa gaýtadan işlenilen iýmitleriň örän az gaýtadan işlenilen ýa-da tebigy gök-önümler bilen deňeşdireniňde, çilimlere meňzeýän ýerleri has kän. Çilimleriň hem, aşa gaýtadan işlenilýän iýmitleriň hem öndürijileri olaryň her bir "dozasynyň" adama iň köp mukdarda lezzet berip bilmesi üçin tagalla baryny edýärler.

Önümleriň daşynda görkezilýän "az ýagly", "şekersiz" ýaly marketing ýazgylary hem köplenç önümiň ençeme zyýanly düzümini gizleýän we müşderileri özüni çekmek üçin oýlanyp tapylan taktikalar bolup, 1950-nji ýyllarda çilim filtrleriniň temmäkiniň zyýanlaryndan "goraýjy innowasiýa" hökmünde mahabatlandyrylyşyna meňzeýär we olaryň düzgünleşdirilmesini haýalladyp bilýär. Barlagyň awtorlarynyň aýtmagyna görä, aşa gaýtadan işlenilen iýmitleriň hem adamlary özlerine baglaýjylyk häsiýeti edil neşe serişdeleriniňkä meňzeýär, "biz köplenç adamlaryň özlerini günäkärleýäris we ‘azrak iç’ ýa-da ‘azrak çilim çek’ diýip maslahat bermegi ýeterlik hasaplaýarys, emma bu önümleriň uly senagatlar tarapyndan ýörite adamlary özüne maýyl etmek üçin işlenilip taýýarlanylýandygyny unudýarys."

Çilimden tapawutlylykda, iýmitiň adamyň diri galmasy üçin möhüm önümdigi sebäpli onuň düzgünleşdirilmesi has-da wajypdyr. Çünki adamlar çilimden ýüz öwrüp ýaşap bilerler, emma iýmitden ýüz öwrüp ýaşap bilmezler. Hut şunuň üçin hem, barlagyň awtorlary iýmit senagatyna temmäki senagaty ýaly çemeleşilmelidigini ündeýärler (kanun taýdan düzgünleşdirmek, mahabatlary gadagan etmek, önümleriň satylyşyny üýtgetmek). Biz adamlary agyzlaryna erk edip bilmeýändigi üçin günäkärlemäni bes edip, iýmit senagatlaryny öz döreden saglyk krisizleri üçin jogapkärçilige çekip başlamaly.

Ýatlatsak, Türkmenistanda hem aşa gaýtadan işlenilýän iýmitleriňdir içgileriň önümçiligidir marketingi artmasa azalmaýar. Bu hem ýurtda ulalyp barýan çagalaryň semizligi (her 10 çagadan biri) we ulularyň semizligi (ilatyň 50%-i) meselesine öz goşandyny goşýar.

Esasan hem pes we orta-girdejili ýurtlarda ýokanç däl keselleriň köpelýändigi üçin, bu keselleriň hem öňüni almak boýunça dessin çäreler görülmese, saglyk ulgamlarynyň agyr ýagdaýa düşjekdigini awtorlar ýatladýarlar.

  • 30 gezek okalan