Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ÖT HALTADAKY DAŞLARY HÖKMAN BEJERMELIMI?
Köp kişi öt haltasynda daşyň ýygnanandygyny öwrenen badyna ony haýal etmän bejermelidir öýdýär, emma muňa hemişe zerurlyk ýokdur.
Öt halta daşlary maýda we gaty çökündiler bolup, adatça holesterinden ýa-da bilirubinden (gyzyl gan öýjükleriniň bölünmegi netijesinde emele gelýän galyndy) düzülýärler. Öt haltada ýaglary siňdirmäge kömek edýän öt (ýa-da "öt kislotasy") saklanýar. Köp adamda "sessiz öt halta daşlary" bolup, olar hiç haçan bimaza etmeýär we başga sebäpler üçin geçirilýän barlaglarda üsti açylýança bardygy hem bilinmeýär. Bu görnüşli daşlar bejergi talap etmeýär.
Emma, haçanda daşlar ödüň ýoluny petikläp başlasa, bimaza ediji alamatlar ýüze çykýar: garnyň ýokarky sag tarapynda agyrylar, gyzzyrma, ýürek bulanma hem-de gaýtarma. Bu ýagdaý öz-özünden gowulaşyp hem gidip bilýär, emma käte öt haltasynyň ýa-da aşgazanasty mäziň alawlamasyna ýazyp ýa-da bolmasa beýleki gaýraüzülmelere eltip bilýär.
Bimaza edýän öt halta daşlarynyň bejergisi bolsa onuň alamatlaryna baglylykda bellenilýär. Uly meseleler döremeýän ýagdaýynda, lukman biraz garaşmagy we gözegçilikde saklamagy laýyk görüp biler. Emma, alamatlar yzygiderli we ýiti agyrylary we beýleki saglyk bozulmalaryny öz içine alýan bolsa, onda öt haltany operasiýa arkaly aýyrmak köplenç iň netijeli çözgüt hasaplanylýar.
DEGIŞLI MAKALA:
- 10 gezek okalan