• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • DERMANLAR HEMIŞE PEÝDALYMYKA?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DERMANLAR HEMIŞE PEÝDALYMYKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.92 (13 Ses)

Adamzat bireýýämden bäri derman serişdeleriň "guluna" öwrüldi. Siz  geň galýarsyňyzmy?! Biz öz gündelik aladalarymyza gümra bolup, öz bedenimiziň ýagdaýyna üns bermegi ýatdan çykarýarys ýa-da oňa  wagt hem tapmaýarys.

Derman gerdejigi ýa-da sanjymy bilen az wagtyň içinde öz saglygymyzy dikeltmäge çalyşýarys. Başga birleri bolsa, tersine, öz bar ünsüni we wagtyny saglygyna bagyş edip, şol maksadyň ugrunda islendik dermany kabul etmäge taýyn bolýarlar.

Säher çaglary maşklary ýerine ýetirmäge, agşamlaryna bolsa ukusyzlyk kösemez ýaly gezelenç etmäge ýaltanýarys. Owadan gutujyklarda dürli-dürli witaminler, iýmit goşundylary satylýarka, ýaramaz iýmitlenmeden saklanyp, peýdaly tagamlary taýynlama nämä gerek?

Hemme kynçylyklaryň "halasgäri" bolan gerdejigi öý dermanhanamyzdan çykaryp kabul edip bolýarka, zähmet çekme, pikirlenme, alada galma  gerekmikä?

Dermanlar bizi kellagyrydan we ukusyzlykdan, ýaramaz iýmitlenme sebäpli aşgazanda dörän "ýanma" duýgusyndan, artykmaç agramlylykdan, bokurdakdaky agyrydan basym dynmaga kömek eder ahyryn.

Telewizoryň ekranyndan mahabatlandyrylýan derman serişdeleriniň jadyly güýjüne  ynanyp, näderejede ýalňyşýanlygymyz barada pikir etme kellämize hem gelenok.

Alyjylara hödür edilýän hemme dermanlaryň bejergi häsiýete eýe däldigini bilýärsiňizmi?

Azyk önümleriň we dermanlaryň hiline gözegçilik edýän amerikan guramasynyň seljermesine görä, 1981-1988-nji ýyllar aralygy ABŞ-da öndürillen 348 täze derman serişdeleriniň diňe 3%-i häzirki zaman farmasewtiki senagatynyň ösüşine öz peýdaly goşandyny goşmaga ýaramly boldy.

Täze dermanlaryň umumy sanynyň 13%-i adam saglygyny goramakda az goşandyny goşup, wagtyň geçmegi bilen derman bazarynda ýitip giden bolsa, galan 84%-i asla derman serişdesi höküminde hiç hili peýda getirmedi.

Elbetde, bu serişdeleriň farmasewtiki kompaniýalary baýatmak üçin öndürilýändigi aýan zatdyr.

"Proof  Britan" žurnalynda çap edilen "Lukmanlar size näme barada aýtmaýarlar" atly makalasynda öndürilýän dermanlaryň 80%-iň howpsuzlygynyň subut edilen däldigi bellenilýär. Bu maglumat pikirlenmäge esas döredýändir.

Alymlaryň geçiren barlaglarynyň görkezişi ýaly, derman serişdeleri her ýyl 100 müň adamyny ölüm ýagdaýyna getirýän bolsa, 2 mln adamy agyr kesellere sezewar edip bilýändir. Bu ýagdaý ylymda derman keseli adyny aldy.

Ylmy barlaglaryň görkezişi ýaly, ýüze çykan ýagdaýlaryň ýarysyndan gowragynda, dermanlaryň ýaramaz täsirleri olaryň uly mukdarynyň ulanylýanlygy sebäpli ýüze çykdy. Bu bolsa lukmanlaryň ýalňyşlyklaryna degişli edilýändir.

Köp halatlarda, näsaglaryň köpüsi lukmanlary özünde dermanlara  bar bolan allergiki täsirlilik ýagdaýy barada habardar etmeýärler, şol sebäpli hem köp derman serişdeleri näsagyň oňa bolan duýgurlylygy kesgitlenmezden bellenilýär.

Lukmanlar näsag maslahata gelenden derman serişdelerini ýazmaga howlugýarlar.

Biziň düşünjämiz boýunça lukman elimize dermannamalary ýazyp bermese, biziň ondan garaşýan tamamyz kanagatlandyrylmadyk ýaly bolup dörünýär.

Biz özümizi biynjalyk edýän alamatlaryň sebäbini bilip aradan aýyrmaga ymtylmaýarys. Lukmanlaryň bolsa köplenç ol maglumatlary  takyk  anyklamaga wagty hem bolmaýar...

Meselem, ukusyzlyk sebäpli ýüz tutýan näsaglaryň köpüsine lukmanlar ukladýan serişdeleri belleseler hem, onuň ýaly ýagdaýyň sebäbiniň gije kabul edilen kofe, içilen çaý, stress ýagdaýy, gündizki uky ýa-da fiziki işjeňligiň ýetmezçiligindendigini  unudyp, şol faktorlary aradan aýyrmagy maslahat bermeýärler.

Alkogol içgileri kabul etmek, çilimkeşlik, kofe içgisine höwesek bolmak, kadasyz we peýdaly bolmadyk iýmitlenme, stress ýagdaýlary, ýaşaýyş tertibiniň tertipsizligi, ýeterlik ukyňy almazlyk, fiziki işjeňliginiň ýetmezçiligi ýaly esasy faktorlar göz öňüne tutulanda, agyrsyzlandyryjy, ukladyjy, iýmit siňdiriş ulgamy kadalaşdyryjy dermanlaryň uzak kabul edilmeginiň öňüni almaga kömek ederdi.

Toronto we Garward uniwersitetiniň barlagçylary derman bellemeleriň basgançakly ahwalatyny açdylar. Onuň düýp manysy, adamyň kabul edýän derman serişdeleriniň ýaramaz täsiriniň lukman tarapyndan başga bir keseliň alamaty höküminde kabul edilip, täze bejergi serişdesini bellemekden ybaratdyr. Ol bellenen serişdäniň ýaramaz täsiri bolsa ýene başga bejeriş çäreleri bellemäge lukmany mejbur edýär. Meselem, ruhy gamgynlylyga garşy ýa-da allergiki täsirlilige    garşy serişdeler içegeleriň işini togtatsa, bu ýagdaý lukmany iç sürüji dermanlary bellemäge mejbur edýär.

Ýürek myşsasyna täsir edýän (kardiotrop) serişdeleri Parkinsonyň keseliniň alamatlaryna mahsus alamatlary döredip, bu ýagdaý lukmanda parkinsonizm keselini bejermek üçin serişdeleri bellemäge esas döredýär.

Derman keseliniň döremeginiň esasy sebäbi, derman serişdeleri hökmünde güýçli himiki maddalaryň ulanylmagy we olaryň peýdaly bejeriş mukdary bilen zyýanly mukdarynyň arasynda tapawudy kesgitlemegiň kynlygydyr. Sebäbi ol aratapawut gaty çäksiz bolup bilýändir.

Her derman serişdesiniň belli bir ýaramaz täsiriniň ony ulanmaga garşy görkezmelerini düzüp bilýändigini ýatdan çykarmaly däldir.

Göräýmäge iň howpsuz derman serişdesi hem howply bolup biler. Meselem, aspiriniň ulanylmagy ganakmalara töwekgelçiligi bolan ýa-da aşgazanyň we içegäniň baş keselinden ejir çekýänler üçin örän howply bolup biler. Aspirin demgysmaly näsaglarda tutgaýlaryň başlanmagynyň sebäbi bolsa, çagalarda howply bolan Reanyň alamatlar toplumyny dörediji  serişdä öwrülip biler.

Derman keseliniň döremeginiň ýene bir sebäbi, dermanlaryň biri-biri bilen utgaşmazlyk ýagdaýynyň döräp bilmegidir. Dürli serişdeler biri-biri bilen täsir edişme netijesinde, öz peýdaly häsiýetlerini üýtgedip, ýaramaz täsirlilik berip bilerler.

Keselhanalarda näsaglara 5-10, käwagt 15-20 derman serişdesiniň bellenilmegi olaryň utgaşmazlyk ýagdaýyny döredip biljekdiginden güwä geçýär.

Dogrusyny dogry aýtmaly, biziň özümiz hem lukmanlara maslahat salmazdan, öz-özümize bejergi bermäge çalyşýarys. Dostumyza, goňşymyza kömek eden dermanyň bize hem melhem boljakdygyna ynanýarys.

Wiruslar bilen dörän dümew keselinde antibiotikleri kadasyz kabul edip (bejergi tapgyry gaty gysga ýa-da juda uzak ýa-da esassyz) içegäniň disbakteriozy, olara dörän durnuklylyk ýagdaýyny, ganyň düzüminiň üýtgemegini özümize "peşgeş" alýarys.

Witamin toplumyny saklaýan gerdejikleri kabul edip, allergiki täsirliligi gazanýarys. Hakykatdan bolsa, witaminleriň utgaşmasynyň peýdaly düzümini saklaýan serişdeleriň azdygyny, häzirki wagtda düzüminde 12 esasy witaminleri (A, E, D, C, B1, B2, B12, PP, foliý turşulygy, pantoten turşulygy, biotin) we magniý, kalsiý, sink hem-de demir saklaýan toplumynyň peýdaly hasaplanýandygyny bilmelidir. Başga witaminleriň we minerallaryň düzümi we mukdary näsagyň ýagdaýyna görä, aýratyn kesgitlenmelidir. Şonuň ýaly-da, iç sürüji serişdeleriň uzak ulanylmagynyň içegeleriň nemli örtüginiň zeperlenme ýagdaýyna, bagryň, böwregiň işiniň bozulmalaryna, kaliý mineralynyň ýetmezçiligine getirip biljekdigini unutmaly däldir.

Biz dermanlaryň ýaramaz taraplaryny tankytlap, howply, çynlakaý çemeleşmeli kesellerde (AIDS, inçekesel, howply döremeler, süýji keseli, gepatit we başgalar) olaryň möhümliligini aradan aýryp bilmeris.Peýdaly dermanlary ulanmazdan, ýokary gan basyşly keselden, ýürek agyrydan, sepsisden,dürli agzalaryň alawlama ýagdaýyndan we başga çynlakaý kesellerden üstün çykyp bolmajakdygyny hemmämiz hem bilýäris. Esasy düzgün-derman serişdelerini zerurlygy boýunça dogry kabul etmekdir.

Ýöne Size derman keseliniň pidasyna öwrülmezlik üçin birnäçe maslahatlary beresimiz gelýär:

♦ Islendik derman serişdesini kabul etmezden öň, oňa degişli bolan gollanma bilen tanşyp, onuň ýaramaz täsirleri, kabul ediş tertibi baradaky maglumaty alyň;

♦ Derman bazarynda 5 ýyldan az wagt belli bolan dermanlary ulanmaň. Sarp edijilik bazaryna düşmezden öň, her derman serişde meýletinçilerde öwrenilip, olaryň peýdalylygy kesgitlenýär. Ýöne bu barlag ýeterlik däldir. Dermanyň howpsuzlygyny bilmek üçin ony ýüzlerçe müň adamlarda barlamak zerurdyr. Derman çykandan soň, ilkinji 5 ýylyň içinde onuň hemme häsiýetnamasy belli bolup, ony öndürme ýa-da öndürmezlik soragy çözülýändir;

♦ Her derman serişdesini ulanmaga başlanyňyzda ýa-da ulanyş tertibini üýtgedeniňizde lukman bilen maslahatlaşyň. Öňki ulanan derman serişdeleriňiz, olara bolan täsirliligiňiz, alan netijeleriňiz barada doly maglumaty berjek boluň;

♦ Anyk, çynlakaý görkezme bolmasa, lukmandan täze derman serişdelerini ýazdyryp almaga synanyşmaň. Iň gowusy dermansyz, başga bejeriş usullary ulanmak barada maslahatlaşmak peýdaly bolar;

♦ Düzümi utgaşykly dermanlary ulananyňyzdan, eger täsiri birmeňzeş bolsa, düzüminde bir derman saklaýan serişdäni ulanmaga çalşyň;

♦ Ulanyş möhleti geçen, köne dermanlary dermanhanajygyňyzda aýlap saklaman taşlaň;

♦ Size netijeli bolan serişdäni başga adamlara maslahat bermekden saklanyň.

Derman serişdelerini  barlagdan soň  diňe lukman bellemelidir.

Derman serişdelerini gowy tarapdan görkezýän mahabatlandyrmalara ynanmaň. Beýle ýagdaýlarda dermanlaryň kemçilikleri barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Dermanhanalaryň işgärleriniň maslahatlaryna bütinleý uýmak bolmaz. Sizi birinji gezek görýän dermanhana işgärleriniň ýagdaýyňyzy anyklap, degerli bejergi bermäge mümkinçiligi bolmaýar.

Derman serişdeleri köp ýagdaýlarda biziň saglygymyzy dikeldýän serişdeler bolup, görkezme boýunça olary kabul etmeli ýagdaýlar hem köp bolýar.

Ýöne her gezek dermanhananyň bosagasyndan ätläniňizde ýa-da öz dermanhanajygyňyzy açanyňyzda özüňize sorag bermegi endik ediniň: "Maňa şu pursat şu derman gerekmikä?!"

  • 6721 gezek okalan