• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • DOWAMLY ÝADAWLYK: ALAMATLARY, SEBÄPLERI WE BEJERGISI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DOWAMLY ÝADAWLYK: ALAMATLARY, SEBÄPLERI WE BEJERGISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.86 (14 Ses)

Ýadawlyk duýgusy her bir adamy wagtal-wagtal tapdan düşürýär. Ýöne ýatyp dynjyňy alanyňdan soň, ajaýyp durmuşyň dowam edýänligine göz ýetirýäň. Gynansak hem käbir ýagdaýda umumy tapsyzlyk, ýadawlyk hiç aýrylmaýar.

ADATYMY ÝA-DA DOWAMLY?

Soňky döwürde: "Men mydama ýadaw!" – diýen sözleri häli-şindi eşitmek bolýar. Aslyýetinde, adaty we dowamly ýadawlygyň tapawudy nämekä?

Ilki bilen, wagtyň uzaklygynda: umumy gowşaklyk, durnuksyz uky, sustluk, gaharjaňlyk, gün-günden adaty işleri berjaý etmegiň kynlaşmagy -  ýarym ýyldan hem köp wagtlap dowam edýär. Şonuň bilen birlikde hiç bir dynç alyş, dynç gün, hatda zähmet rugsady hem gujur-gaýratyňy gaýdyp bermeýär. Uzaklaşdygyça, kelle, beden etiniň, limfa düwünleriniň agyrylary biynjalyk edip, gan basyşy beýgelip – peselip durýar, ýatkeşlik kütelişýär. 

Dowamly ýadawlygy "gazanmak" howpuna esasan hem işjanly adamlar we ýokary jogapkärçilik, ruhy dartgynlyk bilen bagly  ýerlerde zähmet çekýän adamlar duçar bolýar. Şeýle hem bu ýagdaý gyzyksyz, zähmet haky az bolup, işinden kanagatlanmaýan, häsiýeti boýunça göwnüçökgün adamlara mahsusdyr.

DÖRT SEBÄPKÄR

Alymlar dowamly ýadawlyk sindromynyň sebäpleri boýunça dürli pikir ýöredýärler. Häzirki güne çenli gözleg işleri dowam edýär. Ýöne sebäpleriň  dördüsiniň aýdyňlygy  gümansyzdyr.

► Az hereketli durmuş ýagdaýy. Fiziki zähmet bilen meşgul bolýan adamlar bu  ýadawlylyk sindromyna seýrek sataşýar.

► Daşky gurşawyň ýaramazlygy. Dowamly ýadawlyk hapa howaly uly şäherleriň ýaşaýjylaryna, otaglarynda elektrik enjamlary agdyklyk edýän adamlara mahsusdyr.

► Durmuş ýagdaýy. Tükeniksiz howlukmaçlyk, günüň-gününde ýaramaz duýgular bilen bagly dartgynly ýagdaýlar – bularyň ählisi nerw ulgamyna güýçli urgy bolýar. Netijede, bu ulgamyň ätiýaçlyk güýçleri gowşap, dowamly  ýadawlyk ýagdaýy döreýär.  

► Kesele garşy durnuklylygyň gowşamagy. Bu ýagdaýa mysal üçin, ýönekeý gerpes ýokançlygy, Epşteýn-Barryň wirusy,  sitomegalowirusy getirip bilýär.

EÝ, ÖRTÜGIŇ AŇYRSYNDAKY, SEN KIM?

Hemişelik sustluk örtüginiň aňyrsynda  dowamly ýadawlyk sindromyndan başga-da birnäçe beýleki keselleriň bukulyp bilýändigini bellemek zerurdyr. Mysal üçin: endokrin, autoimmun meseleleri, ýokançlyklar, gan keselleri. Şonuň üçin hem, birinji bilen barlagdan geçmek zerurlygy döreýär. Iň bolmanda – ganyň, peşewiň umumy we biohimiki derňewini, wirus ýokançlyklarynyň derňewini (gerpes, sitomegalowirus, gepatit B we С) geçirmek hökmandyr. Goşmaça, immunogramma, galkan şekilli mäziň USB-gy ýaly derňewleri geçirmek zerurlygy ýüze çykmagy hem ähtimal.

Eger haýsy hem bolsa bir kesel ýüze çykarylsa, elbetde, ilki bilen ony bejermeli bolar. Köplenç barlaglar adaty ýagdaýdan çykmagy ýüze çykaryp bilmeýärler, ýöne bu gutarnykly kesel kesgidini goýmaga sebäp bolup bilmez. 

Umumy tapsyzlygyň, ysgynsyzlygyň sebäbi wegeto-damar distoniýasy we newroz bolmagy ahmal. Bu ýagdaýlary kada salmak üçin bejergi bellenilýär. Eger-de ýarym ýylyň içinde ýagdaý kada gelmese, şübhelenmäň: hakykatdan hem bu dowamly ýadawlyk sindromy diýip aýdyp bolar. 

KADALAR WE ÝALŇYŞLYKLAR

Sindromyň bejergisi aýrybaşgadyr. Ýöne ähli adamlar üçin umumy düzgünler hem bar: lukman hökman iş we dynç alyş tertibini üýtgetmegi maslahat berer. Bu maslahatlary äsgermezlik etmek bolmaýar. Eger endikleri we ýörelgeleri üýtgetmek başartmaýan bolsa, psihoterapewt lukmana ýüz tutup bolar. Şeýle hem hökman autotrening usulyny özleşdirmek hökmandyr.

Dowamly ýadawlykdan halas bolmak üçin iňňe bilen täsir etme usulyny, fizioemleri bejergi çäreleri  ulanylýar. Şeýle  hem  suw bilen bejergi: kontrast duşy, suw howdanynda ýüzmek, mineral duzlary we deňiz önümleri goşulan gowşadyjy we suw bilen owkalaýan wannalary kabul etmek netijeli bolup biler. Käbir bejeriş merkezleri täze usullary: sowuk howa we ozonyň täsirine esaslanan çäreleri, ýoga-owkalamalary hödürleýär. 

Derman serişdeleri barada aýdylanda lukman birnäçe hepdäniň dowamynda pes mukdarda antidepressant (sustupeslige garşy) serişdeleri belläp biler. Eger ukusyzlyk bilen bagly meseleler ýüze çyksa, adatça, ýumşak tebigy serişdeleri ulanylýar. Käbir beden etinde ýüze çykan agyrylardan ejir çekýän syrkawlara immun sazlaýjy serişdeleri  ulanmak zerurdyr. Witaminoterapiýa tapgyryny bellemek hem  hökmandyr.

  • 5605 gezek okalan