• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • AGYZDAKY TAGAM NÄMÄNIŇ "BUŞLUKÇYSY"?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AGYZDAKY TAGAM NÄMÄNIŇ "BUŞLUKÇYSY"?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (32 Ses)

Siz irden turanyňyzda, agzyňyzda erbet tagamyň duýulýandygyna, elbetde, üns berensiňiz. Belki, bu düýnki agşamlyk naharyň doly özleşdirilmänligindendir?  Eger şeýle bolsa, onda bu ýagdaý gaýtalanmaly däl. Ýöne  ýygy-ýygydan gaýtalanýan bolsa, onda bu käbir içki agzalaryň sazlaşykly işinde näsazlyklaryň başlandygyndan habar berýändir.

Agyzda irden duýulýan tagamlar dürli-dürli: ajy, turşy, duzly, hatda süýji hem bolup bilýär. Bu tagamlaryň döreýşi haýsy agzanyň zeperlenýändigine bagly bolýandyr..

Agzyň ajamagy

Eger agzyňyz ajaýan bolsa, onda bagryňyzyň ýa-da öt haltaňyzyň "ejir çekýändigini" bilip goýuň. Şeýle ýagdaý adatça ödi çykaryş ýollaryň haýsydyr bir sebäplere görä böwetlenip, onuň bedende durgunlaşmagynyň netijesinde ýüze çykýar. Netijede agyz boşlugynda ajy tagam döreýär.

Aşgazan – içege ulgamy sazlaşykly işlände, öt onkibarmak içegä düşüp, bedenden çykarylýar. Emma ödüň ýokardan aşak gaýtmagyna haýsydyr bir zat päsgel berende, öt suwuklygy öt haltasynda ýygnanyp, daşyna "dökülip" başlaýar-da, aşgazana, soňra gyzylödege, ondan hem agyz boşlugyna düşýär.

Şeýle bolanda, näme etmeli? Ilki bilen öt haltanyň "aldym-berdime" salyp, dyngysyz işlemäge mejbur edýän iýmiti azaltmaly. Olara ýagly, gowrulan, örän duzly, sirkä ýatyrylyp duzlanan we ş.m. tagamlar degişlidir. Öz iýmitleniş endikleriňizi şeýle tagamlardan "saplasaňyz" bedeniňiz, aýratyn-da bagryňyz we öt haltaňyz Size gaty minnetdar bolar. Sebäbi olar hem aram-aram "dynç almak" isleýärler ahyryn!

Ýöne şeýle tagamlary iýmegi bes edeniňizden soň hem agzyňyz ajasa, onda aşgazan-içege ulgamyndaky näsazlyklary ýüze çykarmak üçin degişli lukmanlara ýüz tutuň.

Agzyň turşamagy

Agzyň ajamagy bilen az-kem oňşup bolýan bolsa, agyzdaky turşy tagama çydar ýaly däldir! Şeýle tagam zerarly agyzda  gastritiň(aşgazanyň nemli örtüginiň zeperlenmesi) alamaty – dişleriň gamaşmasy döreýär. Adam gägirende agzynda turşy tagam duýulýan bolsa, bu onuň aşgazanynda duz turşulygynyň aşa köpdüginiň alamatydyr. Duz turşulygynyň aşa köp bolmagy aşgazandaky agyrylaryň we sarygaýnamalaryň döremegine sebäp bolýar.

Ýöne agyzdaky turşy tagamyň diňe aşgazan kesellerinde däl, eýsem başga sebaplerä görä hem döräp bilýandigini belläp geçmelidir. Şeýle tagam käwagt dişleriň kesellemegi (parodondit, diş çüýremesi) ýa-da agyzdaky demirden ýasalan diş gaplamalaryň – koronkalaryň bolmagy bilen bagly bolup bilýär. Demir koronkalar okislenip, agyzda turşy tagamyň saklanmagyna sebäp bolýar. Eger agyzda diş koronkalary, diş çüýremesi ýa-da parodondit bolmasa, onda turşy tagamyň sebäbini içki agzalaryň, mysal üçin, aşgazanyň ýagdaýyndan gözläň.

Agyz boşlugynda turşy tagamyň döremegine käbir derman serişdeleriň kabul edilmegi hem sebäp bolup bilýär. Şeýle dermanlar aşgazanyň turşulyk derejesini ýokarlandyrýar. Dermanlaryň şeýle goşmaça täsiri aşgazana zyýan edip, onuň sowuklamagyna, gastritiň, hatda ýaralaryň döremegine sebäp bolup biler.

Duzly tagamyň duýulmagy

Agyz boşlugynda duzly tagamyň döremegi bedende suwuň ýetmezçilik edýändiginden habar berýär. Bedene suw az barsa, ondaky suwuklyklar goýalýar-da, olardaky duzuň konsentrasiýasy artýar. Netijede, adam agyz boşlugynda duzuň tagamyny duýýar. Diýmek, şeýle tagamyň duýlan ýagdaýlarynda bedeni suwuň gerekli mukdary bilen üpjün etmäge çalyşmaly. Suwuň ýaşaýyş, bedenimiz üçin örän wajypdygyny unutmaň!

Süýji tagam

Agyz boşlugynda duýulýan süýji tagam adamy birahat etmese-de, onuň örän howpy keseliň -- süýji keseliniň alamatydygyny bilmelidir. Süýji keselinde adamyň ganyndaky glyukozanyň derejesi artansoň, onuň agzy "süýjeýär". Bu kesel her ýaşda döräp bilýär, ýöne köplenç nesil yzarlaýandyr.Şonuň üçin-de, tohum-tijiňizde süýji keseline ýolugan bar bolsa, munuň sizde hem bolmagy ahmaldyr.

Agzyň "süýjemegine" dowamly pankreatit, ýagny aşgazanasty mäziň sowuklamasy hem sebäp bolup bilýär. Aşgazanasty mäzi gaty näzik bolansoň, ýygy zeperlenýär. Netijede, Langergansyň adajyklary (mäzdäki insulini bölüp çykarýan öýjükler) ejir çekýär-de,olaryň sany azalýar. Munuň netijesinde bolsa gandaky glýukoza işlenilmän, mukdary artýar.

Palak ýumurtganyň tagamy

Eger agyzda kükürtli wodorodyň (il arasynda oňa "palak ýumurtga ysly" tagam hem diýilýar) tagamy duýulýan bolsa, turşulyk derejesi pes bolan gastridiň bardygyndan habar berýändir. Bu kesel esasan hem iýmiti siňdiriş ulgamynyň işiniň peselmegi, duz turşulygynyň ýetmezçilik edýänligi bilen baglanyşyklydyr. Iýlen tagam doly özleşdirilmänsoň, ol aşgazanda saklanyp, şol ýerde çüýräp başlaýar. Netije-de, aşgazanyň nemli örtügi zeperlenip, agyzdan palak ýumurtganyň ysy gelýär. Şeýle ýagdaýlarda duzly tagamlary iýmek bilen bu ýagdaýy düzedip bolmaýar. Tersine, keseliň beterleşmegi mümkin. Şonuň üçin-de,sebäbi anyklamak üçin hökman degişli lukmanlara ýüz tutmaly.

Demriň tagamynyň duýulmagy

Еger agzyňyzda demriň tagamy duýulýan bolsa, munuň sebäbini gan ulgamyndan gözläň. Ýöne munuň diş, diş etiniň keselleri, agyzdaky diş koronkalarynyň barlygy sebäpli hem bolup bilýändigini unutmaň. Şonuň üçin-de ilki diş lukmanyna ýüz tutup, agyz boşlugynda hiç sebäbiň ýokdugyny anyklaň.

Gurşun, misiň duzlary, sink, simap, myşýak bilen zäherlenmäniň netijesinde hem agyzda demriň tagamy duýlup bilýär. Şeýle zäherlenmeleriň netijesinde bedendäki alyş-çalyş işi bozulýar, içege we aşgazan zeperlenýär. Süýji keseliniň ilkinji tapgyrlarynda hem agyzda demriň tagamynyň duýulmagy mümkindir.

Gadyrly okyjylarymyz! Biz agyzda döreýän dürli tagamlaryň mümkin bolaýjak sebäplerini agzap geçdik. Agyzda şeýle tagamlaryň döremeginiň asyl sebäbini lukmançylygyň degişli usullarynyň kömegi bilen anyklamazdan, bejergi geçirmekligiň Siziň janyňyza howp salyp bilýändigini unutmaň!

  • 6190 gezek okalan