• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • TOMUS - DYNÇ ALYŞ SYÝAHATLARYŇ DÖWRI ÝA-DA ONY SAGLYK ÜÇIN HOWPSUZ GEÇIRMEK BABATDA MASLAHATLAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TOMUS - DYNÇ ALYŞ SYÝAHATLARYŇ DÖWRI ÝA-DA ONY SAGLYK ÜÇIN HOWPSUZ GEÇIRMEK BABATDA MASLAHATLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.45 (22 Ses)

Tomus pasly ulular we çagalar üçin örän gyzykly, garaşylýan döwürdir. Tomus aýlarynda okuwçylaryň iň uzak dynç alyş rugsady ýetip gelse, ulularyň sabyrsyzlyk bilen garaşan zähmet rugsatlary başlanýar.

3-4 hepde gowy dynç alan adam işe täze güýç, höwes bilen girişýär. Ýöne dynç alyş wagty hem saglyk barada alada etmegi unutmaly däldir.

Ajaýyp ýerlere, ýurtlara syýahat etmek, deňziň mylaýym, jana şypa beriji suwuna düşmek-dynç alşyň aýrylmaz bölegidir. Syýahatlar Sizde diňe şatlyk we ýatdan çykmajak duýgulary galdyrar ýaly, birnäçe esasy maslahatlara eýerme peýdaly bolar:

1. Syýahata ugramazdan öň syýahat etjek ýerleriňiziň klimat şertleri, ol ýer üçin mahsus ýokançlyklar, ýygy duş gelýän keseller barada maglumat ýygnaň.

2. Dowamly keselleri bolan adamlara, gartaşan adamlara, kiçi ýaşly çagalara, göwreli aýallara syýahata ugramazdan öň lukmanyň gözegçiliginden geçip, degerli maslahatlary almak peýdaly bolar.

3. Syýahat etjek ýurduňyzda duş gelýän ýokanç kesellerden goranmak üçin (gyzzyrma, wirusly gepatit, wirusly ensefalit we başgalar) öňüni alyş sanjymlary kabul etmegi unutmaň.

4. Nirede dynç alsaňyzam, hemişe şahsy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý ediň. Elleriňizi sabynlap ýuwuň ýa-da çygly salfetkalary ulanyň. Içege ýokançlyklary köplenç hapa el arkaly bedenimize düşýär.

5. Hiç hili ýagdaýda gaýnadylmadyk suw içmäň. Arassalygyna güwä geçmeýän çeşmeleriňizden suw almaň. Ýanyňyz bilen arassa suw götermegi endik ediniň.

6. Suwa düşmek üçin ýörite niýetlenen, arassa suw howdanlaryndan peýdalanyň.

7. Ir-iýmişleri, gök önümleri mazaly ýuwuň. Bazarlarda olardan dadyp görjek bolmaň, çagalaryňyza asla hödürlemäň.

8. Uzak ýola düşeniňizde, çem gelen ýerden konserwirlenen önümleri ýa-da etli taýar önümleri satyn almaň.

9. Iýmiti ýanyňyz bilen alan ýagdaýyňyzda, çalt zaýalanmajak önümlere ýykgyn ediň (kakadylan, gurak önümler, ýagsyz kökeler we ş. m.). Iýmitlenmek üçin döwlet tarapyndan sertifisirlenen, hemme sanitar düzgünleri berjaý edýän iýmitleniş nokatlarynyň hyzmatlaryndan peýdalanyň.

10. Yssy howada kömelekli tagamlary kabul etmekden gaça duruň.

11. Iýmitiň reňki, ysy sähelçe üýtgänem bolsa, ony iýmäň.

Deňze dynç almaga gitjek adamlara aşakdaky maslahatlary bermek peýdaly bolar:

1. Deňiz ýakasynda çagalaryňyz bilen dynç almakçy bolsaňyz, ilki çaga lukmanyndan maslahat alyň. Üç ýaşamadyk çagany deňze alyp gitmek maslahat berilmeýär. Çaganyň immunitetini deňiz şertlerinde has hem ýokarlandyrmak üçin, ol ýerde azyndan 10-15 gün dynç almalydyr.  

2. Kenarýaka ýerlerinde suw, howa, hatda iýmitem ýoda baýdyr. Ýodyň bedene aşa köp mukdarda düşmegi galkan şekilli mäziň kesellerinden ejir çekýän adamlaryň saglygyna täsir edip biler. Bu mesele boýunça hökman endokrinolog lukmany bilen maslahatlaşyň.

3. Ulular hem çagalar sagat 11-den 17 aralykda deňizde suwa düşmekden, kenarda ýatmakdan, günüň aşagynda bolmakdan gaça durmalydyr. Hut şu sagatlar aralygynda günüň güýçli ultramelewşe şöhlelenmesi kesgitlenýär. Kenarda kölegeli ýer bolmasa, hökman kenarýaka ýerlerde gurnalýan saýawanlaryň aşagynda gün şöhlelerinden goranyň. Kenarda aýakgapsyz gezmäň.

4. Kenara, deňze ýa-da şähere gezelenje çykanyňyzda, günüň göni şöhlelerinden goraýan ýörite serişdelerden peýdalanyň. Yssy ýurtlarda howa bulutlaşyp duranda-da, teniň gyzgyna ýanmagy mümkindir.

5. Çagaňyza hemişe gözegçilik ediň, onuň ýeke özüniň deňze girmegine ýol bermäň.

Dynç alyş syýahatyna ugranyňyzda, ýanyňyz bilen zerur bolan derman serişdelerinden ybarat ýol dermanhanajygyny almagy unutmaň. Onuň düzümini ýod, ýaşyl jöwheriň spirtli ergini, pamyk, bir gezek ulanylýan şprisler, çybynlara garşy serişde, kömür derman, göz, gulak damjalary, sowuklama garşy dermanlar, gan basyşy peseldýän dermanlar (eger sizi bu ýagdaý biynjalyk edýän bolsa), içgeçmäniň öňüni alýan hem-de agyrsyzlandyryjy serişdeler düzmelidir.

Syýahatdan gaýdyp gelensoňyz işe girişmek aňsat bolar ýaly, zähmet rugsadyňyzyň soňky birnäçe gününi öýde geçiriň, ýuwaş-ýuwaşdan zähmete, gündeki ýerine ýetirmeli işiňize uýgunlaşyň. Uýgunlaşma ýeňil geçer ýaly ukyňyza üns beriň, C witaminine baý bolan ir-iýmişleri, gök önümleri kabul ediň.

  • 7324 gezek okalan