• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • PLASTIK ÖNÜMLERI ZYÝANLYMY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

PLASTIK ÖNÜMLERI ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (20 Ses)

Geçen hepdede siz näçe sany plastikdan ýasalan çüýşeleri we paketlary öz eliňiz bilen zibilhana taşlap gaýtdyňyz? Düýün dükana baranyňyzda, satyjy alan harytlaryňyzy näçe sany plastikdan ýasalan paketlara salyp berdi? Matadan tikilen, bazarlama uçin niýetlenen torbalary soňky gezek haçan ulandyňyz? Jaýyňyzyň töwereginde çaşyp ýatan, boş plastik çüýşeleri we paketlary sanadyňyzmy? Siz plastik önümleriň "soňky ýoly" barda pikirlenip gördüňizmi?

Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky Gurşaw boýunça düzülen Meýilnamasynyň berýän maglumatyna gorä, dünýäde plastik önümleriň ulanyş derejesi 1950-nji ýylda 5.5 milion tonna barabar bolan bolsa, 2009-njy ýylda bu görkeziji 110 million tonna ýetipdir.

Ýogsa-da, her hepde siz plastikdan yasalan onümleriň näçe kilogramyny hapa zyňýarsyňyz?... Gynansakda, bizde bu soraga jogap berip biljek maglumat ýok. Biziň önümçiligimizde plastik önümleri gaýtadan işlenenok. Şeýlelikde, plastik önümleri öz iň soňky "ýoluny" zibil taşlanýan ýerde tamamlaýarlar. Pytramak uçin plastika takmynan 1000(!) ýyl gerek bolýar. Hapa taşlanan plastik pytrap başlap, düzümindäki zäherleýji maddalar suwa we topraga siňip gidýär. Çaklamalara görä, häzirki wagtda adamyň zyňan 100 million tonn plastik bölekleri okeanlarda ýaşaýan jandarlaryň saglygyna uly howp salýarlar.

Ftalatlaryň we BPA-nyň çeşmesi.

Plastik himiki önümçiliginde nebitden ýa-da tebigy gazdan öndürilýär. Himiki hadysalaryň gidişinde kiçi molekulalar zynjyr görnüşünde biri-birine birleşýärler, kähalatlarda ýumşak ýa-da gaty plastik öndürmek üçin başga-da himiki maddalar goşulýar. Emele gelýän käbir himiki maddalar meselem, ftalatlar we bisfenol A adamyň we haýwanlaryň saglygyna howp salyp biler.

Ftalatlar we bisfenol A (BPA) – adamyň oýlap tapan himikatlarydyr. Ftalatlar ýumşak plastigiň, poliwinilhloridden ýasalan onümleriň we şahsy gigiýena uçin ulanylýan serişdeleriň (şampunlar, losýonlar) düzüminde saklanýandyr. Ftalatlar esasan hem ösüp barýan ýetginjekleriň saglygyna ýaramaz täsir edip bilýär. BPA gaty, polikarbonat plastigiň önümçiliginde we iýmit konserwalaryň içinde metalyň pytramagynyň garşysyna ulanylýar. Adamyň bedenine düşende BPA estrogen (aýal jyns gormony) gormonyna meňzeş täsirini ýetirip biler.

ÜNS BERIŇ: bu himikatlar esasan hem ýaş çagalaryň saglygyna uly howp salýarlar. Olar ftalatlaryň we BPA-nyň ep-esli mukdaryny siziň olara berýän plastik çemçedir çarşaklaryňyzy, gaplaryňyzy, plastik süýt çüýşelerini we plastikdan ýasalan oýnawaçlary sorup, ýalap we deriniň galtaşmagy netijesinde alýarlar. Ftalatlar we BPA himikatlary adamyň endokrin ulgamynyň sazlaşykly işleýşine ýaramaz täsir edip bilýändir.

Barlaglaryň subut edişine görä, ene süýdüniň üsti bilen bäbege geçen ftalatlar üç aýlyk oglan bäbejikde testosteronyň (erkek gormony) mukdarynyň peselmeginiň sebäbi bolupdyr. Ir çagalykda ftalatlar bilen galtaşykda bolan adamlarda rinit, eksema (deri keseli), demgysma ýaly keselleriň döremeginiň ätiýaçlygy artýar. Geçirilen barlaglaryň netijesine görä, ftalatlar erkek adamlaryň tohumlygynyň düzümine ýaramaz täsir edýär.

Nirä seretsem plastik önümleri, çykalga nirede?

Düzümi boýunça howpsyz plastikdan yasalan oýunjaklary, iýmit we suw salynýan gap-gaçlary ulanyň. Plastikdan ýasalan harydy satyn almazdan öň, onda bellenen san belgileri bilen tanyş boluň. Şu belgili plastik 1 (PETE), 2 (HDPE), 4 (LDPE), 5 (PP) saglyga berýän howpy boýunça pes hasaplanýar. Jogapkärli haryt ondürijiler bu bellikleri harydyň aşaky böleginde belleýärler. Şeýle belgili plastigi ulanmakdan gaça duruň: 3 (PVC, düzüminde ftalatlar bolup bilýar), 6 (PS), 7 ( düzüminde BPA bolup bilýar).

Plastikdan ýasalan önümleriň saglyga edip biljek ýaramaz täsirini peseltmek üçin esasy düzgünleri bilip goýmak peýdaly bolup biler:

► Plastikdan ýasalan onümleri az ulanyň, mümkinçilik bolsa iň gowusy ulanmaň.

► Plastikdan ýasalan harytlary almaga mejbur bolsaňyz, howplylygy pes plastikdan ýasalan harytlary satyn almana çalyşyň. Käbir öndürjiler himikatlar barada alyjylara maglumat berýärler, harytlarda "BPA free" (düzüminde BPA ýok) ýa-da "phtalate free" (düzuminde ftalatlar ýok) diýip harytda bellik goýýarlar.

► Plastikdan däl, çüýşeden ýasalan gap-çanaklary ulanyň.

► Howpy az plastikdan ýasalan oýnawaçlary satyn alyň . Haýsy plastikdan ýasalany barada harytda maglumat bolmasa, ony satyn almaň.

► Berk matadan tikilen torbalar (sumkalar) bilen bazarlaň, satyja öz sumkaňyzy ýanyňyz bilen getirendigiňizi duýduryň, satyn alan harytlaryňyzy plastikdan ýasalan paketlara, gaplara salyp bermezligini talap ediň. Bu hereket, seniň plastigy azaltma ugrundaky göreşe goşýan iň uly goşandyň bolar.

► Çüýşelere salnan süýt-gatyk onümlerini, agyz suwuny satyn alyň, eger satyjyda mümkinçilik bolmasa, çüýşeleri ýanyşyz bilen getiriň.

► Elektrik togynyň kömegi bilen işleýän (mikrowolnowaýa peç) peçde iýmitiňizi, suwyňyzy we çaýyňyzy plastik gaplarda gyzdyrmaň. Gyzgyn suw plastigyň pytramagyna getirýär.

► Gap-gaç ýuwýan maşynda plastikdan ýasalan gaplary ýuwmaň.

► Körpeler uçin ulanylýan plastikdan ýasalan çüýşelere (süýt, suw uçin ulanylýan) mylaýym ýa-da gyzgyn suw guýmaň.

► Şahsy gigiýena uçin ulanylýan serişdeleri satyn alanyňyzda, düzüminde ftalatlaryň we BPA-nyň saklanmaýandygyna göz ýetirip alyň.

Konserwirlenen iýmitlerden gaça duruň, konserwa gaplaryň içki bölegi BPA goşulan plastik bilen örtülendir.

Ulanylan maglumat çeşmeleri: The Earth Institute – Columbia University, Pediatric Environmental Health Specialty Units.

  • 5309 gezek okalan