• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • LUKMAN-NÄSAG GATNAŞYGY NÄHILI BOLMALY: KÖP ÝYLLYK TEJRIBÄNIŇ SÖZI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

LUKMAN-NÄSAG GATNAŞYGY NÄHILI BOLMALY: KÖP ÝYLLYK TEJRIBÄNIŇ SÖZI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.84 (37 Ses)

Men öz sözümi durmuşda ýüzbe-ýüz bolnan iki wakany beýan etmekden başlamakçy.

...Ýakynlykda nähoşlap, öz saglygymy barladyp, bejergi çärelerini kabul edeýin diýip şäherimizdäki adygan saglyk edaralarynyň birine ýüz tutdym. Lukmanyň kabul ediş otagyna ýolladylar. Lukman salamyma zordan jogap berip, oturmagy talap etdi. Şol wagt hem lukmanyň el telefony jyňňyrdady. Jaňyň gyssagly habar däldigini gepleşikden doly aňlamak bolýardy. Onda-da, lukmanyň iş ýerindedigi ýadyndan çykdy öýdýän, ep-esli gepleşdi. Ýaňy bir telefony goýup, maňa ýüzlenende bir zenan kärdeşi gelip, bazara gidendigini näme alandygyny, harydyň hili, bahasy barada habar berip gitdi. Ahyryn maňa gezek ýetdi. Men arzymy, näme sebäp bilen gelendigimi aýtdym. Lukman meniň şol wagtky saglygymyň nä ýagdaýdadygyny kesgitlemän, bir topar kagyzy dolduryp, barlag otaglaryna ýollady. Baran barlag otaglarym EKG, USB... we beýleki derňewleri geçirýän lukmanlaryň ýüzlerinden "gar" ýagýar, zorlyk bilen iş ýerlerinde oturdylan ýaly, geplänoklar. Käsi salamyňy alsa, käsi alanok. Edil dymyşlyk yglan edilen ýaly. Şol wagt barlagyň netijesi bilen gyzyklanyp soranymda: "Lukman aýdar" diýip, gödek jogap berýärler. Ýüzüňe urlan ýaly, soranyňa puşman edýärsiň...

Garaz barladyp, barlaglaryň netijesini bilmäge derňewe ýollan lukmanyň ýanyna gaýtadan geldim. Lukman derňewleriň netijesine seredip, meni-näsagy barlaman birnäçe dermanlaryň adyny kagyza ýazyp, elime tutdyrdy. Lukman bilen duşuşykdan, ýüregiň giňäp, süňňüň ýeňläp çykmaly ýaly, emma men welin lapym keç bolup gaýtdym.

...Geçen asyryň 80-nji ýyllary. Şäheriň Saglyk öýleriniň birinde lukmanyň kabul ediş otagy. Özüni barlatmaga gelen adamlar, näsaglar öz gezeginde, yzly-yzyna lukmanyň otagyna girip, çykyp dur. Lukman näsaglaryň, gözegçilige gelen adamlaryň, gartaşan adamlaryň arzyny diňläp we olary hemme taraplaýyn barlap maslahat berýär. Gerek bolanlaryny barlaga ýollaýar. Derman serişdelerini ýazyp berip, olaryň täsirini, peýdasyny, kabul etme tertibini düşündirýär. Kabul etme lukman bilen näsagyň arasynda biri-biriňe sylag, düşünişme, ýakyn garyndaşlyk äheňiňde dowam edip dur. Käbir näsaglar: "Bize derman gerek däl. Siz bilen gepleşip, arzymy aýtdym, maslahat berdiňiz. Şol hem ýeterlik" diýip ýylgyryp, keýpi kök bolup çykyp gidýärler.

Lukmanyň ýanyna tälim almaga gelen lukmançylyk institutynyň talybynyň beren "Hany näsaglar?" diýip ýüzlenmesine, "Bular näme näsag dälmi?" diýip lukman ýylgyrýar. Talyp gyz: "Her gelenleriň maşgala agzalarynyň ýekeme-ýeke adyny tutup, ýagdaýlaryny soraýarsyňyz welin, menä bular garyndaşlaryňyz, tanyşlaryňyzdyr öýtdüm" diýip, geň galyjylyk bilen jogap berýär.

Meniň özüm lukmançylyga ömrümiň 40 ýylyny bagyş eden lukman. Saglyk edarasyna barmasam hem boljak. Ýöne barladaýyn, bir kelle gowy, ikisi ondan hem gowy. Häzirki lukmanlaryň berjek maslahatyny we bejergisini alma maksady bilen ýüz tutdym. Ýüz tutanyma puşman edip, çykaran çykdaýjymy biderek, ýele sowrulan hasap etdim.

Ýokardaky iki wakadan nähili netije çykaryp bolýarka? Häzirki saglyk edaralarynyň işgärleriniň köpüsi näme üçin näsaglara şeýle sowuk-sala garaýarlarka? Ýa-da olar öz kärini söýmän, zorlukdan lukman bolanlarmy? Lukmançylyk institutynda lukmançylyk etikasy, deontologiýasy barada dersler okadylmaýarmyka? Olar ýokary okuw jaýyny tamamlap, asylly käre eýe bolandygyňy tassyklaýan diplomy begenip eline alanda, berilýän lukmançylyk kasamyny ýatlaryndan çykardylarmyka? Asla, häzirki lukmanlaryň özlerini alyp barşy lukmançylyk kasamynyň bardygyny bilýäne-de, kasam berene-de meňzänok. Lukmanlaryň bu ýagdaýy, lukmançylyk deontologiýasynyň kadasyny, düzgünlerini bilmezlikleri, bilseler hem äsgermezlikleri, sag adamlar üçin hem, näsag adamlar üçin hem, umuman jemgyýetimiz üçin pajygaly ýagdaý dälmi? Elbetde, öwezini doldyryp bolmajak ýaramaz ýagdaý.

Geçen XX asyryň 60-90-nji ýyllar aralygynda lukmançylyk asylly, hormatly kär hasaplanýardy. Lukmanlaryň abraýy, sylagy, hormaty ýokary bolup, näsaglar olara aýratyn mukaddes adamlar, halas edijiler höküminde garaýardylar. Olar adamkärçiligiň gowy sypatlaryny özlerinde jemläp, bilimlerini ösdürip hem-de amaly endiklerini kämilleşdirip, näsaglaryň we sag adamlaryň ynamyna girmäni başardylar.

Durmuş tejribesinden belli bolşy ýaly, hakyky lukman boljak bolsaň, bilimiňden, ýokary hilli hünärmenligiňden, mahlasy öz käriňe ussatlygyňdan başga-da, açyk göwünli, mylakatly, diňlemäni başarýan, hoşniýetli, adamlaryň gynanjyna gynanyp, duýgudaşlyk edip, gerek ýerinde, hala ýoluň ugrunda, hala-da kabul edilýän wagty degerli durmuşy maslahatlar berip ynamyna girmeli. Hakyky lukman ýuwaş-ýuwaşdan abraý gazanyp başlaýar. Wagtyň geçmegi bilen gazanan abraýyň özüň üçin işleýär. Tötänden baran lukmanyň beren dermanynyň haýyr etmän, ynanyp baran, abraý gazanan lukmanyň şol bir dermany berse-de, näsag üçin peýdaly bolup bilme mysaly şuňa degişli bolup durýandyr. Mahlasy keseli bejermeli dälde, kesellini bejermeli. Lukman inçe psiholog bolup, onuň kabul edýän otagyndan näsagyň derdi ýeňläp çykmaly. Emma...

XXl asyrda saglyk ulgamynda tehnologiýa ösdi. Hezil edip, keýpine işläbermeli. Ozalky lukmanlaryň arzuw eden döwrebap, ýokary hilli gurallar bilen abzallaşdyrylan anyklaýyş merkezleri ýurdumyzyň hemme künjeklerinde halkymyza hyzmat edýär. Adamyň bedenindäki hemme agzalaryň gurluşyny, işleýşini barlap, bedendäki agzalaryň näsazlyklaryny, kadada bolup geçýän hadysalaryň bozulmalaryny, kä halatlarda keseliň alamatlary şindiz ýüze çykmaka, irki döwürde anyklap, özleriçe kesel kesgitlemesini belläp berýärler. Lukmanlar şol gurallaryň anyklan kesel kesgitlemesi bilen hem bejergi çärelerini geçirýärler. Hany, lukmanyň näsagy barlap, kesel kesgidini kesgitläp bilme ukyby? Dowamly keselli näsaglaryň esasy keseli näme, haýsysy ugurdaş keseller, haýsysy gaýraüzülmeler? Hemme düşünje garym- gatym, nämeden bejerenlerini biler ýaly däl. Gynansakda, köp lukmanlaryň bilimleri öňki felşerleriň biliminiň derejesini ýadyňa salýar.

Tehnologiýa mümkinçilikleri öz ýerinde gaty gerekli zat. Ol öz işini sessiz-üýnsiz ýerine ýetirip, netijesini eliňe berýär. Emma lukmanyň öz içki dünýäsiniň duýgusyny, oý-pikirini, doly gözegçilikden soň gelen netijesini hiç wagt, hiç bir abzal bilen çalşyp bolmaz. Gynansakda, pikirlenip, degerli netije çykarýan lukmana seýrek duş gelýärsiň. Köpümiziň pikirlenme ukybymyz ýitene meňzeýär.

Ene bir bellemeli möhüm zat. Hemme hünärdede gerek bolsa gerekdir, emme lukmançylyk ugruny onsuz göz öňüne getirip bolmajak, ata-babalarymyzdan gelýän halypa-şägirt meselesi barada durup geçesim gelýär. Geçen asyryň ýokarda görkezilen ýyllarynda halypa-şägirtlik düzgüni bardy. Işe gelen ýaş lukmany belli bir halypa lukmana berkiderdiler. Ýaş lukman näsagy gözegçilikden geçirip, berjek bejergi derman serişdeleriniň dogrudygyna ikirjiňlenen halatynda, näsaga zyýan ýetirmezlik maksady bilen halypasyna görkezip, dogrudygyna göz ýetirenden soň, arkaýyn bejergini bererdi. Bu ýagdaý lukmanyň näsagyň saglyk ýagdaýyna jogapkärdigini, şol döwürde talabyň ýokarydygyny görkezýär. Häzirki lukmanlarda jogapkärçilik duýgusy ýok. Kabul ediş otaglarynda, öz-özleri bilen ikiçäk galyp, kellelerine gelen dermany ýazyp goýberýärler. Bölüm müdürleri ýaş lukmanyň ýanyna sorag bilen barmanyny kem görenok, baraýanda-da, soň ýüz tutmaz ýaly degerli maslahat berenok. Köplenç "bilemok", "wagtym ýok" diýip jogap berýär. Iş ýerlerinde işiňe kämilleşmäge ýardam berýän sapaklar, gyzykly mowzuklara bagyşlanan konferensiýalar geçirilmese, onsoň näme, ikilän-ýekelän bilesigeliji, jogapkärçilik duýgusy bolan ýaş lukmanlaryň hem işe höwesi gaçýar. "Aý, men hem şular ýaly işläbereýin" diýip, işe gelip gidip, iş hakyny alyp dur. Bilimli, tejribeli, amaly tarapdan kämilleşen, abraýly, adamkärçilikli, galyberse-de, ýaşaýyş durmuşyň ajysyny, süýjüsini başyndan geçiren, gerek ýerinde durmuş meselesinde hem maslahat berýän ýaşuly lukmanlaryň orny uly bolup, biz halypaçylyk mekdebini dikeltsek peýdaly bolarmyka diýip pikir edýärin.

Meniň pikirimçe, lukmanlaryň ynamdan gaçmagynyň düýp sebäbi, näsaglaryň arzyny diňlemegi, seljermegi, keseliň taryhyny, näsagyň öý-sosial durmuşynyň aýratynlyklaryna üns bermezligimikä diýip pikir edýärin. Lukmanlar kesele getirip biljek faktorlary ýüze çykarmagy, bedenine gözegçilik edip, ýatyryp, eli bilen basyp, käbir agzalary barmaklary bilen kakyp, belli-belli agzalary diňlenýän gural bilen diňläp, barlamany ýatlaryndan çykardylar. Nirä barsaň, bir gan basyşyňy ölçäýmeseler, kä gezegä bu barlag hem geçirlenok. Men-ä soňky döwürde hiç bir lukmanyň näsagy ýatyryp barlanyny göremok. Diňe barlagyň kesel kesgitlemesi, kä halatlarda keseliň alamaty esasynda bejergi geçrilýär. Keseliň emele gelşini seljerip, bejerýän lukmanlara örän seýrek duşýarsyň. Şonuň üçin hem saglyk öýlerinde bejerdenler hem, hassahanada bejergi alanlar hem ýagdaýlarynyň gowlanmandygyndan, çagalarynyň agzyndan kesip tygşytlan pullarynyň ýele sowrulandygyndan zeýrenýärler.

Meniň pikirimçe, lukmanyň jemgyýetdäki abraýyny galdyrmak üçin jemgyýetiň we döwletiň tagallasy, goldawy möhümdir. Lukmanyň bilimlilik derejesini ýokarlandyryp, kadaly kämilleşdiriş çärelerini meýilleşdirmek, ony gutarnyksyz kagyz doldurmalardan we başga mydyrdyly artyk işlerden azat edip, näsaga bagyş ediljek wagtyň dowamlylygyny köpeltmek, lukmana arkaýyn işlemek üçin şert döretmek, bu ugurda ediljek işleriň saldamly bölegi bolarmyka diýip pikir edýärin.

Görkezilen kynçylyklar döwlet tarapyndan çözülmese, talap güýçlenmese, her kim öz iş ýerinde özünden edilýän talaby duýmasa, lukmanlar öz abraýlaryny galdyryp, halkyň, näsaglaryň ynamyna girip bilmez.

Lukmanlar, tebigat tarapdan berlen adamkärçilik sypatlaryny ýitirmän, näsagy güler ýüz bilen garşylap, kömek diýip baran näsagyň arzyny diňläp, mylakatly, mähirli gepleşip, özüňe bagly meselesini çözüp, bagly bolmadygyny çözmäge ýardam berse, şonda näsagyň derdi ýeňläp, lukmandan köp hoşal bolup gider.

Hormatly lukmanlar! Siz özüňiz bilen nähili äheňde gepleşilenini isleýän bolsaňyz, näsaglar, ýanyňyza baran adamlar bilen hem şol äheňde gepleşmäge çalşyň!

  • 6331 gezek okalan