• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ÝOL HOWPSUZLYGY: BIZE HOWPSUZLYK KEMERLERI NÄME ÜÇIN GEREK?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝOL HOWPSUZLYGY: BIZE HOWPSUZLYK KEMERLERI NÄME ÜÇIN GEREK?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.73 (15 Ses)

Ýaňy ýakynda gyssanyp bir maşyna münmeli boldum. Öňki oturgyçda oturmaly bolanym üçin, kemeri alyp dakmana synanşyk edemde sürüji maňa: "Jigim, kemeriň dakylýan ýeri döwük. Ýöne öňüňe ataýsana. Ýoldaky gözegçiler zat diýmese borla" diýip, maňa ýüzlendi. Men ýylgyryp onuň bilen razylaşsam hem, özümi wagtlaýyn howp astyna salýandygyma düşünýärdim...

Gadyrly awtoulagyň eýesi!

Siz şu sanlardan habarlymy: her ýyl dünýäde 1,3 million adam köçe-ýol hadysalarynyň pidasy bolup, 20-50 million adam olar sebäpli dürli şikeslenmelere sezewar bolýandyr. Ýol hadysalary, esasan hem 35 ýaşdan yaş adamlaryň ölüminiň iň esasy sebäbi bolup durýandyr. Awtoulagdaky howpsuzlyk kemerleriniň ulanylmagy bu pajygaly sanlary iki esse azaltmaga kömek edip bilýär. Sen şundan habarly bolup hem, howpsuzlyk kemerleri dakmaýan bolsaň, onuň çynlakaý sebäbini kesgitlemäge synanyşmalysyň.

Çaknyşyk bolup geçende awtoulaga näme bolýar?

Geliň bir ýagdaýy göz önüne getirip göreliň. Sen hemme güýjüň bilen ylgap barýakaň, diwar bien çakyşýarsyň... Elbetde sen özüňi erbet duýarsyň. Güýçli ylgap barýakaň, önüňden duýdansyz dikilip goýlan diwara yarym metr galanda, sen özüni saklap bilerdiňmi? Hut şunuň ýaly yagdaý, 25 tizlik çäklendirmesinden sürlüp barýan awtoulag başga zat bilen çakyşan ýagdaýynda hem ýuze çykýandyr. Urgy ýüze çykan ýagdaýda ulag sekundlaryň dowamynda durýar, yone seniň göwräň öz hereketini (fizikanyň kanunlaryna laýyklykda) dowam etdirýär. Kemeriň dakylmadyk ýagdaýynda, ýolagçynyň göwresiniň ulagyň öňki aýnasyna ýa-da abzallaşdyrylan tagtasyna degme we şikes alma howpy ýokarlanýandyr. 25 çäklendirmeden sürlen ýagdaýda şeýle howply bolsa, 50-den ýa-da 100-120-den sürlen wagtynda dörejek urgy güýjüni bir göz önüne getirip görüň! 3-4 esse güýçli urgy ýa-da başgaça aýdylanda, urgyň güýji we zarby üç gat jaýdan gaçmagyň zarbyna barabar bolup durýandyr. Dogry dakylan kemerler bu urgydan seni saklaýar, seni olüm howpundan halas edýär!

Howpsuzlyk kemeri dogry dakynyň!

"Dogry dakynmak" düzgüni, kemeriň iki boleginiň hem seňiň bedeniňe ykjam yapyşyp durmalydygyny aňladýar. Şunuň esasy maksady, çaknyşygyň zarbyny seniň bedeniň şol urga we agrama çydap biljek agzalaryna – çanaklyk we egin süňklerine düşürme synanşygydyr. Kemeriň ýeke egin bölegi dakylsa, çaknyşyk wagtynda sen onuň aşagyndan çykyp, oňa bulaşyp, bogulyp bilersiň. Ýeke biliňden geçýän bölegini dakynsaň, ol ýüzuňi rula degmek howpundan saklap bilmez.

Howpsuzlyk kemeri dakynmazlygyň sebäpleri:

"Men ine su ýanymyzdaky dukana baryp gaýtjak". Ine şeýle ýagdaýda kemeri hökman dakynaýmalydyr! Sebäbi bolup geçýän ulag çakyşmalaryň 80%-i, adamlaryň öýleriniň daşynda, esasan hem öýüňiň töwereginiň 40 km. aralygynda we 60 tizlk çäklendirmesinden sürlende ýüze çykýandyr.

"Men başga maşyn bilen çakyşman, sebäbi men tejribeli sürüji". Hawa, seň tejribäň ýollarda doreýän howply ýagdaýlardan gaça durmana we çözgüt tapmana kömek berer. Ýöne sen gowy sürüji bolsaňam, ýaramaz, tejribesiz, geleňsiz sürüjiler seni urup biler. Şeýle sürüjileriň köpdügini unutma.

"Çaknyşyk bolan wagtynda, men elimi, aýagymy diräp özümi saklap bilerin". Eliňi, aýagyňy diremäne ýarym sekunt mümkinçilik bolanda-da, urgyň zarby elleriňi we aýaklaryňy pytradyp biler.

"Çaknyşyk bolan ýagdaýda, howpsyzlyk kemeri meni ulagymyň içinden çykmaz ýaly eder diýp gorkýaryn". Maglumatlara görä, çaknyşyk bolan wagtynda iň howpsyz ýer, ulagyň içi bolup durýar. Sürüji ulagdan zyňylyp giden ýagdaýynda ölüm howpy hasda ösýär. Eger sen ulagdan çalt çykmaly bolsaň, aljyraňňy ýagdaýda – ýangyn sebäpli ýa-da ulagyň suwa çümen ýagdaýynda kemerler seni halas eder. Sen huşuňy ýitirmedik yagdaýyňda ulagdan çalt çykyp bilersiň.

"Kemerler amatly däl". Şu günki howpsuzlyk kemerleri sürüjilere orän amatly bolar ýaly ýasalýarlar. Kemerler seniň hereketiňe görä üýtgeýärler, olary aňsatlyk bilen giňeldip we daraldyp bolýar. Awtoulag birden dursa, ýorite mehanizm olary bir ýerde bekleýär. Egniňden geçýän kemeri azrak çekip boşadyp amatly dakyp bilersiňiz, amatlylyk gysyçlary kemeri giňeldýärler. Kemer gysga bolsa, sen kemeri uzaltmana kömek edýän bölegi satyn alyp bilersiň.

"Maňä kemer gerek däl. Ulagymda howa ýassygy bar". Howa ýassygyň barlygy gaty gowy zat! Howa ýassygy kemerleriň netijeliligini 40% ýokarlandyrýar. Ýone howa ýassygy hiç wagt kemerleriň deregine ulanylmaga niýetlenip bilmez, sebäbi ol gapdaldan gelýän urgudan seni halas edip bilenok.

"Meni Alla gorar!" Mümkin sen, "Alla ilki bilen özüni gorany we özüne hormat goýany goraýar" diýen pähimi eşidensiň!...

Ilki bilen seniň goraglylygyň öz eliňdedigini hiç haçan unutma!

  • 5609 gezek okalan