• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • BEDENIŇ KESELLERE GARŞY GÖREŞMEK UKYBYNY ÝOKARLANDYRMAGA KÖMEK EDIP BILJEK IŇ GOWY MASLAHATLAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BEDENIŇ KESELLERE GARŞY GÖREŞMEK UKYBYNY ÝOKARLANDYRMAGA KÖMEK EDIP BILJEK IŇ GOWY MASLAHATLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.71 (28 Ses)

Bedeniň kesellere garşy göreşmäge kömek edýän (Immun ulgamy) ulgamynyň işini ýokarlandyrmak, aýratyn hem çagalar üçin, keseliň ýiti, ýygy ýüze çykýan we dowamly keselleriň beterleşýän döwründe örän zerurdyr. Eger bedeniň kesellerden goranmak ukyby ýokary bolsa, güýz-gyş paslynda wiruslaryň döredýän keselleri beden üçin gorkuly bolmaýar. Wirus keselleri gowşak immunitetli adamlar, ylaýta-da gowşak immunitetli çagalar, gartaşan adamlar üçin howpludyr. Şol sebäpli hem, öz bedeniňiziň goraglylyk ulgamyny berkidýän çärelerden habarly bolup, olary hemişe berjaý etme, sizi üznüksiz keselçilik ýagdaýynda galmadan halas edip biler.

Keselleriň ýüze çykyş alamatlaryny anyk bilip, gymmatly wagty ýitirmän, hökmany ýagdaýda bedeni tapdan düşürýän ýiti respirator wirusly kesellerini bejerme möhümdir.

Işde we öýde penjireleri açyp, azyndan bir gezek, 5-10 minudyň dowamynda otagy gowy şemallatmagy hem ýadyňyzdan çykarmaly däldir. Şeýtseňiz, birinjiden, ýürek-damar, degna we immunitet ulgamlaryň kadaly, gowy işlemegi üçin gerek bolan arassa, tämiz howany öýüňize göýberýärsiňiz. Ikinjiden bolsa, otaglarda zyýanly bakteriýalaryň we wiruslaruň köpelmeginiň öňüni alarsyňyz.

Immun ulgamyny tijendirmek üçin nämeler etmelikä?

Aşakdaky maslahatlar bir göräýmäge ýönekeý bolup görünse-de, olaryň näderejede peýdalydygyna, kadaly berjaý edip başlanylandan soň göz ýetirersiňiz.

1. Köp hereket ediň! Bedeniňizi işjeň ýagdaýda saklaň. Eger mümkinçilik bolsa, sport toplumlaryna baryp, her dürli maşklar bilen meşgullanyň. Suwa düşmek üçin niýetlenen suw howuzlaryna gatnaň!

Eger bu şertleri ýerine ýetirmäge wagtyňyz bolmasa, her gün bedeni terbiýeleýji, kuwwatlandyryjy irki maşklar bilen meşgullanyň.

2. Tämiz howada köpräk geziň. Her gün 20-30 minut açyk howada gezmek, degna ulgamynyň işlerini gowlandyryp, onuň dartgynlylyk ýagdaýyny kadalaşdyrýar hem-de bedeniň kesellere garşy durma ukybyny ýokarlandyrýar.

3. Ukyňyzy gowy almaga çalşyň. Gijeki uky 7-8 sagatdan az bolmaly däldir. Ukysyzlyk, aýratyn hem çagalarda immuniteti peseldýär we çagalaryň özlerini gowy duýmaklygyna ýaramaz täsir edýär.

4. Dermanhanalarda satylýan, owkalama üçin niýetlenen düşekçäniň üstünde her gün 3-5 minut aýakýalaňaç gezmeläň. Dabanyň aşagynda ýerleşýän duýgur nokatlara täsir etmek, beden agzalarynyň oňat işlemegine ýardam berýär.

5. Mümkin boldugyça ýygy ýylgyrmagy umutmaň! Lukmanlaryň barlaglarynyň görkezmegine görä, şähdiaçyk, dünýä uly şatlyk bilen seredýän adamlar, tutuk adamlar bilen deňeşdirlende az keselleýärler. Ýakymly emosional duýgular netijesinde emele gelýän "şatlyk gormony" - endorfin, immun ulgamynyň işine peýdaly täsir edýändir.

6. Otlardan taýýarlanylan dermanlary ulanyň! Ehinaseýa ösümligi-immuniteti ýokarlandyrmakda oňat netije berýän serişdedir. Onuň gaýnatmasynyň 1-2 çaý çemçesini günde 2-3 gezek, nahardan öň bir aýyň dowamynda kabul etmek maslahat berilýär. Dermanhanalarda ehinaseýa ösümliginden taýynlanan immunal ady bilen belli bolan dermany hem alyp bolýandyr. Şeýle hem bedeni taplandyrmak maksady bilen lukmanyň maslahatyndan soň, ženşeniň, hytaý limonniginiň, eleutorokokkyň goýy gaýnatmasyny kadaly kabul etmek peýdalydyr.

7. Sowuk we gyzgyn suwlary çalşyp ulanyp, duş (kontrasnyň duş) kabul ediň. Günde şeýle duşuň aşagynda 10-15 sek. sowuk suwy, 10-15 sek. gyzgyn suwy gezekleşdirip üstüňden akdyrmak maslahat berilýär. Sowuk we gyzgyn suwuň akydylmagyny 3-5 gezek çalşyryp gezekleşdirmeli. Soň endamyňy gowy edip arassa süpürgiç bilen süpürmeli. Dürli temperaturaly suwlaryň gezekleşdirilmegi gan aýlanşygy gowulandyryp, damarlaryň kadaly işini belli bir derejede saklaýar. Ýöne, ýürek-damar kesellerinden ejir çekýän, gan basyşy ýokary bolan näsaglara gezekleşdirilip akdyrylýan suwy kabul etmek maslahat berilmeýär.

8. Merkezi nerw ulgamynyň dartgynlylygyna (stresse) getirýan ýagdaýlardan daşda durmaga çalyşyň. Nerw ulgamynyň aşa näsazlygy bedeniň agzalarynyň işine ýaramaz täsir edýär. Nerw ulgamyny rahatlandyrmak üçin, iş gününden soň, 30-40 minut sizi rahatlandyrýan, kanagat berýän başga bir iş bilen meşgul boluň.

9. Gök önümleri we miweleri iýiň. Sebäbi biziň bedenimiz ol önümlerdäki bar bolan witaminleri we minerallary, ýörite bar bolan gerdejikler bilen deňeşdirlende, has çalt we aňsat özleşdirýär. Aýratyn hem immunitet üçin peýdaly bolan, sinka, demire we C witaminine baý bolan limony, noýbany, it burny, kelemi, gara smorodinany, sogany, garalyny, almany we sarymsagy öz gündelik iýmitiňizde güňden ulanyň.

10. Hammama gitmek peýdalydyr. Hammam gan we limfa aýlanşygyny gowulandyryp, bedeni zäherlendirýän ýaramaz häsiýetli maddalardan saplanmaga kömek edýär. Ýaramaz täsirli himiki we biologiki birleşmelerden bedeni arassalamak bolsa, immunitetiň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Ýöne ýörek kesellerinden we ýokary gan basyşdan ejir çekýän adamlar hammamyň bejeriji täsirini seresaply ulanmalydyr.

11. Beden tapdan düşen ýagdaýlarda, dermanhanalarda bar bolan immun ulgamyny berkidiji we wiruslara garşy durmaga kömek ediji serişdeleri kabul etmek üçin zerurlyk döräp biler. Häzir şeýle dermanlaryň dürli görnüşleri ulanylýandyr: ýokarda bellenilip geçilen, ösümlik otlaryndan taýynlanan serişdeler, dürli ýokançlyklaryň (pnewmokokk, streptokokk) fermentlerinden taýynlanan dermanlar (IPS-19, bronho-munal, imudon, ribomunil), nuklein turşylygyny saklaýan (derinat, poludan) serişdeler, interferony saklaýan (leýkositar interferon, wiferon, grippferon, arbidol, sikloferon, amiksin, anaferon) serişdeler, çarşak görnüşli mäziň gormonyndan taýynlanan dermanlar (timogen, timalin, timostimulin). Sanalyp geçilenlerden başga-da, immun ulgamynyň düýpli ýetmezçiliklerinde süňk ýiliginden taýynlanan serişdeler (seramil, miýelopid), belli himiki düzümli (pranobeks, lewimazol) dermanlar ulanylyp bilner.

Immun ulgamyny berkidip, keselçiligiň öňüni almak üçin dogry ýaşaýyş düzgünini berjaý edip, ösümliklerden taýynlanan serişdeleri kabul etmek hem ýeterlikdir. Başga derman serişdeleri, diňe immun ulgamyň işini häsiýetlendirýän derňewleri (immunogramma) öz içine alýan lukmanyň barlagyndan soň bellenilmelidir. Bu serişdeler kabul edilende, kabul ediş tertibini we mukdaryny dogry kesgitlemek zerurdyr.

Biziň her birimiz gymmatly wagty ýitirmän, ýönekeýje, çykdaýjy talap etmeýän maslahatlary ýerine ýetirip, immunitetimizi ýokarlandyrmaga aşlasak, saglygymyzy aýawly saklamakda edýän esasy işlerimiziň biri bolardy.

  • 5310 gezek okalan