• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYK SAÇAGY WE ONUŇ BILEN BAGLY SAGLYK MESELELERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYK SAÇAGY WE ONUŇ BILEN BAGLY SAGLYK MESELELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.54 (28 Ses)

Täze Ýyl baýramçylygyny baý naz-nygmatly saçaksyz göz öňüne getirmek asla mümkün hem däldir. Dekabr aýynyň 31-i gijesi, düzgün bolşy ýaly, her birimiziň saçagymyz dürli-dümen önümlerdir, naharlara baý bolup, olary göreňde gözüň dokunýar. Ýöne bu önümleriň biri-biri bilen utgaşmaýandygy we bu utgaşmazlygyň saglyk kynçylyklaryna getirip biljekdigi barada biz pikir hem etmeýäris. Hemme süýji nygmatlardan dadyp, nädip saglygymyza zyýan ýetirmän bolarka?

Lukmanlaryň bellemegine görä, baýramçylykdan soň iýmit siňdiriş bilen bagly kynçylyklardan ejir çekmez ýaly, birnäçe peýdaly düzgünleri berjaý etmek ýeterlikdir:

► Birinji düzgün. Baýramçylyk saçagyna oturmazdan öň, iýmit siňdiriş ulgamyny "kadaly işe" taýynlaň. Şu maksat bilen, baýramçylyk dabarasyndan birnäçe sagat öň ýeňil naharlar bilen garbanyň. Onuň üçin gök önümlerden taýynlanan çorba ýa-da işdäaçar (meselem, winegret), däneli önümlerden bişirilen şüle peýdaly bolup biler. Esasy maksat – öt durgunlylygyny aradan aýryp, bagryň we aşgazanasty mäziň kadaly işini ýola goýmakdyr. Şeýle edilende, tagamly naharlaryň burk urýan ysynyň täsiri bilen, günüň dowamynda ýygnanan iýmit siňdiriji şireleriň birden göýberilmeginiň öňi alnar we iýmit siňdiriş ulgamyň işine agram salynmaz.

Ikinji düzgün. Baýramçylyk naharlanmasyny, ir-iýmişleri we çig gök önümlerden taýynlanan işdäaçarlary iýmekden başlamaklygyň ýalňyşdygyny ýatda saklaň. Çig, ösümlik süýümli önümleri özleşdirme aşgazanasty mäz üçin gaty agyr synag bolup, maýonez goşulan önümler üçin bu howplylyk has hem ýokarlanýandyr. Şeýle naharlanma aşgazanasty mäziň dowamly kesellerinden ejir çekýänler üçin has hem howpludyr. Ondan başga-da, ösümlik iýmitiniň özünde alkogoly saklamaga ukypsyzlygy, sizi basym serhoş bolma ýagdaýyna getirip biler.

Üçünji düzgün. Ýuwaş-ýuwaşdan, mazaly çeýnäp iýiň. Her iýmit bölejigini gowy çeýnäp, siz aşgazana artyk iýmiti kabul etmekden goranarsyňyz. Bu bolsa sizi dabaradan soň ýüze çykyp biljek” aşgazan agyrylardan we agyrlykdan” gorap biler.

► Dördünji düzgün. Tagamlary aşa köp kabul etmekden saklanyň. Onuň üçin baýramçylyk naharlanmasyny belokly (et, balyk, guş eti) ömünleri kabul etmekden başlaň. Şeýle önümler işlenme üçin aşgazanda birnäçe sagat saklanýandyr. Aşgazanyň belli bir göwrüme (3 litra çenli) eýedigi sebäpli, dokluk düýgusy döräp, sizi artyk iýmit kabul etmeden saklap biler.

Bäşinji düzgün. Baýramçylyk saçagynyň başynda alkogol içgileri köp kabul etmekden saklanyň. Bu meselede size kömegi ýene belokly önümler bererler. Alkogolyň täsiri bilen olar aňsat dargap, içegede doly işlenme geçýänçäler alkogoly hem saklaýarlar. Bu hadysa bolsa birnäçe sagat dowam edýändir. Şonuň bilen birlikde hem, alkogolyň gana düşme derejesi peselip, onuň bagra edip biljek zäherleme täsiri azalýandyr.

Altynjy düzgün. Siz üçin adaty bolmadyk, del (ekzotiki) tagamlary az mukdarda kabul ediň. Çünki siz aşgazanyň täze önümi nähili kabul etjegini bilmeýärsiňiz ahyryn. Şonuň üçin oňa artyk agram salmagyň geregi ýokdur.

Ýedinji düzgün. Gazlandyrylan içgileri içmekden gaça duruň. Olar aşgazany süýndürip, onuň içindäki önümleri okislendirýändir. Olary aşa köp kabul edip, özüňizde sarynyň gaýnamagy we gägirme ýaly alamatlaryň döremegini gazanarsyňyz.

Sekizinji düzgün. Ýiti, kakadylan we gowurlan önümleri köp kabul etmäň. Şeýle önümler öt haltanyň işleýşini tijendirip, ödüň köp bölünip çykmagyna getirip biler.

Dokuzynjy düzgün. Täze ýyl saçagynyň başyna oturmazdan öň, bedeniňizi ýüze çykyp biljek iýmit siňdiriş kynçylyklaryna taýynlaň. Baýramçylyk dabarasyna 3 gün galanda, lukmanyň maslahatyndan soň, bagryň işini kadalaşdyryjy derman serişdelerini kabul etmek hem ýerlikli bolup biler. Täze ýyl agşamy iýmit siňdiriş ulgamynyň işini ýeňilleşdirmek üçin, iýmit siňdiriş fermentleriniň toplumyny saklaýan derman serişdelerini kabul etmek hem maslahat berilýär. Ol serişdeleri birinji naharlanmadan 30 minut soň kabul etmelidir.

Derman serişdeleriň içinde öt haltanyň işini "Festal", "Dagestal", "Panzinorm" ýaly serişdeler kadalaşdyrsalar, aşgazanasty mäzine uly agramlylygy ýeňip geçmäge "Mezim-forte", "Pangrol", "Kreon" dermanlary kömek edip bilerler.

Ýokarda bellenilip geçilen ýönekeý düzgünler hem-de Täze Ýyl baýramynyň şowhunlylygy, özboluşly syrlylygy, Size bu baýramçylygy ýatdan çykmajak häsiýetde belläp geçmäge kömek eder.

TÄZE ÝYL BAÝRAMYŇYZ GUTLY WE LEZZETLI BOLSUN!

  • 10239 gezek okalan