• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • BIZ NÄME ÜÇIN SÖÝÝÄRIS?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BIZ NÄME ÜÇIN SÖÝÝÄRIS?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.68 (44 Ses)

Söýgüniň nämedigini aýdyp bilýän adam, hiç
haçan söýen däldir.

A. Bret.

Biz öz durmuşymyzda millionlarça adamlara düş gelsek hem, näme üçin diňe bir adamyny söýýäris? Maýsa bilen Gurban üç ýyl bir ýerde işläp, näme üçin häzir biri-birine başgaça seredip başladylar? Ýaşlarynyň, dünýägaraýyşlarynyň dürlüligine garamazdan, näme üçin Myrat Aýnanyň ugrunda perwanaka? Bu zatlar durmuşyň düşündirip bolmajak kanunlary bilen bolup geçýärmikä ýa-da tötänlikmikä? Elbetde, ýok. Her tanyşlyklar bize öňünden görlüp bilinmejek tötänlikleriň netijesi bolup görünse-de, olar biziň kesgitläp bilmejek, ýöne öz taýymyzy saýlamakda belli bir çözgüde ýetmäge kömek edýän talaplar netijesinde bolup geçýändir. Psihologlar talaplary birnäçe toparlara bölýärler.

Ýekelikden gaçma

Adamynyň enesi bilen emosional gatnaşygynyň ülňüsi, onuň kalbynda ömürlik yz galdyryp, onuň adamlar bilen soňky gatnaşyklaryna hem täsirini ýetirýändir. Kiçi çaganyň ýaşaýşy enesiniň oňa sözsüz düşünşine, onuň talaplaryny düýşuna, ene tarapdan berlen mähirliligiň derejesine baglydyr. Eger çagalykda bize şu zatlar ýetmezçilik eden bolsa, bize düşünýän adamyny tapma islegi bizde has hem güýçli ýüze çykyp biler. Çagalykda ene-ata mährinden ýetmezçilik duýan adamda, öz tapan taýyndan emosional garaşly bolma ýagdaýynyň döräp biljekdigini bellemelidir.

 "Men Aşyry hiç haçan taşlap bilmen. Ony ýitirip bilme gorkusy mende şeýle bir galagoplyk döredýär. Men ony ýitirsem, meni kim söýer? Men ýeke galmakdan gorkýaryn" - diýip, 26 ýaşly Gülälek öz howatyrlanmalaryny beýan edýär.

Beýle söýgi berk ýaly bolup görünse hem, onuň düýbünde dürmuşda ýetmezçilik eden söýgüniň öwezini doldurma islegi ýatýandyr.

Men seni tanaýaryn

Elbetde, bir okuw jaýynda okalanda, bir edarada işlenilende ýa-da goňşy jaýda ýaşalanda öz söýgüli taýyňa duşma mümkinçiligiň ýokarlanýandygyny kesgitlemek üçin sosiolog bolmagyň geregi ýokdur. Ýöne bu diňe biziň gündelik gurşap alýan adamlarymyz bilen tanyşýandygymyzy aňlatmaýar. Söýgi-has inçe we çylşyrymly düýgüdyr. Zigmund Freýdiň kesgitlemesine görä, biz diňe öňden aňymyzda "ýaşaýan" adamyny duýup, kabul edýäris. Başgaça aýdylanda, biz ilki bilen öz aňymyzda isleýän taýymyzyň "suratyny çekip", diňe şondan soň şoňa meňzeş şahsyýeti durmuşda saýlap alýarys. Ol gyzyň ýa-da oglanyň obrazynyň öňden biziň kalbymyzda ýaşaýanlygy üçin, ol özüne çekýär we diýseň tanyş we mähirli bolup görünýär.

Sen ejeme (kakama) meňzeýärsiň...

Kämil gatnaşyklarda biziň saýlap alan taýymyz ene-atamyzyň obrazyna hem deňeşdirilýändir. Eneňiziň ýa-da ataňyzyň obrazyny ýada salýandygy üçin, ol gyz ýa-da oglan sizi özüne çekip biler. Edil şol sebäpden, oglan öz ejesiniň daşky sypatyny (inçeden uzyn boýly ýa-da orta boýlydan togalajyk) we häsiýetini özünde saklaýan gyzy saýlap almaga ýykgyn edýän bolsa, gyz hem öz kakasynyň obrazyna deň gelýän oglany saýlamaga isleg bildirer.

Ýöne durmuşda ters ýagdaýlar hem duş gelip biler. Çagalykdan ene-atasy bilen çylşyrymly gatnaşyklarda bolan oglan ýa-da gyz, içki närazyçylygynyň ýüze çykmasy höküminde, olara düýbünden meňzemeýän adamyny özüne ýanýoldaş höküminde saýlap biler. Bolmasa, professoryň gyzy, 27 ýaşly Aýnuryň kommunal hyzmatlary edarasynyň ussasy Polady çyn ýürekden söýenini nädip düşündirip bolar?...

Mende ýok zat sende bar

Şu günki gün biz öz taýymyz bilen gatnaşyklara uly umyt baglap, olaryň hemme tarapdan göreldeli we talabalaýyk bolmagyny isleýäris. Belki şu sebäpden, biz özümizde bolmagyny isleýän zatlarymyzy özünde jemleýän adama duşmaga ymtylýandyrys. Başgaça aýdylanda, biz özümiziň kämilleşen obrazymyzy görkezýän "aýnanyň" gözlegine çykýarys. 26 ýaşly Gülnäz şeýle düýgulary Amana duşanda başdan geçiripdi: "Ol diýseň syratly we özüne ynamly, baý, başarjaň hem-de wäşi oglan. Onda mende bolmadyk zatlar, esasan hem agzybir maşgalasy-ene-atasy we iki sany jigsi bar. Çagalar öýünde geçen çagalygymda men bu barada diňe arzuw edýärdim. Men pikir etdim: eger meni şeýle adam söýen bolsa, diýmek men nem bu durmuşda belli bir sepgitleri eýelän bolmaly".

Ýöne adamyň özünde bar bolan dogry sypatlaryny özüne ýöňkäsi gelmän, ony saýlan taýyna "geçirýän" halatlary hem bolýandyr. Meselem, aňasty aňynda aýal özüni ynanjaň we garaşly saýyp, özünde pähimliligi we dogry çözgütleri tapyp bilme ukybyny jemleýän erkek adamyny tapmaga isleg bildirip biler. Şeýle etmek bilen ol özi baradaky hemme jogapkärçiligi öz taýyna ýükleýändir.

Biz özümizde halamaýan sypatlarymyzy saklaýan adamyny hem saýlap, öz ýaramaz häsiýetlerimizi duýmazlyga, olaryň bardygyna düşündiriş tapmaga çemeleşip bileris. Meselem, men özümde bar bolan ýaltalygy we geleňsizligi halamok, ýöne meniň taýym hem edil şeýle häsiýetleri özünde saklaýar. Men wagtyň geçmegi bilen, ony has ýalta saýyp, mende şeýle kynçylygyň ýoklugyny ykrar etmäge bolan hukugy gazanyp bilýärin.

Gözleýän zadyňy tapma

Biz söýgüde öňki ýakyn gatnaşyklarymyzda ýetmezçilik eden düýgülarymyzyň öwezini dolmaga çalyşýarys. Biz bize peşgeş berlen şatlyk we bagtlylyk düýgüsyndan ganasymyz ýa-da öň alan "köňül ýaralanmalaryna" melhem tapasymyz gelýär. Ýöne şol ýetmezçilik edýän zadymyzy başga birinden alma isleginiň bolmagynyň, ýalan tama etmelere hem getirip biljekdigini bilmelidir.

...26 ýaşly Yhlas, özünden 8 ýaş uly bolan Bibini halaýar. Onuň dost-ýarlary Yhlasa düşünmeýärler we oňa igenýarler. Ýöne Bibi bilen gatnaşykda Yhlas üçin diňe bir mähirliligi we syrdaşlylygy gözleme dälde, eýsem çagalygynda ýetmezçilik eden goraglylyk düýgusyny we tertipliligi duýma hem möhümdir.

Siziň köpüňiz psihologlaryň düşündirişini okap: "Beýle çylşyrymlylyklara üns berme nämä gerek? Söýgi gözsüz bolýar. Kalbyňa söýgi ody aralaşanda, seniň içki talaplaryňa diň salyp duranok" diýmegiňiz mümkin. Megerem, siz mamlasyňyz.

Söýgi gapyňyzy kakanda, ony uly minnetdarlyk bilen kabul etmegi başarmalydyr. Kämil, hakyky söýgi gatnaşyklary iki adamynyň tansyny ýadyňa salýar. Tans edýänler sazyň akymyna hereket edip, gerek bolsa ýerlerini çalyşmaga, gapdala sowulmaga ýa-da bir ädim öňe çykmaga mümkinçilik tapýarlar. Şunuň ýaly gezekleşdirmeler netijesinde berip we kabul edip alýan söýgüň berkeýär we ýaýbaňlanýar. Durmuş ýolunyň uzak aralygyny geçen adamlar: "Men söýmäni başardymmykam? Ýassykdaşyma düýgülarymyň bar güýjüni we öwüşginini beýan edip bildimmikäm? Onuň beren söýgüsine çyn ýürekden şatlandymmykam?" - diýip, özlerine sorag berýärler.

Bütün ömrümizi duýgulary biri-birimize bermäne we kabul etmäni öwrenme netijesinde: "Men söýgüde ýaşadym" diýen jümläni özüňe aýdyp bilme mümkinçiliginiň döremegi uly bagtlylyk dälmi näme?

  • 14249 gezek okalan