• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • GAHARY ÝATYRMAGYŇ PEÝDALY USULLARY

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GAHARY ÝATYRMAGYŇ PEÝDALY USULLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (48 Ses)

"Men sähel zada gaharlanýaryn", "Gaharymy çagalarymdan çykaryp, soňra gynanýaryn we ökünýärin", "Gahar-gazabyma bäs gelip bilmeýärin. Nädip köşeşmeli?", "Meniň duýdansyz gazaplanmam öýdäkileri biynjalyk edýär", "Men ulag sürenimde-de gaharlanýaryn", "Eziz görýän adamyma azgyrylýaryn, ony gynandyrýaryn. Näme etmeli?". Psihologlar şeýle arzlary günde-günaşa diňlemeli bolýarlar. Durmuşda şeýle sözleri her birimiz diýen ýaly aýdyp, bu ýagdaýdan çykalga gözlemäge çalyşýarys.

Gahardan ýaňa göçgünli ýagdaýa uçran adamyň ýürek urşunyň ýygylygy artýar, gan basyşy ýokarlanýar, "kuwwatlylyk gormonlary" hasaplanylýan adrenalin we noradrenalin gormonlarynyň derejesi ýokarlanýar. Gadym döwürlerde göçgünlilik we gahar-gazap ýaşaýyş üçin zerur bolupdyr. Gaharly adama duşmana we daş-töweregindäki kynçylyklara gaýtawul berme ýeňil düşüpdir. Emme häzirki döwürde özüňi şeýle alyp barmagyň geregi ýok. Adam gaharyny daşyna çykaryp, "içini boşadyp" bilenok. Hemişe özünde dörän öýke-kinäni basyp, gaharyny "ýuwdup" ýören adamyň susty peselýär, onda dürli keselleriň döreme mümkinçiligi hem artýar. Hemişe gaharlanyp, oňa bäs gelip bilmezlik hem töwerekdäki adamlar bilen gatnaşyklara, işe zyýanyny ýetirýär, durmuşy manysyz edýär.

Siz öz duýgularyňyza erk edip bilmän, ujypsyzja zada hem gaharlanýan bolsaňyz, näme etmeli?

1. Gaharyňyzy daşyňyza çykarmaga howlukmaň. Biraz säginip, on gezek uludan dem alyň. Bu size biraz köşeşmäge, gaharyňyzy getiren adama bolsa pikirini jemlemäge, artykmaç gynandyrjak sözleri aýtmakdan saklanmaga kömek eder. Mümkin bolan ýagdaýynda gaharyňyz ýatyşýança, otagdan çykyp gidiň.

2. Köşeşdiriji usullardan peýdalanyň. Gaharyňyz gelip başlanda, ýörite dem alyş maşklaryny ýerine ýetiriň, gözüňizi ýumup, tebigatyň ajaýyp görnüşlerini göz öňüne getiriň, rahatlandyryjy saz diňläň. Gündelik ýörediň-de, ähli nägileligiňizi kagyza ýazyň.

3. Bir-iki sany fiziki maşky ýerine ýetiriň. Bedenterbiýe maşklar edilende, beýnide bagt gormony hasaplanylýan endorfin bölünip çykýar we adamyň şähdi açylýar, keýpi göterilýär. Gahar-gazaby bedende fiziki agram salma arkaly ýeňip bolýandygy tebigy hadysa. Şol sebäpli hem ylgamak, haýdap ýöremek, ýoga bilen meşgullanmak, egilip galmak, oturyp turmak ýaly maşklar size köşeşmäge kömek eder. Mundan başga-da, öýleri ýygnaşdyrmak, arassalamak hem peýdalydyr.

4. Köşeşeniňizden soň, bolup geçen ýagdaýy ara alyp maslahatlaşyň, öýkeleşen adamyňyz bilen gürrüňdeş boluň. Öz pikiriňizi äsgermezlik, ulumsylyk äheňinde beýan etmäň. Diňe öz aýdýanlaryňyzy dogry hasaplamaň. Ol ýa-da bu mesele babatda başga adamlaryň hem pikiriniň bardygyny ýatda saklaň.

5. Söhbetdeşiňize öz pikiriňizi sylanşykly beýan ediň. Siz "Sen hemişe içerini döküşdirýärsiň" diýmegiň ýerine  "Men seniň içerini ýygnaşdyrmandygyňa gynanýaryn" diýen sözleri aýdyň.

6. Ýerlikli degişme hem dartgynly ýagdaýy gowşadyp biler. Ýöne bir zadyň üstünden güljek bolup, kakdyryp gürlemegiň geregi ýokdur.

7. Siziň gaharyňyzyň gelmegine sebäp bolýan meseleleriň çözgüdini gözläň. Çagaňyz sapaklaryndan ikilik alan bolsa, onuň öý işlerini barlaň, mugallymlary bilen duşuşyp, söhbetdeş boluň. Ýan ýoldaşyňyz agşamlyk naharyna gijä galyp gelýän bolsa, onda saçagy gijiräk ýazyp, taýyn ediň. Gahar-gazap meseläni çözmän, eýsem ony has kynlaşdyrýar. Şuny hiç haçan unutmaň.

8. Adamlaryň hemmesi siziň göwnüňize ýarap bilmez. Siz gaharyňyzy getiren adamy bagyşlamaga çalşyň. Gerek bolsa, ondan ötünç soraň. Şeýle etseňiz, adamlar bir-birine has mähirli bolar.

9. Psihologlar, adamynyň öz öňünde goýýan maksatlaryna ýetip bilmedik ýagdaýynda içki agressiýanyň (gazaplylygyň) toplanyp, ownuk durmuşy hadysalaryň üsti bilen ýüze çykýandygyny belleýärler. Şol sebäpden öz öňüňizde mümkinçilikleriňize laýyk gelýän maksatlary goýup, olara ýetmäge çalşyň. Wagtlaýyn döräp biljek kynçylyklara taýyn bolup, olaryň çözgüdini tapmaga, sizi içki oňaýsyzlyga sezewar edip biljek zatlardan halas bolmaga ymtylyň.

Şu ýönekeýje maslahatlar size gahar-gazaby özbaşdak ýeňip geçmäge, oňaýsyz ýagdaýlardan mynasyp çykmaga kömek eder.

Emma gaharlanan wagtyňyz siz gazabyňyza bäs gelip bilmän, töweregiňizdäkiler üçin howply bolsaňyz, haýal etmän hünärmen lukmana ýüz tutuň.

  • 6858 gezek okalan