• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • PLASTIKDEN ÝASALAN ÖNÜMLER ZYÝANLYMY?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

PLASTIKDEN ÝASALAN ÖNÜMLER ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.54 (26 Ses)

Öý bikeleriniň köpüsi, amatlylygy sebäpli taýyn naharlary we önümleri öň ulanylan plastik gaplarda (suwdan ýa-da doňdurmadan boşan gaplar) saklaýarlar.

Bu gaplar ulanmaga oňaýly bolsa-da, howpsuz däldir. Ulanylan gaplary zyňmaga dözmeseňiz hem, olary aşhana hajatlary üçin ulanmaň. Şübhelenýän bolsaňyz – gaplarda görkezilen ýörite şertli belgileri okaň.

Iýmit bilen galtaşýan plastik sanitar-gigiýenik barlaglardan geçirilýär we sertifikatlaşdyrylýar. Plastik gap-gaçlaryny öndüriji öz önümlerini belgilemäge (markirlemäge) borçludyr. Iýmit üçin ulanylýan plastikde "bulgur we çarşak" (1) şekilli belgi bolmaly. Bu belgiden başga-da, plastik gaplaryň sowuk ýa-da gyzgyn iýmit üçin, mikrotolkunly peçler ýa-da doňdurmak üçin ulanylmaga niýetlenendigi hem görkezilýär. Mysal üçin, "garjagazyň" (2) şekili plastik gabynyň doňdurmak üçin ulanylyp boljakdygyny, "tolkunly peç" (3) şekili bolsa plastik gabynyň mikrotolkunly peçde ulanylyp boljakdygyny aňladýar. "Tarelka we akyp duran duşyň" (4) şekili plastik gaby gap-gaç ýuwýan maşynda ýuwup bolýandygyny görkezýär.

Plastik gap-gaçlaryň zyýany

Plastik – polimer himiki serişdedir. Poliwinilhlorid (PWH), polipropilen, polietilen, polistirol we polikarbonat – iň giň ýaýran polimer serişdelerdir. Olardan tehniki we gap-gaç öndürmekde ulanylýan plastik taýýarlanylýar.

Arassa görnüşde alnanda, plastik berk bolmaýar. Ol yssyda ereýär, ýagtyda bolsa jaýrylýar. Onuň berk bolmagy üçin stabilizatorlar ulanylýar. Plastmassa berkeýär, emma şonuň bilen bir wagtda onuň düzüminde zäherleýji maddalar emele gelýär.

Polimerler zäherli bolmaýar we iýmite garyşmaýar. Emma olara goşulýan tehnologik garyndylar, eredijiler, himiki maddalar iýmite geçip bilýär we adam saglygyna zyýanly täsirini ýetirýär. Bu hadysa, esasan, iýmit önümleri saklananda ýa-da gyzdyrlanda bolup geçýär. Polimer serişdeler könelýär we zyýanly maddalar bölünip çykýar.

Amerikan alymlarynyň bellemegine görä, adam bedeninde ýygnanýan plastik maddalaryň 80%-i gurluşyk we bezeg serişdelerinden, plastik gap-gaçlardan düşýär.

Plastik gap-gaçlaryň peýdasy

Plastik gaplar ýeňil, arzan, arassa, ulanmaga oňaýly bolýar. Şeýle gap-gaçlary bir ýere gidilende, syýahat edilende ulanmak amatlydyr. Olary ýuwmagyň geregi ýok. Bir gezek ulanmaga niýetlenen plastik gaplar köp ýokanç keselleriň ýaýramagynyň hem öňüni alýar.

Plastik gaplary ulanmak boýunça peýdaly maslahatlar

► Plastik gap-gaçlar saglyga zyýan ýetirmez ýaly, olary bellenilen maksatlar üçin ulanmaly. Dürli markaly plastik gaplar aýry-aýry häsiýetlere eýedir. Hut şol sebäpli hem hünärmenler plastik gaplarda iýmiti uzak wagt saklamagy, bir gezek ulanylmaga niýetlenen plastik gap-gaçlary bolsa birnäçe gezek ulanmagy maslahat bermeýärler.

► Düzümi şekerli we ýagly önümleri plastmassa gaplarda taýýarlamak bolmaýar.

► Bir gezek ulanylmaga niýetlenen gap, ikinji gezek ulanylanda, onuň gorag gatlagy zaýalanýar we formaldegid, fenol, kadmiý, gurşun ýaly kanserogen (howply täze döremelere getirip biljek) maddalar bölünip çykýar.

► Alkogolly içgiler üçin hem plastik bulgurlary ulanmak örän zyýanlydyr. Plastigiň düzümindäki zäherli maddalar alkogolyň himiki “hüjümine“ döz gelip bilmeýärler.

► Plastik gyzdyrlanda, bölünip çykýan zyýanly birleşmeleriň sany has artýar. Şol sebäpli hem mikrotolkunly peç üçin ýörite niýetlenen gap-gaçlary ulanmaly.

► Plastik gaplarda saklanan iýmit önümlerini öýe getiren badyňyza daşyna çykaryň, plastik örtügini aýyryň.

► Iýmit önümlerini diňe aýna we keramiki gapda saklaň.

► Çagalar üçin diňe aýna ýa-da karton (gaty kagyz?) gapda saklanylan iýmiti satyn alyň.

► Suw saklamak üçin niýetlenen plastik küýzäniň reňki bulaşsa, ony ulanmaň.

► Konserwirlenen gaplaryň düýbüne ýazylýan plastik örtüginiň düzüminde bifenol saklanýar. Wagtyň geçmegi bilen şol bifenol iýmite siňýär we saglyga şikes ýetirýär. Konserwa gaplaryny açanyňyzdan soň, onuň içindäki önümi aýna gaba geçiriň.

Plastik gaplaryň häsiýetlendirmesi

Plastik gaplaryň ýörite halkara markirowkasy (belgisi) olaryň dogry ulanylmagyna kömek edýär. Belgidäki üçburçlygyň içinde plastigiň görnüşini aňladýan san, aşagynda bolsa plastmassanyň görnüşini aňladýan harplar görkezilýär:

PET (1) – Polietilenterftalat: gazly içgiler, süýt önümler, ösümlik ýaglar, kosmetik önümler üçin ulanylýar.

PVC (3) – Poliwinilhlorid – suw çüýşeleri, lukmançylykda ulanylýan gaplar.

Poliwinilhloridden ýasalan gap-gaçlar nahar gyzdyrylanda ýa-da doňdurlanda sintetik dioksin zäherini bölüp çykarýar. Dioksinler bolsa adam bedeniniň ýag dokumasynda ýygnanýar we uzak wagtyň dowamynda (30 ýyl) bedende saklanýar. Bu ýagdaý bolsa rak keseliniň döremegine sebäp bolup bilýär.

LDP (4) – dykyzlygy pes Polietilen (basyşy pes Polietilen): gap-gaç ýuwujy serişdeleriň, ösümlik ýaglaryň gaby, polietilen haltajyklar.

PP (5) – Polipropilen: lukmançylyk önümleri, çüýşe gapaklary, gyzgyn naharlar üçin gaplar, gaplama iýmit örtügi. Polipropilen bulgurlar 1000C derejä durnukly bolýar. Olardan çaý, kofe we beýleki gyzgyn içgileri içmek bolýar (alkogolly içgilerden başga!).

PS (6) – Polistirol: bir gezek ulanmaga niýetlenen gap-gaçlar, süýt önümleri, ýogurt üçin bulgurjyklar, elektroizolýasiýa örtügi. Polisterol sowuga durnukly bolýar. Emma gyzgyn bilen galtaşýan polistirol zyýanly stiroly bölüp çykarýar. Gyzgyn önümleri polistirol gaplara guýmaň.

Melaminden ýasalan gap-gaçlar ak, ýylpyldyly, ýeňil, döwülmezek bolýar. Şeýle gaplary gyzgyn nahar üçin ulanmak maslahat berilmeýär. Melamin gaplar has berk bolar ýaly, olara asbest goşulýar. Asbest bilen formaldegid gyzgyna eräp başlaýar we bedene zyýanly täsirini ýetirýär. Melamin rak, allergiýa, deri, ýürek, bagyr, dalak, aşgazan, dem alyş ýollarynyň keselleriniň döremegine getirip bilýär.

Umuman aýdylanda, polimer serişdelerden ýasalan gap-gaçlar dogry we talaba laýyk ulanylsa, saglyk üçin zyýanly bolmaýar. Şeýle gaplaryň uzak wagt ulanmak üçin niýetlenmeýändigini unutmaň. Plastik gap nähili owadan we ulanmaga çemli bolsa-da, ondan tizräk dynmak bilen boluň.

Saglyk üçin agaç, aýna, farfor gap-gaçlaryň peýdalydygyny ýatladasymyz gelýär. Olar siziň saglygyňyza zyýan ýetirmez hem-de taýýarlan naharyňyzyň tagamyny üýtgetmän saklar.

  • 4035 gezek okalan