• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ARASSAÇYLYK HAKDA SÖZLEME: BIZ ONY HEMIŞE BERJAÝ EDÝÄRISMI?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ARASSAÇYLYK HAKDA SÖZLEME: BIZ ONY HEMIŞE BERJAÝ EDÝÄRISMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.89 (19 Ses)

"Arassaçylyk – saglygyň girewidir" diýlip aýdylýan söz, durmuşymyzyň uly we wajyp ýörelgeleriniň biri bolup durýandyr. Adamzat döräli bäri öz saglygyna durmuşynda uly ähmiýetli orunlaryň birini beripdir. Arassaçylyk adamyň saglygy we gelşigi, medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir.

Arassa ýüzli, eşikli uly adamyny, ýaş oglan-gyzlary, çagajyklary göreniňde kalbyň nähili göterilýär, gözüň dokunýar. Uzak wagtlardan bäri, arassaçylyk medeniýeti medeniýetiň bir bölegi nukdaýnazaryndan ykrar edilendir. Görnükli rus lukmany Semaşka "Sanitariýa medeniýeti bolmazdan, başga medeniýet bolup bilmez" diýip, arassaçylyk medeniýetiniň wajyplygyny örän ýerlikli aýdypdyr. Bu medeniýeti çaganyň gursagyna ýaşlykdan guýmaga başlamaly. Ol medeniýet bilen çaga ulalyp, ömrüniň ahyryna çenli ony durmuşynyň hemrasyna öwürmeli.

Lukmançylykda çagalaryň we ulularyň keselleriniň öňüni almak üçin birnäçe waksinalary ulanýarlar. Hapa elleriň birnäçe keselleriň sebäpkärleri bolýandygyny göz öňünde tutmak bilen ýönekeýje bir zady, ýagny iýmit iýmezden öň eliňi sabynlap ýuwmagyň özi hem kesele garşy bolan "waksina" diýlip hasaplamaga esas döredýär. Nebsimiz agyrsa-da, biziň biparhlygymyzdanmy ýa-da bilmezligimizdenmi arassaçylyk babatda göz görtele, göze dürtülip durýan näsazlyklara durmuşda yzygider gabat gelýärsiň. Birnäçe halklarda hökmany düzgünligine garamazdan, bizde toý saçagynyň başyna barmazdan öň, öz islegiň bolaýmasa, eliňi ýuwup geçmek haýyş edilmeýär. Bu ýönekeýje düzgün hökmany adat ýaly edilip berjaý edilse, nähili ýerlikli bolardy. Sadakalar berlende, köplenç halk arasynda halanyp iýilýän dograma naharyny taýynlamak üçin el bilen çörek dogralýar. Onuň üçin gelen uly adam bolsun, çaga bolsun, seredip otursaň daşyndan gelip, elini ýuwman çörek dograma girişýärler. Köp ýerlerde şuňa öý eýeleri üns hem bermeýärler we şeýle bolmalydyr öýdýärler.

Käbir ýerlerde, esasan hem öý şertlerinde geçirilýän toýda ýa-da sadakada, adamlaryň köp we birwagtda gelen wagty, çemçedir okaralary sanitariýa ýagdaýlaryny berjaý etmezden, ýagny gowy ýuwman ýa-da asla ýuwmazdan ulanylan gaby beýleki bir gelen adama nahar guýmak üçin äberýärler. Bu ýagdaý esasan ulularyň göýberýän säwlikleri diýse bolar. Gelen adamynyň saglyk ýagdaýyny, olarda nähili keselleriň bardygyny bilýän ýok ahyryn. Şonuň üçin hem, saglyga gezek gelende biparhlyga, jogapkärsizlige ýol bermek asla bolmaz.

Arassaçylyk bilen bagly ýene bir ýetmezçiliklerimiziň üstünde durup geçesim gelýär. Azyk dükanyna baryp satyjydan, esasan hem satyjy oglandan aljak azyk önümiňi çekip bermegi haýyş edýärsiň. Ol bolsa täze sellofan haltajygy çalt açmak maksady bilen, eli bilen açmagyň deregine, agzy bilen üfläp açýar. Seniň lapyň keç bolýar. Belkem, birnäçeler oňa üns hem berýän däldirler. Ýöne seniň özüň lukman ýa-da lukmançylykdan düşünjäň bolsa, oňa biperwaý garap bolmaýar. Satyja onuň hereketiniň ýalňyşdygyny, onuň içki agzalarynyň ýa-da agyz boşlugynyň keselleri bolanda, bar bolan ýokançlyklaryň alýan azygyňa geçmek ýagdaýynyň howpuny düşündirjek bolýarsyň. Ol aýdanyňdan soň gaýtalamajak ýaly welin, ýene dükana barsaň şol bir hereket gaýtalanýar. Ol satyjy belki-de degişli okuw jaýynda okan däldir ýa-da sanitariýa ýagdaýlaryny bilmän ol zatlara pitiwa edýän hem däldir.

...Oba myhmançylyga barýarsyň. Yssy tomsuň güni geçip, jana şypa beriji agşam aralaşýar. Adamlaryň dynç almaly wagty bir ýerlerden burugsap gelýän ajy tüsse dem almaňy kynlaşdyrýar. Töweregiňe göz aýlasaň, öýden uzak bolmadyk ýerde içi zir-zibilli gabyň ýanyp duranyna gözüň düşýär. Öýüň eýesine şunuň ýol berilmesiz ýagdaýdygyny, ýakymsyz tüsseli howadan dem almanyň hemmeler üçim, aýratyn hem çagalar, garry adamlar üçin örän howpludygyny düşündirýärsiň. Ol zir-zibiliň köplenç äkidilmän, her öýde gezekli-gezegine otlanýandygyny ýaňzydýar. Şu güne deňiç dowam edip gelýän ýagdaýyň adam saglygy üçin zyýandygyna adamlaryň düşünmeýänligini görüp, bialaç başyňy ýaýkaýarsyň. Şeýle ýagdaýlaryň şäherlerde hem ýüze çykýan wagty seýrek däl. Aýratyn hem güýz aýlary, baglaryň ýapraklarynyň düşýän wagtlary, köçe süpürijileriň olary üýşürip otlaýan halatlaryna az duş gelmeýärsiň.

Käbir ýerlerde, aýratyn hem obalarda, geýim, nahar iýlen gaplaryň, awtoulag ýuwlan hapa suwlaryň köçelere akdyrylýandygyny syn etmek bolýar. Köçeden ýöremek kynlaşýar, ol ýer gurandan soň dymyljyk ys emele gelýär.

Bazarlara baranyňda ýa-da adamlaryň köp geçýän ýerinde çörek ýa-da bişirlen mekge satyp oturanlary göreňde has hem oýa batýarsyň. Sebäbi ol satyjylar alyjydan bir eli bilen puly alyp, ýene şol eli bilen çöregi, mekgäni berýändigine we şeýleleikde hapa elleriň kesellerini ýaýradýandygyny bilmeýärler ýa-da bilmek hem islemeýänler ýaly bolup görünýär. Nebsiň agyrýan ýeri hem, adamlaryň biperwaýlygy, galyberse-de sanitar-epidemiologiýa gullygynyň biparhlygy we polisiýanyň ol zatlara göz ýummagy, hapaçylygyň ýaýramagynyň dowam etmegine ýardam berýär.

Ýaş oglan-gyzlar agşamlaryna seýil baglaryň içinde oturgyçlarda oturýarlar, gürrüňleşýärler. Olaryň duşuşyp oturmalary göwnejaý bolsa-da, ertir şol ýeri göreniňde adam oturana meňzemeýär. Çigitlenen çigit gabyklary, azyklardan boşan gutylar, çekilip zyňylan çilimiň galyndylary, tüýkürilen tüýlülik we şuňa meňzeşler "ol ýerde haýwan saklanan bolsa-da şeýle bolmazdy" diýdirýär. Şunuň ýaly ahwalatlara jemgyýetçilik ulaglarynda we taksilerde hem gabat gelseň bolýar. Gidip barýan hususy awtoulaglardan daşyna zyňylýan çekilen çilim we sellofan haltajyklar, plastmassa gutujyklar adaty zada öwrülen ýaly.

Bu gaýtalanyp durýan näsazlyklar pikir etmäge mejbur edýär we öz-özüňe sorag berýärsiň: bu biziň biperwaýlygymyzy görkezýän ýagdaýmy ýa-da umumy medeniýetiň ýetmezçiligimikä?

  • 7343 gezek okalan