• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • TÄZE ÝYLY NÄHILI GARŞY ALMALY?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

TÄZE ÝYLY NÄHILI GARŞY ALMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.69 (26 Ses)

Hemmeler tarapyndan söýgüli Täze Ýyl baýramçylygy hem ýetip geldi we oňa ulular bilen birlikde çagalarda sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Garaşylýan baýramçylygyň dogrudan hem şowhunly geçmegi üçin, ony garşy almaga öňünden taýynlyk görülse jübtüne düşer. Bu meselede geliň, astrologlaryň berýän maslahatyny diňläp göreliň. Asmanda monjuk kimin ýylpyldaýan ýyldyzlardan gelip ýeten buýraja Goýunjygyň (Hytaý ýylsanawynda – gök agaç Geçi) – Täze 2015-nji Ýylyň simwolynyň, bize bolan hormatyny, rakyplylygyny, hemaýatyny gazanmagyň inçe syrlaryny bimäge çalşalyň. Baýramçylygyň bosagasynda, biz üçin öz öýmüzi bezemegiň, tagamlary taýynlamagyň we nirede hem-de kim bilen şatlygymyzy paýlaşmagyň düzgünlerini bilme diýseň peýdaly maglumat bolup durýandyr.

TÄZE ÝYLDA ÖÝLERI NÄHILI BEZEMELI?

Islendik baýramçylyga taýynlanma çäreleri, restoranyň zalydygyna ýa-da hususy ýaşaýyş öýüdigine garamazdan, elbetde, jaýyň içini bezeme işlerinden başlanýar. Goýnuň terje ýaşyl ösümlikleri, otlary gowy görýändigi sebäpli, bezeg çärelerinde bu esasy düzgüni göz öňüne tutmak gerekdir. Täze ýylda ýörgünli boljak gök we ýaşyl reňklere üns berip, olary gezekleşdirip ulanma, otag gök ösümlikleriniň dürli görnüşlerini otaga goýma, otaga girilýän bosaganyň ýokarsynda jaňjagaz asyp goýma Goýunjygyň göwnünden tursa gerek. Otagyň beseg işlerinde agaçdan ýasalan dürli şekiljikleri, surat üçin agaç gaplamalary ulanma hem tüýs jüpüne düşjek zatdyr. Ýöne bu zatlary aşa üýşürmän, öz çaky bilen goýup, bezelen otagdan lezzet almak wajypdyr. Diňe öz fantaziýaňyza eýeriň!

TÄZE ÝYL GIJESINDE NÄHILI GEÝINMELI?

Näme geýmeli? Biz adaty günler birnäçe gezek bu soragy özümize berýäris. Täze Ýyl gijesinde bolsa lybaslary saýlama soragyna ýaş gyzlar has hem çynlakaý çemeleşmelidir. Esasy ýatda saklamaly düzgün – tebigi süýümlerden dokalan matalardan tikilen lybaslary saýlaň. Köýnegiňiz bir reňkli bolup, ony hem bir görnüşli bezegler, aksessuarlar bilen geýmäge çalşyň.

Meniň pikirimçe, Goýun uly we köpsanly gaşly, zerli ýalpyldaýan matalary halamazmyka diýýärin. Şonuň üçin has ýumşak we elläniňde ýakymly kaşemirden, pombarhatdan tikilen köýnekleri we baganaly egin-eşikleri geýme oňa ýaramly bolar. Saçlaryňyzy ýylmaman, buýra edip, dürli görnüşde ýygnasaňyz bolsa, bu gijede Sizden gözel zenan hem bolmaýar.

TÄZE ÝYLY NIREDE GEÇIRMELI?

Täze Ýyl baýramçylygy üçin onuň belleniljek ýerini we bile oturjak adamlaryňyzy saýlama soragy has hem wajyp bolup, bu iki meseläniň çözgüdine Siziň keýpiňiz, baýramçylygyň dabaralygy we şowhunlylygy, ondan galjak ýatlama duýgularynyň äheňi baglydyr. Goýnuň ýuwaşlygyny, utanjaňlygyny, asudalygy halaýanlygyny göz öňüne tutup, baýramçylygy belleme hem şoňa görä gurnalsa dogry bolardy. Baýramçylyk maşgala agzalarynyň arasynda bellense Goýun üçin ýakymly bolar. Sebäbi ol öý haýwany we asudalygy örän halaýar. Baýramçylygyň has şowhunly geçmegi we maşgala agzalaryňyzyň ýüregini gyşdyrmazlyk maksady bilen öňünden şowhuny geçirmegiň meýilnamasyny düzüp taýynlansaňyz has hem gyzykly bolar. Maşgalaňyz bilen şäheriň daşyna çykyp, öz daçaňyzda baýramçylygy belleme has hem oňaýly çözgüt bolup durýandyr.

TÄZE ÝYL SAÇAGY

Täze Ýyl baýramçylygyny dürli näz-nygmatdan doly saçaksyz göz öňüne getirme asla mümkin hem däl. Goýna myhmansöýerligiňizi görkezmek üçin saçagyňyzda ter otlary goýma wajypdyr. Saçagy otlar bilen bezäp, dürli gök önümlerden taýynlanan işdäaçarlary, süýt önümleri (meselem, peýnir) goýsaňyz tüýs Goýnuň göwnünden turarsyňyz. Et önümlerini taýynlamakda aýratyn bir kesgitlikler bellenmese hem, meniň pikirimçe, Goýnuň göwnüne degmez ýaly, goýun eti saçakda goýulmasa dogry bolardymyka diýýärin. Naharlardan söň, has ýeňil bolan tagamly önümler (meselem, doňdurma) ýa-da ýöne ir-iýmişler saçaga äberilse Goýun üçin lezzetli bolar. Aýratyn hem onuň üçin ir-iýmiş şirelerini, morslary içme ýakymlydyr. Baýramçylyk tagamlaryny taýynlama möhüm hem bolsa, baýramçylygyň esasy manysy – ony adaty nahar iýişlige öwürmän, ony hemmeler üçin gyzykly we ýatdan çykmajak waka ýaly geçirmekdir.

BIRI-BIRIŇIZE GOWY ARZUWLARY EDIŇ!

Täze Ýyl jadyly ertekilerden gelen misli, hemme arzuw-islegleriňiziň, meýilleriňiziň amala aşýan çagydyr. Ýüregiňizi söýgä, töwerekdäki adamlara bolan hormata, ýakymly duýgulara açyp, biri-biriňize iň mylaýym, ýakymly, gowy arzuwlary ediň. Özüňizi adamlar üçin peýdaly işleri amala aşyrmaga taýynlaň. Şonda asudalygy, durnuklylygy halaýan buýraja, hoşniýetli Goýnuň Siziň hem arzuwlaryňyzy hökman ýerine ýetirjekdigine ynanaýyň.

  • 4108 gezek okalan