• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • AWTOULAGAR, SAGLYK WE DAŞKY GURŞAW

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AWTOULAGAR, SAGLYK WE DAŞKY GURŞAW

  • Mälikmyrat Myradow
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (15 Ses)

Awtoulaglar biziň durmuşymyzy aňsatlaşdyrýarlar. Olar öý hojalygy we işewürlik üçin tapylgysyz kömek bolup durýarlar. Ýöne, siz, awtoulaglaryň siziň saglygyňyza we daşky gurşawa edýän täsiri barada pikir etdiňizmi?

Köne awtoulaglar häzirki zamanyň tehniki we ekologiki talaplaryna laýyk gelenoklar. Olar, ýerli we bütindünýä derejesinde daşky gurşawa düzedip bolmajak zyýan ýetirýärler.

Awtoulaglar bir näçe ýollar arkaly adam saglygyna täsir edýärler.

ZYÝANLY MADDALAR

Awtoulaglaryň çykarýan bogujy gaz (CO, CO2, CH4) we azot oksidleri (NO, NO2) adamlaryň ejir çekmeleriniň sebäbi bolýan kelle agyrylaryň, ýadawlylygynyň, sebäpsiz gaharlanmagynyň we pes zähmet ukyplylygynyň esasy sebäpleridir.

Uly şäherlerde ýürek-gan ulgamynyň we dem alyş agzalaryň keselleriniň, gan basyşyň ýokarlanma keseliniň, semizligiň we howply çiş keselleriň giňden ýaýramagynyň bir sebäbi hem awtoulaglaryň giňden durmuşymyza ornaşmagy bolup biler.

Awtoulaglar diňe bogujy gaz we azot oksidlerini çykarman, topraga we howa agyr metallary we beýleki zyýanly maddalary bölüp çykarýarlar.

GOH WE SAGLYK

Goh – adam üçin gerek bolmaýan we islenmeýän sesdir.

Hatda uly bolmadyk goh-galmagal hem adamyň nerw ulgamyna ýeterlik derejede agram salýar we netijede psihiki bozulmalara getirip bilýär. Adamyň ýaşy, saglyk ýagdaýy, zähmetiň görnüşi we oňä bolan garaýşy gohuň täsir ediş derejesini kesgitleýärler. Şeýlelikde, adamyň özüniň edýän gohy oňa täsir etmän biler, emma daşardan gelýän uly bolmadyk ujypsyzja goh-galmagal onuň gaharyny getirip biler.

Egerde siz şäheriň uly ýolunyň ýakynynda ýaşap, ulaglardan çykýan gohy (ylaýtada gijelerine) üznüksiz başdan geçirýän bolsaňyz, wagtyň geçmegi bilen bu uky bozulmalary we dürli newrozly ýagdaýlaryň döremeginiň sebäbi bolup biler.

DAŞKY GURŞAWY HAPALAMA

Awtoulaglaryň adamyň saglygyna ýetirýän täsirleriniň ähli görnüşleri daşky gurşawa hem täsir edýärler. Awtoulaglaryň çykarýan bogujy gazyndan we gohundan başga, olar ulanylan tekerleri we peýdalanyşdan galan enjamlary, dürli himiki suwuklyklary we oda çydamly ýangyç ýaly hapalanmalary awtoçykaryjy kärhanalarda galdyrýarlar.

Ýangyç guýulýan we ulag ýuwulýan ýerler hemişe ýangyç we benzin bilen hapalanan bolýar. Gyş paslynda, adamlar uly ýollaryň ugrunda buzy eretmek üçin duz döküp çykýarlar. Bu himiki goşundylar toprakda ýygnanyp, soňy bilen biziň daşky gurşawymyzda galýarlar. Netijede, uly awtomenzilleriniň ýanynda toprak hapalanmasy sebäpli agaçlar we beýleki ösümlikler ösmeýärler.

Üstesine, gatnaw ýollary, ulagjaýlary we awtoduralgalar ýerli guşlary we haýwanlary olaryň adaty ýerlerinden gysyp çykarýarlar. Şeýlelikde, uly şäherlerde obalar we jeňeller bilen deňeşdirlende, has az jandarlaryň ýaşajagy düşnüklidir. Köplenç, uly garayollary, ýabany haýwanlaryň ýaşaýan daşky gurşawyny has kiçi zolaklara bölýärler. Beýle bölünmeler, goh, tozaň, gurluşyk işlerinden we ýollaryň ulanylşyndan döreýän zibil, janly jandarlary olaryň adaty ýaşaýan ýerinden ürküzýärler. Netijede, haýwanlaryň ýaşaýyş şertleri üýtgäp, olaryň sany peselýär.

BÜTÜNDÜNÝA HOWA MAÝLAMASY

Biziň hemmämiz bütündünýa maýlamasy we buzluklaryň ereýşi barada eşden hem bolsak, awtoulaglaryň bu hadysa edýän täsiri barada pikirlenmeýäris. Awtoulaglar köp energiýa çykarýarlar we olaryň işjeňliginiň ahyrky önümi höküminde СО2 bölüp çykarylýar. Gaz we ýylylyk biziň atmosferamyzda galýarlar we topragy gyzdyrýarlar. Şeýlelikde, awtoulaglar näçe köp boldugyça, şonça-da köp gyzgynlylyk we gaz emele gelýär hem-de biziň Ýer togalagymyzy gyzdyrýar.

TÄSIRI AZALTMAGYŇ UGURLARY

Ýewropa ýurtlarynda we gür ilatly ýurtlarda jemgyýetçilige köpçülik ulaglaryndan we tigirlerden peýdalanmagy maslahat berýärler. Meselem, Niderlandiýada şäheriň merkesine öz ulagyňda barmak üçin töleg tölemelidir. Bu çäre, ýol hereketini, gohy we howanyň hapalanmasyny azaltmak üçin geçirilýär. ABŞ-da bolsa, awtoulaglaryň ulanylşyny azaltmak niýeti bilen, ähli awtoduralgalar tölegli ýa-da şäheriň merkezinden uzakda ýerleşdirilýär.

Beýik Britaniýada hususy awtoulagyň we ýangyjyň bahasy şeýle gymmat welin, adamlar köpçülik ulaglaryny ýa-da tigir ulanmagy saýlaýarlar. Ýurtda awtobus we otly ulgamlary diýseň ösen bolup, köp adamlar ýaşaýan ýerinden uzakda ýerleşýän ýerlerde işleýärler we awtoulaglaryndan çaltlygy sebäpli otlyny ulanýarlar.

Ýewropada awtoulaglaryň ulanylmagyna garşy aýratyn ekologiki merkezler we hereketler döredilendir. Daşky gurşawy goramak we haýwanlaryň ölüminiň öňüni almak üçin aýmançalar we haýatlar gurulýar. Biziň döwrümizde, tebigatyň we howanyň ütgemegi barada köp gürrüňler edilse hem, awtoulaglaryň daşky gurşawa edýän täsirini peseltmek üçin örän az işler alynyp barylýar.

1997-nji ýylda halkara derejesinde Kioto Ýygnaknamasy kabul edildi. Bu ýygnaknama laýyklykda, agza ýurtlar CO2-nyň we ýylylygyň çykarmasyny hökmany ýagdaýda azaltmak üçin çäreler görmelidir. Bu ýagdaý elbetde awtoulaglaryň ulanylşynyň azalmagyna getirýär. Emma awtoulaglaryň az ulanmagynyň ýurdyň ykdysadyýetine göniden-göni täsir edýändigi sebäpli, agza ýurtlaryň köpüsi bu düzgüni goldanoklar.

Şeýlelikde, Siz ulagyň haýsy görnüşiniň ulanylmagyny dogry hasaplaýarsyňyz?!

  • 4712 gezek okalan