• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • DÜÝŞ NÄME ÜÇIN GÖRÜLÝÄR?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

DÜÝŞ NÄME ÜÇIN GÖRÜLÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.31 (61 Ses)

Uklap yatan adamynyň kellesinde bolup geçýän fiziki hadysalary 1952-nji ýyla çenli hiç kim bilmändir. Alymlaryň aglabasy uklap ýatan beýni hereketsiz, rahat we işjeň däl diýip çaklapdyrlar. Ine şol döwürle, Çikagoly talyp Ýudžin Azerinskiý okuwyny tamamlamaly ýylynda, özüniň 8 ýaşly uklap ýatan oglunyň kelle beýnisinde nähili hereketleriň bolup geçýändigini bilmek isleýär. Ony öwrenmek üçin uklap ýatan kelle beýnisiniň elektroensefalogrammasyny bellige alýar. Ol şonda kelle beýnisiniň nerw öýjükleri tarapyndan işlenilip çykarylýan gowşak elektrik togunyň bardygyna göz ýetiripdir. Elektroensefalograf enjamy özündäki çözlenýan kagyz lentasynda bu gowşak elektrik togunyň yrgyldylaryny bellige alypdyr.

Bu ýüze çykan zatlara ol örän geň galypdyr. Uky wagtynda, her birnaçe sagatdan enjamyň perosy kagyz lentasynda dikligine egri çyzyklary örän çalt depginde çyzypdyr. Şunuň ýaly ýagdaý bolan wagty, uklap ýatan oglanjygyň gözleri ýumulgy gabagyň astynda çalt hereket edip başlapdyr. Şunuň ýaly elektrik işjeňliginiň ýüze çykýan wagtynyň birinde Azerinskiý ogluny oýarypdyr. Ogly bolsa, kakasyna şol wagt düýş gorendigini aýdypdyr.

Biz uklap ýatan wagtymyzyň 20%-ni düýş görüp ýatýarys

Egerde biz düýş gorüp ýatan bolsak we şol wagt bizi ukydan oýaraýsalar, onda biz şol gören düýşümizi örän ýeňillik bilen ýatlap bilýäris. Azerinskiý düýş görýän adamynyň gözleriniň çalt hereket edýändigine göz ýetiripdir. Haçanda siziň itiňiz ýa-da pişigiňiz uklap ýatan wagtynda, ýumulgy gabagynyň astynda gözlerini hereketlendirip, aýaklarynyň penjesini açyp-ýumýan bolsa, onda siziň ekdiňiziň düýş görüp ýatan bolmagy mümkindir. Hatda kahalatlarda itler üýrüp ýa-da çyňsap hem bilerler.

Uky wagty, düýş görülýän pursatlaryň aralygynda, gözüň çalt hereket edýän mahaly beýniniň elektrik tolkunlary birden gowşaýarlar we perdä duwlanan yaly bolýarlar. Bu ýagdaý uklap ýatan beýnilere mahsus zatdyr. Adamynyň düýş görýän wagty beýniniň elektrik işjeňligi, keýpiçag hem şadyýan adamynyň beýnisiniň elektrik işjeňligine meňzeýändir.

Ýöne bize mälim bolşy ýaly, biziň görýän düýşlerimiz hakyky durmuşymyzda bolýan wakalardan düýpgöter üýtgeşikdir. Gijeki gara basmalar elhenç adamynyň keşbinden ýa-da bolmasa, arwah-jyn diýip atlandyrylýan mahluklardan dolydyr. Hatda biziň görýän gowy düýşlerimizde-de bolup geçýän wakalar örän geň hem täsin. Wakanyň bolýan döwürleri bolsa garym-gatym, durşuna bulam-bujarlykdyr. Mysal üçin siz düýşüňizde yerde pytyrap, lowurdap duran teňňeleri görýarsiňiz, emma olary aljak bolsaň welin, elleriňiz bolgusyzja gerekmejek daşjagazlara degýär.

Görülýän düýşler birhili öran geň galdyryjy ya-da peýda bolup ýitýän görnüşdedir. Haçanda biz oýanan wagtymyzda, bu gören düýşümiziň, beýleki bir gören düýşümiz bilen nähili arabaglanşygynyň bardygyna düşünip bilmeýäris. Düýş görülýän wagtyndaky alamatlar, biz üçin çuň tebigy täsirli pikirleriň sudury bolup biler. Pensilwan uniwersitetiniň psihology Martin Zeligman düýş görmekde bolýan zatlaryň namedigini, onuň name maksadynyň bardygyny düşündirmek üçin nazaryýet (teoriýa) taýýarlapdyr.

Zeligmanyň teoriýasy esasynda düýş görülýän mahaly beýniniň elektron işjeňligi güýçlenýar we duýdansyz keşp peýda bolýar. Her gezek beýniniň möwjäp täzeden işläp başlamagy netijesinde, täzeden-täze keşpler emele gelýär. Adaty düýş görmegiň dowamynda keşpler her 10-30 minutdan çalşyp durýarlar. Mysal üçin keşpleriň birinjisi – äpet agaç, ikinjisi bolsa – köne jaý. Beýni manysyz zatlardan manyly bir zat döretmek üçin, yzly-yzyna täze görnüşleri biri-birine seplap gidip otyr. Olaryň örän gülkünç, gaýgyly ýada gorkunç bolmagy mümkin. Bu düýş görýän adamynyň emosional ýagdaýyna bagly bolýar.

Uklap ýatan beýnä daş-töwerekde bolup geçýän hereketler hem göniden-göni öz täsirini ýetirip biler. Mysal üçin, siziň ýatan otagyňyzdaky stolda duran sagat jyrlady diýeliň. Edil şol wagt siziň görýän düýşüňizde hem mekdepde sapaklaryň gutarandygyny habar berýän jaň sesi eşidilýär. Beýni nahilidir birhili edip daş-töwerekde bolýan hereketleri kabul edýär we ony bada-bat görülip duran düýşe goşup goýberýär.

Pişiklerdir itler hem düýş görýärler. Bu haýwanlaryň düýş görýanligini, olaryň ýatan wagty ýumulgy gabaklarynyň astynda gözlerini gyrpyldatýanlygyndan bilip bolýar.

Alymlar köp ýyllaryň dowamynda düýş görmegiň syrlaryny öwrendiler. Şonuň netijesinde hem, biziň nähili ýagdaýda düýş görýandigimiz barada kop maglumatlary bildiler. Ýöne şondada biziň näme üçin düýş görýändigimiz, häli-häzire çenli hem näbelli syr bolup galýar. Zeligman özüniň işläp taýýarlan teoriýasynyň, ukyda düýş görmekligiň sebäbini anyklamak üçin peýdasy deger diýip belleýär. Düýş görmeklik – bu biziň daş-töweregimizi gurşap alýan dünýä many bermek boýunça amaly sapak geçýändigimiz ýaly bir zat bolmagy mümkin. Biz hökmany ýagdaýda her günki wakalary, duýgulary seljermeli we ondan many çykarmaly hem-de bu zatlary durmuşymyz bilen ýeke-täk, bütewi bir zat ýaly kabul etmeli. Şonuň üçin hem biz her gije bu sungatda türgenleşik geçýäris.

Şu nukdaýnazardan seredeniňde Zeligman şeýle hasaplaýar: näme üçin kiçijik çagalar uzynly gun diýeh ýaly ýatýarlar we düýş görýärler? Sebäbi olar düýşünde duýgudan doly, täsin keşpli ullakan dünýäni owrenýärler.

  • 17162 gezek okalan