• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • “MESELE DÄL!” – IŇ BÄHBITLI WE ÝITGISIZ ÇÖZGÜTLER WE OLARA ÝETME USULLARY

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

“MESELE DÄL!” – IŇ BÄHBITLI WE ÝITGISIZ ÇÖZGÜTLER WE OLARA ÝETME USULLARY

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.95 (19 Ses)

Edaraňyzda öňki hödürleýän harytlaryňyza täze görnüşli haryt goşuldy. Bu haryt barada müşderlere haýsy usul bilen aýan edip bolarka? Olary haryt bilen nädip gyzyklandyryp bolarka? Uniwersitetde türkmen talyplary bilen Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli çäre geçirmekçi bolýarsyňyz. Çärede nähili çykyşlary, oýunlary ýa-da hezzetleme üçin naharlary taýýarlamaly? Elbetde, bu soraglara, meselelere birnäçe çözgüt tapyp bolýar. Şeýle hem, meselä çözgüt tapmagyň bir-näçe usullary hem bar. Siz nähili usul bilen çözgüt tapýarsyňyz?

Ösüşe çalt we bökdençsiz ýetmek isleýän adam ýa-da islendik göwrümdäki hem-de çylşyrymlylykdaky edara üçin esasy talap – öňde goýulan meseleleriň iň çalt we bähbitli çözgüdini tapmagy başarmakdyr. Bu saýlanan çözgüt bolsa ähli bolup biljek çözgütleriň arasynda az ýitgilisi we has bähbitlisi bolmalydyr. Şuny ýerine ýetirmek üçin meseleleri çözmegiň birnäçe usullary bardyr.

Ilki bilen bu usullar mesele çözmäge çalyşýan adamlaryň sanyna görä tapawutlanýarlar. Bu bir ýa-da on adam, ýa-da Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýaly has uly topar hem bolup biler. Adam sany näçe az boldugyça, şonça hem çözgüt çalt tapylýar. Sebäbi jedel esasynda döreýän pikirleriň we ylalaşmaly agzalaryň sany az bolup, bu wagt tarapdan bähbitli bolup bilýär. Emma bu bir taraplaýyn, hili pes, gerekli möçberde tankytlanylmadyk çözgütleriň döremegine sebäp bolup biler. Adam näçe köp bolsa, şonça-da çözülmeli meseläniň birnäçe dogry çözgütlerini tapma mümkinçiligi döreýär. Ýöne birnäçe ýetilen çözgütleriň arasynda iň bähbitlisini saýlamak, wagtyň ýitirilmegine getirip bilýär.

Ondan başga-da, çözgüt gözleme çykyşlaryň gurnalşyna baglylykda hem mesele çözme usullary tapawutlanýar. Meselem, pikir aýdyşmalarda diňe ýeke özümiz bolup bileris ýa-da birden köp adam bolsa-da, diňe birine söz berilmegi ahmaldyr. On adamyň içinde wezipesine görä diňe üç adam ýa-da her kim öz pikirini goşup biler. Soňky berlen mysalda, söhbet toparyň bir adam tarapyndan alnyp barylmagynda ýa-da kadasyz, gezeksiz, ähli kişiniň islän wagtynda öz, azat pikirini beýan etmeginde hem gurnalyp bilner. Bu bolsa wagt ýitgisine getirjek, netijesiz pikirleriň öňe sürlüp, iň bähbitli pikirleriň bolsa çekinmeden ýa-da kadasyz gürrüňdeşligiň gohundan ýaňa üňssüz galdyrylmagyna getirip biler.

Aýdylyp geçilen ýagdaýlaryň üstüne jemgyýetiň syýasy, ykdysady, ruhy durky we mesele çözüş taryhy däp-dessurlary, adamyň ýa-da toparyň medeni häsiýetlendirmeleri goşulanda, meselä çözgüt tapma we soňky saýlanan netijä ýetme has hem çylşyrymlaşýar. Bu ugurdan edilen barlaglaryň aglabasy Günbataryň, ýagny Günbatar Ýewropanyň we ABŞ-nyň halklarynyň milli aýratynlyklaryna we edaralarynyň iş dolandyryş häsiýetnamalaryna esaslanyp geçirilendir.

"BREÝNSTORMIŇ" NÄME?

Meniň pikirimçe, türkmen medeniýeti üçin özgertmeli we bähbitli bolup biläýjek mesele çözüş usullaryň biri hem "Breýnstormiň" (Brainstorming) usulydyr. "Breýnstormiň" iňlis dilinden sözme-söz terjime edilende "brain" – beýni we "storm" – tupan, hüjüm etmek, atmak sözlerden düzülip, türkmen diline manysy boýunça terjime edilende "pikir atma" düşünjesini berýändir. "Breýnstormiň" köpçülikleýin mesele çözme usuly bolup, ýygnanan toparyň islän agzasyna çekinmesiz we biri-birini tankytlamasyz orta pikir atma mümkinçiligini berýändir. Bu düşünje ilkinji gezek 1941-nji ýylda Aleks Ozborn tarapyndan "Seniň Döredijilik Güýjüň" kitabynda öňe sürüldi. Şeýlelikde, goýulan meseläni saýhallanmadyk pikirleriň "möçberi" bilen kämilleşdirme netijesinde "hile" ýetip, çözgüt dikeldilýändir.

Aleks Ozborn 1888-nji ýylda doglup, hünärmenlik işiniň köp ýyllaryny Nýu-Ýork Ştatynyň Buffalo şäheriniň gazet neşir ediji redaksiýalarynda geçirdi. 1940-njy ýyllarda ol eýýam mahabatlandyrma industriýasynda tanymaldy. Onuň "BBDO" agentligi Nýu-Ýork şäheriniň Madison Awenýusynda, ýagny Amerikan mahabatlandyrma industriýasynyň ojagynda iň öňdebaryjy edaralaryň biri bolupdy.

Ozborn: "Döredijilik ukyby şeýle bir ejiz, gorkak häsiýet we çala tankytlylygyň bardygyny duýsa ýitirim bolup bilýär" diýip tassyklaýardy. Netijede, pikir atma zerurlygy dörände, adamlar biri-birine pikirlerini aýtmaga gorkup ýa-da çekinip, hiç zat aýtman hem bilerler. Şunuň üçin hem, ol "pikir-atmanyň" birinji kadasy höküminde orta atylan pikirleriň, ideýalaryň beýleki agzalar tarapyndan tankytlanmazlygyny belledi. Galan düzgünler bolsa pikirleriň, çözgütleriň we ideýalaryň möçberine esaslanyp, biri-biriň pikirleriniň esasynda oýlanmaklykdan we iň üýtgeşik, adaty bolmadyk pikirlere hem üns bermekden durýandyr.

DYNÇ ALYŞ MÖWSÜMINDE NIRÄ GITMELI? "BREÝNSTORMIŇ" GEREK!

Bu usuly has hem düşnükli görkezmek üçin, bir anyk durmuşy ýagdaýy mesele edip alalyň. Meselem, ýokary synpdaky mekdep okuwçylaryň iň işjeňlerinden on sanysy, ýaz dynç alyş möwsüminde synp bolup syýahata gitmek üçin iň bähbitli we az çykdaýjyly boljak ýeri saýlamak üçin ýygnandylar diýeliň. "Breýnstormiň" usuly boýunça ýygnananlaryň onusy hem arkaýyn öz pikirlerini öňe atyp, ähli aýdylan pikirler tankytlanmasyz, hemmesine görner ýaly edip ýazylmaly. Meselem:

Hemme ýygnananlar öz pikirlerini beýan edensoň, bu pikirleriň iň bähbitlisini we az çykdaýjylysyny saýlamaga geçýärler:

Öňe atylan pikirlerden käbirleri çykdaýjysynyň köplügi ýa-da käbirleri üçin bähbitsizligi sebäpli aýrylyp, diňe iki sany her kime bähbitli (Çara hem şol sanda) we az çykdaýjyly çözgütler saýlanyldy. Görşümiz ýaly, ýygnanan mesele çözüji agzalaryň hemmesiniň pikirleri uçdantutma sana alyndy we şol sebäpden köpsanly çözgütlere ýetildi. Bu usul bilen, ähli bolup biljek çözgütleriň içinden, hakykatdanda hemmeler üçin bähbitli çözgüdi çykaryp bolýar.

USULYŇ KEMÇILIKLERI WE OLARY DÜZETMEK ÜÇIN MASLAHATLAR

"Breýnstormiň" usulynyň bähbitli häsiýetlerine garamazdan, onuň ýetmezçilikleri bardyr. 1958-nji ýylda Ýeýl Uniwersitetinde (ABŞ) ilkinji gezek Ozbornyň usuly tejribede barlag edilende, gatnaşyjylaryň özbaşdak işlänleri, şol bir berlen meselä topar bolup “breýnstormiň” netijesinde ýetilenlerden iki esse köp çözgüt tapdylar. Emma bu kemçilik ýeke bir Ozbornyň hödürlän usulyna mahsus bolman, köpçülikleýin mesele çözmek usullarynyň ählisine mahsusdyr. Çikago Uniwersitetiniň alymlary Sansteýniň we Reýdiň geçiren barlaglaryna görä, muň sebäpler topar bolup mesele çözüjileriň başyndan haýat ýa-da şaglawuk kimin inip, olary pidalara öwürýärler. Ýagny, çykyşlarda öňe sürlen pikirleriň ählisi diýen ýaly ilki aýdylan pikirleriň üstüni dolýar. Şeýlelikde, köpçülik mesele çözme usullary öňe sürlen pikirleriň bir taraplylygyna getirýär. Bulardan başga-da, toparda köpçülik tarapyndan bilinýän maglumatlar, agzalaryň aýratynlykda bilýän maglumatlarynyň wajyplylygyny peseldýär. Bu bolsa bir näçe çözgütleriň kemçilikleri görülmän, kemçiliksiz çözgütleriň bolsa bilinmän galmagyna getirýär.

Emma Roşel Beýlisiň aýtmagyna görä, "breýnstormiň" usulyny dolulygyna ulanyşdan aýyrman, kemçiliklerini düzedip bolýar. Onuň käbir berýän maslahatlaryna görä "pikirleri tankytlamaga ýol berip, şunuň bilen ähli öňe sürlen pikirleriň hilini ýokarlandyryp bolardy". Şeýle hem, aýdylýan pikirleriň biri-birine täsir etmezligi üçin, mesele çözüjilere sessiz, ýazuw tagtasynda ýazylan meselä we bar bolan serişdelere görä, öz pikirlerini kagyzda ýazmak hödürlenýär. Şular ýaly özgertmeler bilen "breýnstormiň" usulynyň kemçiliklerini azaldyp bolardy. Elbetde, ýeterlik barlaglar we tejribeler bilen hem, gerekli medeniýete görä özgerdip bolardy. Aýdylyp geçilşi ýaly, mesele çözme usullarynyň esasy maksady – köpçülik uçin iň bähbitli we çykdaýjysy az çözgüdi tapmakdyr.

Makalanyň awtory: Kemal Körbaýew

  • 3797 gezek okalan