• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • 7-nji APRELDE BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI BELLENILIP GEÇILDI

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

7-nji APRELDE BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI BELLENILIP GEÇILDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.71 (24 Ses)

Biziň saglygymyza näme howp salýar?

XX asyryň üçünji ýarymy uly ylmy açyşlaryň, tehniki özgerişikleriň we ösüşleriň döwri bolup, lukmançylyk ylymynda hem uly öňegidişlikleri gazanmaga ýardam berse-de, adam saglygyna degişli kynçylyklaryň doly we gutarnykly çözülmegini şu güne çenli gazanyp bolanok.

Dogry, ýokanç keselleriň ençemesini ýeňip geçme ýa-da olara garşy öňüni alyş sanjymlary döretme, keselleriň emele geliş mehanizminiň doly öwrenilmegi we anyklaýyş-tehniki serişdeleriň kämilleşmegi, lukmançylyk ylmynyň ösüşinde ylmyň dürli pudaklarynyň (biologiýa, himiýa, fizika) gazananlaryny ornaşdyrmak hem-de ulanmak adam saglygyny goramakda uly bir ädimiň ädilmegine getirdi.

Adamyň ömrüniň dowamlylygy 45-50 ýyldan 75-85 ýyla çenli uzaldy. Ýöne adam bu ýaşan ömrüni sagdyn geçirip bilýärmi? Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlary bilen gurşalan Adam hemişe öz sagdynlygyna güwä geçip bilermi?

Tehniki ösüş we şonuň bilen bilelikde daşky gurşawyň üýtgemegi biziň bedenimize dürli hili zäherleýji maddalaryň düşmegine we faktorlaryň (ultramelewşe şöhleler, radiasiýa we baş.) täsir etmegine getirdi. Uly turbasyndan gara tüsse çykarýan zawodyň ýa-da himiki kombinatyň ýanynda, howpsuzlyk derejesi belli bolmadyk serişdelerden gurlan jaýda ýaşaýan adam himiki maddalaryň ençemesini özünde göteriji bolýar. Üstesine hem, penjireden arassa howanyň ýerine, burugsap girýän uly ýoluň awtoulaglarynyň tüssesiniň öýkenlerimize arassalyk bermejegi belli zat.

Bizi öýde hemişe himiki serişdeler gurşap alýar. Hajathanada tämizleme üçin niýetlenen, düzülip goýlan himiki ýuwujylar, naharyňyzy guýup saklaýan plastmass gaplaryňyz, önümleriňizi salýan plastik haltajyklar we suw guýlan plastik çüýşeler – bu öýde ulanylýan serişdeleriň esasy görnüşi bolup durýandyr. Ulanylan bu serişdeleri zibilhana zyňanymyzda, olar bilen näme bolup geçjekdigi barada pikir hem etmeýäris. Biz üçin olaryň öýlerimizden aýrylmagy esasy zat bolup görünýär. Olaryň toprakda dargaman saklanyp, daşky gurşawy hapalaýandygy, ol gurşawda bolsa esasy, çylşyrymly we şonuň bilen bir hatarda hem näzik biologiki sistemanyň özümiz bolup durýandygymyz barada asla oýlamaýarys. Alymlaryň hasaplamagyna görä, häzirki wagtda Dünýä okeanynda plastik önümleriň 7 mlrd. tonnasy jemlenip, her ýer ýüzüniň ýaşaýjysyna zyýanly "sowgadyň" 700 kg. düşýändir.

Biz hemişe göze görünmeýän, emma bedenimiziň her öýjügi tarapyndan duýulýan elektromagnit tolkunlarynyň täsirinde ýaşaýarys. Işleýän mikrotolkunly peç, kompýuter, günde sanalgasyz gezek ulanylýan ykjam telefonlar biziň immun ulgamymyzy dargadyjy şöhleleri emele getiriji enjamlar bolup durýar.

Biz näme iýýäris? Bazara ýa-da dükana baranymyzda biz bu barada pikirlenmeýäris. Düzümi köplenç soýadan ybarat, konserwantlar we reňkleýjiler bilen baýlaşdyrylan, owadan gaplamalardaky önümler agzyňy suwardýar. Genetiki taýdan üýtgedilen, düzüminde süýt bolmadyk süýt önümleri, et bolmadyk şöhlatdyr, büzmeçler dükanlarymyzyň tekjelerini bezeýär. Belki, bu önümleriň içinde hakyky hil nusgasyna deň gelýän önümleriň bolmagy hem mümkin. Ýöne olara seýrek duş gelmek bolýar. Bazarlarda, daşary ýurtlardan getirilýän parafin we konserwantlar bilen işlenen, ýalpyldap duran ir-iýmişler gözüňi dokundursa hem, olar dadyp görlensoň, olarda şireli tagamdan hem, peýdaly witaminlerden hem nam-nyşanyň ýokdugy belli bolýar. Süýji, iýeniňde agzyňda eräp barýan, toşap tagamly ir-iýmişleriň, bakja önümleriň nirä zym-zyýat bolanyna düşünmeýärsiň.

Biz nähili naharlanýarys? Işiň ýa-da okuwyň arasynda howul-hara iýip ýetişme ýa-da asla öýlänlik nahary gijikdirme, agşam gelip hem, uzyn günüň hasabyna doýup ýatma – biziň köpümiziň gündelik iýmitleniş tertibimiz bolup durýar. Biz etli, hamyrly, ýagly, gowurlan tagamlara isleg bildirip, bedenimiz, ylaýtada iýmit-siňdiriş ulgamy üçin peýdaly şülelere, kösükli we däneli önümlere, gök otlara, olardan taýynlanýan işdäçarlara, süýt önümlere az isleg bildirýäris. Öz iýmitleniş düzgünimize az üns berýäris.

Tehniki ösüşiň döreden awtoulaglary, öý işini ýeňilleşdiriji enjamlar (tozan sorujy, kir ýuwýan maşyn) bu asyryň esasy keselleriniň biri bolan semizligiň köpelmegine getirdi. Köp iýip, az hereketlenme, bedene düşýän kuwwatlylygyň sarp edilýän kuwwatlylykdan köp bolmagy, artykmaç agramly adamlaryň we çagalaryň sanynyň artmagyna sebäp boldy. Semizligiň getirýän kesellerinden (ýürek-damar ulgamynyň keselleri, süýji keseli, ateroskleroz we baş.) başga hem, onuň adamynyň ruhy ýagdaýyna hem täsir edip, özüne bolan ynamlylygyň, zähmete ukyplylygyň peselmeginiň sebäbi bolup durýandygyny bellemelidir.

Sosial-ykdysady ýagdaýlaryň üýtgemegi, migrasiýa, işsizlik adamlaryň hemişe stress ýagdaýyny başdan geçirmeginiň sebäbi bolup durýar. Işiňi ýitirme gorkusy, hemişe talaba laýyk bolmaga we sosial basgançakda ornuny saklamaga çalyşma synanşygy dowamly gamgynlylyk, newroz keseliniň döräp, adamlaryň ruhy ýagdaýynyň üýtgemegine getirip bilýändir.

Bedene zäherleýji maddalaryň dowamly täsiriniň netijesinde immun ulgamynyň gowşamagy, migrasiýa netijesinde adam gatnaşyklaryň ýaýbaňlanmagy, antibiotikleriň tertipsiz we esassyz ulanylmagy täze, uýtgän wiruslaryň we ýokançlyklaryň adam bedenine edýän hüjümini güýçlendirdi. XX asyryň "mergisi" bolan AIDS, C we D, E gepatitleri, sitomegalowirusy, XXI asyryň "ýuwaş jellady" diýip atlandyrylýan hlamidiý ýokançlygy adamzadyň saglygyna howp salýandyr.

Sosial-ykdysady sarsgynlyklar, daşky gurşawyň üýtgemegi, adam bedeniniň tehniki enjamlar bilen aragatnaşykda bolmagy adam saglygyna ýürek-damar ulgamynyň keselleri, täze döremeler, gözüň görşüniň peselmegi, immun ýetmezçilikler, allergiki täsirlilik, iýmit-siňdiriş ulgamyň keselleri, önelgesizlik, ýokanç keseller (inçekesel, AIDS, jyns gatnaşygy arkaly geçýän keseller, wirusly keseller), ruhy keseller bilen howp salyp bilýändir. Iň esasy bellemeli ýagdaý hem, ýokarda bellenen sebäpler adamynyň gen toplumyny üýtgetmäge ukyply bolup, çaga düwünçeginiň düşmeginiň, dogabitdi kemislikleriň ýüze çykmagynyň, genetiki bozulmaly çagalaryň dogulmagynyň, nesliň ownamagynyň sebäbi bolup durýandyr.

Eýsem-de bolsa, adam sagdyn bolmak üçin näme etmeli? Lukmanlaryň maslahat berip, bellemegine görä dogry we peýdaly iýmitlenme, ýeterlik ukyny alma, seksual hyjuwy kadaly "daşyna çykarma", stress ýagdaýlardan gaça durma, halaýan adamlaryň bilen gatnaşyk etmäge çalyşma, diňe amala aşyryp biljek meýilleriň ugrunda işleme, halaýan işiň bilen meşgullanma saglygy saklamakda esasy çäreler bolup galyp bilerler. Eger şularyň üstüne elýeter we ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny alyp bilme mümkinçiligi, lukmançylyk gözegçiligini kadaly geçme (adamlaryň köpüsiniň lukman barlagyna barmaga halamaýandygyny boýun almaly) isleginiň wajypdygyny hem göşsak, has hem doly sanaw bolardymyka diýýärin.

Adamyň özüne bagly däl saglyga howp salyjy sebäplerden bolsa gaça durmagy elbetde, hökmany we wajyp çäredir. Bu ugurda bütün adamzat jemgyýetçiliginiň, döwlet meýilnamalarynyň uly çäreleri geçirmegi zerurdyr. Adamzadyň öz alyp barýan ösüş reformalarynyň öz saglygyna howp salmasyna ýol berilmeginiň, onuň öz-özüni ýok etmä getirip biljekdigini ýatda saklamalydyr.

  • 4237 gezek okalan