Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GÖWRELILIK NÄDIP DÖREÝÄR?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (10 Ses)

gowrelilik nadip doreyarGöwrelilik aýal jyns öýjüginiň erkek jyns öýjügi (spermatozoid) bilen tohumlandyrylyp, öýjükler birleşmesi ýatgynyň nemli bardasyna baryp oturanda döreýändir.

Esasy gatnaşyjylar

Döl - bu ak reňkli, şepbeşik suwuklyk bolup, düzüminde ýüz millionlarça spermatozoidleri (erkeklik tohum öýjükleri) saklaýar. Döl eýakulýasiýa (döl dökme) wagtynda daşary çykýar.

Zenanlaryň ýumurtgalygynda owulýasiýa hadysasy arkaly aýda bir gezek aýal jyns öýjügi bölünip çykýandyr. Ýatgy turbalarynyň çukanagynyň (woronka) aýal jyns öýjügini kabul etmäge taýynlygy owulýasiýa hadysasyndan 2 sagat öň başlanýandyr. Ýatgy turbasynyň çukanagynyň üpürjikleri bolup, olar aýal jyns öýjügini saklaýarlar we olaryň ýygrylmasy netijesinde öýjük barmaly ýerine geçirilýändir.

Haçan-da erkek we zenan goragsyz jynsy gatnaşyk geçirende spermatozoidler jynshananyň içine düşýär.

Tohumlandyrmak hukugy

Spermatozoidler ýatgynyň boýunjygyndan we ýatgynyň içinden geçip ýatgy turbasynyň içine ýetmeli. Ýöne bu aralygy geçmek üçin spermatozoidler birnäçe şertli böwetleri aşmaly bolýarlar: ýatgy boýunjygyny geçmek 2sm, ýatgynyň boşlugyny geçmek 5 sm, ýatgy turbalarynyň uzynlygyny geçmek 12sm. aralygy düzýändir. Bu geçiş hadysasy 3 sagada çenli wagty alyp bilýändir. Eger zenan ýakynda owulýasiýa (ýumurtga öýjüginiň ýumurtgalykdan çykmasy) geçiren bolsa, onda spermatozoid ýumurtga öýjügi bilen turbada birleşip bilýär. Birleşme üçin her bir spermatozoid öz kellejiginde fermentler toplumyny saklaýandyr we aýal öýjügine girmek üçin onuň daşky bardasyny eredýändir. Gorag bardasyny geçip spermatozoid tohumlanma geçirýär. Käbir ýagdaýlarda bu gorag bardasyndan iki we ondan hem köp spermatozoid geçip bilýändir, onda öýjükler bölünip ekizler emele gelýändir. Gorag bardasyny geçip bilmedik, galan spermatozoidler iki gije-gündiziň dowamynda ölýärler.

Täze ýaşaýşyň emele gelmegi

Erkek we aýal jyns öýjükleriniň bir ýadro (özene) birleşmesi zigotany emele getirýär. Zigota öýjükler toplumy bolup, ýatgy turbasynyň içindekä bölünip köpelmesini dowam edýär. Zigota 2 günden soň iki sany blastula bölünýär. Mundan soň bölünmeler çalt bolup geçýär we zigota şol bir ululykda bolsa hem, onuň düzümindäki öýjükleriň sany artýar. Tohumlanmadan soň 4-nji gün tohum düwünçegi ýatgynyň turbalaryndan ýatga çenli hereketini başlaýar. Edil şu döwürde tohum düwünçegi süýşup bilmän ýatgy turbalarynda galsa, ýatgydan daşary göwrelilik döräp bilýändir. Ony ultrases barlagy arkaly anyk seljerip bolýar. Indi tohum düwünçegi 12-16 sany öýjüklerden ybaratdyr we onuň daşlarynyň gatamagy başlanýandyr.

Bäşinji-ýedinji günler aralygy tohum düwünçegi ýatga ýetip, onuň bir diwarynda baglanýar. Bu hadysa implantasiýa diýilýär. Implantasiýa hadysasy ganly bölünip çykmalaryň döremeginiň sebäbi bolup biler we köplenç bu aýal tarapdan aýbaşynyň gelmegi ýaly kabul edilýär.

Implantasiýadan soň, ýatgydaky tohum öýjügi embrion, birnäçe hepdeden soň bolsa düwünçek diýlip atlandyrylýar.

Indi embrion emele gelen, ýatga berkän we göwreliligiň bütin dowamynda ösmegini dowam eder.

Awtor: Ayna Hydyrowa

  • 1682 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Sular yaly maglumatlary yaşlarymyza yetirip durmaly yogsa öz tenindaki bolup gecyan zatlaram bilenoklar

Wepa
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Malades sps

Gulhan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Tüweleme ..?

Hoshvagt Jumakulov
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Ekiz caga naidip doretmeli

Meksa
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Aýal, erkek bedenleri, olaryň jynslary, jyns gatnaşyklary, olardan bölünip çykýan suwuklyklar, lezzetlilik, zyýanlylyk, peýdalylyk, başga-da dürli keseller barada anyk maglumatlar bar. Saglyk barada islän maglumatymyzyň barlygy biz ýaşlary, ähli...

Aýal, erkek bedenleri, olaryň jynslary, jyns gatnaşyklary, olardan bölünip çykýan suwuklyklar, lezzetlilik, zyýanlylyk, peýdalylyk, başga-da dürli keseller barada anyk maglumatlar bar. Saglyk barada islän maglumatymyzyň barlygy biz ýaşlary, ähli türkmen halkyny begendirmese gynandyrmaz. Şonuň üçin saglyk.org saýtynyň ähli lukmanlaryna işlerinde üstünlik arzuwlaýan, şolsan-da Aýna Hydyrowa hem öz minnetdarlygymy bildirýän. Pursatdan peýdalanyp tmhyzmat.com salgyky internet portalymyza ähliňizi çagyrýaryn.

Dowamy
Ahmedik
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam hormatly lukman! Türkmen halkymyzy şular ýaly ylmy taýdan dogry we takyk maglumatlar bilen üpjün edýäniňiz üçin size köp minnetdar! Indi mundan beýläk zenanlarymyz hem öz bedenleri barada hakyky dogry maglumaty alyp bilýärler. Men siziň...

Salam hormatly lukman! Türkmen halkymyzy şular ýaly ylmy taýdan dogry we takyk maglumatlar bilen üpjün edýäniňiz üçin size köp minnetdar! Indi mundan beýläk zenanlarymyz hem öz bedenleri barada hakyky dogry maglumaty alyp bilýärler. Men siziň saýtyňyzy ähli tanyşlaryma salgy berýän, ýöne gyzlar utanan bolýamy nämemi “Aý bizä giremzogam” diýip oňaýýalar...

Dowamy
Ahmedik
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location