Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

SÖÝÝÄN GYZYŇY, OGLANYŇY GABANMAK GOWY DUÝGUMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.00 (2 Ses)

23 gabanmakHalaýan gyzyňy ýa-da ýigdiňi gabanmak – gatnaşyklary gowşadýan güýç bolup durýandyr. Gabanmak düşünjesi halaýan adamyňyzyň wagtyň her çäginde nirde we näme bilen meşgul bolýandygyny, haýsy adamlar bilen gepleşýändigini gözegçilik etmek synanşygyny aňladýandyr. Dogry, halaýan adamyňyz bilen bile duşuşýan wagt aralygy üçin sen jogapkärsiň. Ol wagt aralygy sen halaýan adamyňa sarp edýärsiň, onuň bilen duşuşýarsyň, gerek bolanda oňa kömek berýärsiň, siz söhbetdeş bolýarsyňyz. Ol sagatlar ikiňiz üçin hem gerekli we gyzykly. Ýöne duşuşyklardan başga mahal siziň her biriňiziň öz işleriňiziň, maksatlaryňyz, aladalaryňyzyň bardygyny, ýaşaýyşda başga-da dürli adamlar bilen söhbetdeş bolmalydygyny bilmelidir.

Belki-de, halaýan adamyňyzda (köplenç hem oglanlar) siziň gatnaşýan adamlaryňyzyň käbiri bilen gatnaşygyňyzy çäklendirmek islegi dörär ýa-da ol siziň bir ýerlere ýeke özüňiziň gitmegiňizi oňlaman biler. Ýöne siziň hem öz gyzyklanmalaryňyzyň bardygyny ýatda saklap, olary sylamak wajypdyr. Sen hem öz halaýan adamyň gyzyklanmalaryny, şahsy durmuşyny sylap, oňa düşünmek bilen garamalysyň. Sagdyn söýgi, dostlukda gabanma kän ýer bolanok.

Özara gatnaşyklarda açyk gürrüňdeşlik alyp barmagy, biri-biriňize öz halaýan ýa-da halamaýan ýagdaýlaryňyz, howsalalaryňyz, aladalaryňyz barada açyk aýtmagy, islegleriňizi mälim etmegi başarmalydyr.

Gatnaşyklarda ýene bir wajyp, gerekli zat – bu biri-biriňize ynamlylykdyr. Biri-biriňize ynanmagy ýatdan çykarmaň. Sen öz göwün beren adamyňa ynanýan bolsaň, hakykatdan hem onuň saňa ikilik etmeýändigine, onuň pikir-hyýallarynyň päkdigine ynamly bolarsyň. Biri-biriňize ynanmak üçin bolsa, hiç haçan biri-biriňizi aldamaň.

  • 1981 gezek okalan