Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÖZÜŇE BERÝÄN BAHAŇY NÄDIP ÝOKARLANDYRYP BILERSIŇ?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (9 Ses)

ozune baha berisBiz lukmanlar topary bolup Instagramda we IMO messenjerinde "Jora" hasabyny ýöredýäris. @Joralar ýaş gelin-gyzlaryň sagdyn durmuşy bilen gyzyklanýar we olara joralyk goldawyny bermäge çalyşýar.

Biz ýakynda IMO-da we Instagramda gelin-gyzlaryň özlerine baha berişleri hakynda soragnama geçirdik. Soragnama 17-25 ýaş aralygyndaky abunaçy gelin-gyzlarymyz gatnaşdylar. Netijede, Türkmenistanyň gyzlarynyň we aýallarynyň 102-sinden 41 sanysy "Men özüme berýän bahamdan hoşal däl" diýip jogap berdiler.

Biz abunaçy zenanlarymyzdan "Siziň özüňize berýän bahaňyz nähili derejede?" diýip soradyk we iki görnüşli jogap hödürledik:

1. "Mesele ýok"

2. "Düýbünden erbet"

Şeýle-de, soragnamada zenanlarymyza özüňe baha bermäge täsir etjek 5 sebäpden birini saýlamagy teklip etdik.

Netijeler:

 

▣ Gatnaşyjylaryň 27% -niň özüne bolan ynamyna ene-atalarynyň tankytlary;

▣ 23% -ne okuwa bolan ýetişigi;

▣ 23%-ne daş-töwereklerindäki adamlaryň olar barada edýän pikirleri;

▣ 19% -ne daşky görnüşi;

▣ 8% -ne erkek adamlaryň olara berýän ünsi täsir edýän ekeni.

Bu sanlar nämäni aňladýar?

Diýmek, soragnama gatnaşan aýal-gyzlaryň durmuşynda olaryň ene-atalarynyň pikiri we tankytlary uly rol oýnaýar. Doglan günümizden başlap, ene-atalarymyz ýanymyzda bolup, her bir hereketimize baha berýärler. Belkem, ýaşymyzyň ulalmagyna garamazdan, ene-atamyzyň bize berýän bahasyny kabul edip gezýändiris. Bu barada olar bilýärlermikä? Eger bilýän bolsadylar, çagalaryna diýjek sözlerini mazaly oýlanyp diýerdilermi?

Özüňe baha bermegiň kesgitlemesi – bu daşky güýjüň täsiri bolmazdan, adamyň özüne, öz güýjüne we mümkinçiliklerine berýän bahasydyr. Bäbeklikde bizde özüňe baha bermek duýgusy bolmaýar. Ol ömrümiziň dowamynda dürli ýagdaýlaryň netijesinde emele gelýär. Biziň ýeten maksatlarymyz, başdan geçiren şowsuzlyklarymyz, deň-duşlarymyzdan özümiz barada eşiden zatlarymyz, ene-atalarymyzyň bizi deňeşdiren adamlary, eşiklerimiz we şuňa meňzeşler özümize baha bermegimize sebäp bolýar.

Häzirkizaman psihologiýasynda özüňe baha bermegiň iň köp duşýan 3 görnüşi bar:

Özüňe ýerlikli baha bermek – bu içki sesini eşitmegi we duýgularyny kabul etmegi başarýan adama mahsusdyr. Şeýle hem ol adamlar bilen özara gatnaşykda duýgularyňy görkezip bilmeklikdir. Özüňe dogry baha bermek – bu öz-özüňi kabul etmek, gymmatlydygyňy duýmak, we kömege mätäç wagtyň kömek sorap bilmekdir.

Özüňe pes baha bermek. Beýle adam özünde hiç hili ukyp ýokdur öýdýär (mesele-de şol öýtmek-de ýatyr). Köp halatda, ol öz gazanan üstünlikleriniň gadryny bilmeýär, öz duýgularyna üns bermeýär. Adamyň bu düşünjesi we ukyplaryny kiçeltmesi ony islendik tankyda garşy gowşak edýär. Ol köplenç durmuşyň köp ugurlarynda duýgularyny erkin beýan edip bilmeýär. Netijede, adam ýaşaýan jemgyýetinde düşünilmezlikden we kabul edilmezlikden gorkýar. Bu bolsa ýekemenlige ýa-da tutuklyga eltýär.

Özüňe ýokary baha bermek aýratynlyklary boýunça özüňe ýerlikli baha bermeklige meňzeşdir, emma olaryň arasynda uly tapawut bar. Islendik tankyt özüne ýokary baha berýän adamyň göwnüne degýär, sebäbi ol kemçilikleriniň bardygyny düýbünden kabul etmeýär.

Aşakda Jora sahypasynyň käbir zenan abunaçylarynyň pikirlerini görkezýäris:

"Men aňsatlyk bilen täze jora tapynýan. Men arkaýyn islendik adamyň ýanyna baryp, gürrüňdeş bolup bilýän."

Aýjahan, 19 ýaş

"Haçan-da men işde bir kemçilik goýberemde, özümi bilimi ýeterlik däl hünärmen ýaly duýýaryn."

Maral, 25 ýaş

"Söýgüli tapynar derejede özüme bolan ynamym ýeterlik däl, sebäbi oňa ýaramaryn öýdüp gorkýan."

Merýem, 21 ýaş

"Men okuwda özümi rahat duýýaryn. Eger-de bir zada düşünmesem, onda bu meniň yza galýan okuwçydygymy aňlatmaýar, gaýtam, ol sapagy has köp okamaklyga sebäp."

Suraý, 19 ýaş

"Men ýaňy-ýakynda durmuşa çykdym. Men öz adamym üçin kemsiz aýal bolmaklyga çalyşýan. Onuň birden meniň kemçiliklerimi görmeginden gorkýan. Men gowy aýal bolmagy dowam etmeli."

Ogulnabat, 23 ýaş

"Meniň pikirimçe, men özümi bolşum ýaly görkezsedim, onda men hiç kime ýaramazdym."

Merjen, 16 ýaş

"Men öz artykmaç agramymdan utanýaryn. Belkem, şonuň üçin meniň söýgülim ýokdur."

Kristina, 18 ýaş

Özüňe berýän bahaňy nädip ýokarlandyrmaly?

◉ Özüňe baha bermegiň adamyň saglygyna, psihiki ýagdaýyna, wezipesindäki we şahsyýetindäki ösüşine täsir edip biljekdigi belli zat. Şonuň üçin hem, biz saňa özüňe başga tarapdan seredip, özüňdäki çensiz mümkinçilikleri we gadyr-gymmatyňy görmegi maslahat beýäris.

◉ Öň edip görmedik bir işiňe başlamaga synanyş. Mysal üçin, surat çekip başlamak, tansa gatnamak, tikin etmek, täze dil öwrenmek – belki, şeýtseň öz gizlin ukyplaryňy we başarnyklaryňy tapyp bilersiň.

◉ Üstünlikleriňi baýram et. Üstünlikler ujypsyzja bolsa-da, olara begenmek, özüňe guwanmak we özüňe bir ädim öňdeligiňi ýatlatmak möhümdir!

◉ Ýeke-täkdigiňe ynan. Özüňi başgalar bilen deňeşdirmek köplenç gowulyga eltmeýär. Her bir adamda özboluşly, ýeke-täk häsiýetler jemlenýär, bu bolsa adamy has gyzykly görkezýär.

◉ Peýdaly bolmagyň ýollaryny tap (meýletinçi bolmak we jemgyýete öz aýratyn goşandyňy goşmak).

◉ Ýoluň başynda wagtyndan öň gynanmazlyk üçin hakykata ýakyn maksatlary tutun.

Eger özüňe baha bermegiňe daşky gurşawyň faktorlary täsir edip bilýän bolsa, onda näme üçin oňa seniň öz täsiriň ýetmeli däl?! Özüňize alada we mähir bilen garaň. Şeýtseňiz, özüňize erkin bolmaga mümkinçilik beresiňiz we durmuş bilen sazlaşykly ýaşarsyňyz.

Awtor: @joralar

  • 990 gezek okalan