Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

“IL NÄME DIÝER?!”

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (7 Ses)

peer pressure"Seň ile meňzäsiň gelenokmy? Ählimiz eýýäm durmuşa çykdyk, seňem çykar wagtyň boldy".

“Taşla bu köýnegi, indi gyzlaň hemmesi täze fasonlary geýýäler”.

“O gyz bilen gepleşme, ol başga mekdepden-ä!”

Deň-duşlaryň täsirine ýa-da hatda käwagt basyşyna sansyz mysallar getirmek mümkin. Muňa derek gel, bu meselä azajyk düşünjek bolaly.

Ilki bilen, deň-duşlaryň seniň bilen ýaşdaş adamlardygyny ýatlaly.

Tutuş ömrümiz boýunça daş-töweregimizde esasan deň-duşlarymyz bolýar. Köplenç, biz olaryň hereketlerini gaýtalaýarys. Bize olaryň endikleri, özlerini alyp baryşlary, gepleýiş äheňleri, hatda sözleri edil mugthor ýaly “ýokuşýar”. Bir adama beýleki bir adamyň häsiýetleriniň geçmegi tebigydyr, sebäbi hemmämiz bir jemgyýetiň agzalary. Biz adamlar bilen dostlaşyp, täze zatlary öwrenýäris.

Deň-duşlaryň täsiri / basyşy – bu deň-duşlaryň sözleriniň ýa-da hereketleriniň seniň kararlaryňa, özüňi alyp barşyňa, we pikirleriňe täsir etmegidir.

Biz, Jora (@joralar) topary bolup, Instagramda we IMO-da 17-25 ýaşly abunaçy gyz-gelinlerimiziň arasynda soragnama geçirdik. “Deň-duşlaryň täsiriniň astynda galyp gördüňmi?” diýen soraga ses berijileriň 78%-i (115 adam) “Hawa” diýip jogap berdiler. Olaryň 51%-ne deň-duşlary ýaramaz täsir ýetiripdir.

Peýdaly täsir

“Meniň joram hemişe meni ylgamaga äkidýär. Ylgamadan soňra men oňa sag bolsun aýdýan, özüme galsa gidip bilmezdim.” diýip, Jora abunaçymyz gürrüň berdi.

Deň-duşlaryň gowy täsiri gowy okamakda, peýdaly endiklerde, täze dosty saýlanyňda joraňa/dostuňa meňzejek bolmakda hem görlüp bilner. Şeýle täsir deň-duşlara tejribelerini paýlaşmaga, islendik işde goldaw duýmaga, öwrenişmedik işlerinde (meselem, mekdep sahnasynda çykyş etmekde) çekinmän we gorkman hereket etmäge mümkinçilik berýär. Ýagny, haçan-da bir adamyň täsiri beýleki bir adam üçin peýdaly bolsa, onda bu täsire oňyn ýa-da gowy täsir diýilýär.

Ýaramaz täsir

Deň-duşlaryň ýaramaz täsiri – bu deň-duşlaryň seni nämedir bir zady etmäge ýa-da belli bir görnüşde pikirlenmäge mejbur etmegidir. Soňra seniň deň-duşlaryňa öýkünip eden hereketiň üçin özüňi günäli duýmagyň ýa-da lapykeç bolmagyň mümkin. Sebäbi sen ol hereketi edeniňde öz ýörelgeleriňi (prinsipleriňi) we gymmatlyklaryňy basgylapdyň. Bu basyşy hemişe aňyp bolmaýar. Dostlaryň saňa ýaramaz täsir edýändiginden habarsyz hem galyp bilersiň.

Deň-duşlaryň ýaramaz täsirini, has takygy, basyşyny anyklamak üns we habardarlyk talap edýär. Özüňe ynamsyzlyk, ýaýdanjaňlyk, dartgynlyk (stres), iýmitlenişiň bozulmalary (anoreksiýa, bulemiýa), durmuş meseleleri, janyňa kast etmek barada pikirler – ine, şular deň-duşlaryň ýaramaz täsiriniň netijeleri bolup biler.

Biziň “Sen dostlaryň göwnünden turmak üçin endikleriňi üýtgedip gördüňmi?” diýen soragymyza ses beren abunaçylarymyzyň 41%-i “Hawa” diýip jogap berdi. Gatnaşýan dostlaryň göwnünden turmak, olara meňzemek, özüňi aldyrmak islegi, bir tarapdan, bullingiň pidasy bolmakdan (masgaralanmakdan, azar berilmeginden) gorkmak diýlip, beýleki bir tarapdan bolsa, dostsuz galmakdan, şeýdibem goldawsyz galmakdan gorkmak diýlip düşündirilýär.

Ine, deň-duşlaryň ýaramaz täsiriniň käbir mysallary:

↪ nädip hem bolsa başgaça geýinmek ýa-da görünmek zerurlygy;

↪ mekdepdäki sapaklardan gaçmak;

↪ pida gynansaň hem bullinge gatnaşmak;

↪ taýýar däldigiňe garamazdan, romantik gatnaşyklara başlamaga ymtylmak;

↪ deň-duşlaryň kabul edäýjek adamlary bilen dostlaşmak;

↪ ene-ata, mugallymlara we beýleki uly ýaşlylara gödeklik ýa-da sypaýyçylyksyzlyk etmek;

↪ alkogol, çilim ýaly ýaramaz endiklere bolan gyzyklanma.

Deň-duşlaryň basyşy örän güýçli bolup, oňa garşylyk görkezmek aňsat bolman bilýär. Käwagt adam özüniň düşünmeýän meselesinde özüni nähili alyp barmalydygyny bilmeýär, şonuň üçinem daş-töweregindäkilerden mysal alýar. Soragnama gatnaşan Jora abunaçylarynyň 31%-i deň-duşlarynyň basyşyna garşylyk görkezmegi başarmandyklaryny aýtdylar.

Näme etmeli?

UNICEF guramasyndaky hünärmenleriň pikiri boýunça deň-duşlaryň basyşyna garşylyk bermäge kömek edýän zatlar:

◈ Gerek ýerinde “Ýok” diýmegi başar we muny gaýta-gaýta diýmekden çekinme.

◈ “Ýok” jogabyňy deliller bilen düşündir: “Men bu köýnegi taşlajak däl, sebäbi ol maňa ýaraýar”.

◈ Meňzeş düşünjeli dostuňdan goldaw al.

◈ Basyş edýändiklerini duýsaň, ol ýerde durma.

◈ Ululardan kömek we maslahat al.

◈ Dostlugyňyza ýene bir gezek göz aýla: hakyky dostlar seni bolşuň ýaly kabul edýär we gadryňy bilýär.

◈ Hiç haçan beýlekilere islemeýän zadyny etdirjek bolup basyş etme.

Seniň daşyňy gurşaýan dünýä dürli-dürli adamlardan ybarat. Olary hem, seni hem şahsyýetiňizdäki aýratynlyklar bezeýär. Özüň bolmakdan gorkma.

Awtor: Instagram @joralar

  • 2228 gezek okalan