• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Ýetginjekler dünýäsi
  • GIZLINLIK ŞERTLERINI BERJAÝ EDIP, SEKSUAL SAGLYGYMA DEGIŞLI SORAGLARYMA NIREDE DOGRY JOGAP TAPYP BILERIN?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

GIZLINLIK ŞERTLERINI BERJAÝ EDIP, SEKSUAL SAGLYGYMA DEGIŞLI SORAGLARYMA NIREDE DOGRY JOGAP TAPYP BILERIN?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.57 (7 Ses)

jynsy terbiyeElbetde, seksual saglygyňa degişli soraglar seni gyzyklandyryp, sen oňa degişli soraglaryňa dogry jogap tapasyň geler. Ýöne başga tarapdan, beýle soraglar başgalardan tapawutlanýarlar we olar barada sen her kimden sorap bilmersiň. Aslynda, diňe bir seksual saglygyňa degişli däl, hemme soraglary hem sen ene-ataňa, uly doganlaryňa berip, açyk jogaby, düşündirişleri almak gowy çykalga bolup durýar. Ýöne köp ýetginjekler bu soraglary maşgala agzalaryna berip, söhbetdeş bolmakdan çekinýärler.

Jynsy gatnaşyklara, seksual saglyga degişli soraglar barada gepleşmek üçin:

↪ Maşgala agzalarynyň arasynda mähirli, içgin, ynamly gatnaşyklar bolmaly.

↪ Ene-ataň özi bu soraglarda bilimli bolup, seniň bilen açyk, utanman gepleşmäge taýyn bolmaly.

Seksual saglyga degişli soraglaryňy sen ynamly gatnaşyk saklaýan mugallymyňa hem berip, jogap alyp bilersiň. Çünki öz ýetginjek okuwçysyny halaýan, ýetginjekler dünýäsiniň gyzyklanmalary bilen tanyş, hakyky mugallym hiç haçan utandyrman, seniň üçin düşnükli dilde maglumat bermäge taýyn bolar.

Bu soraglar bilen kime ýüz tutaňda hem sen açyk, anyk maglumaty almalysyň we seni hiç kimiň utandyrmaga, gorkuzmaga ýa-da masgaralamaga haky ýokdur. Eger seniň soraglaryň şeýle ýaramaz hereketleri döretjek bolsa, şeýle adamyň ýanyndan git we başga, ynamdar adamy tap!

Şeýle-de, bu soraglardan maglumat berýän kitaplary, Internet ulgamyndaky ýörite saýtlary okap hem sen bilimliligiňi artdyryp bilersiň. Häzirki wagtda jynsy gatnaşyklara, jynslaryň arasyndaky psihologiýa degişli hemme soraglary dogry we açyk beýan edýän saglyk.org internet ulgamyndaky ýeke-täk türkmen dilindäki saýtdyr. Onuň sahypalarynda sen özüňi gyzyklandyrýan islendik soraga dogry jogap tapyp bilersiň. Şeýle hem, bu soraglaryňa anyk jogaplary sen gizlinlik şertlerinde ýetginjekler merkezleriň lukmanlaryndan, özüňiziň degişli Saglyk öýüňiziň ginekolog, urolog, ýetginjek lukmanyndan alyp bilersiň.

  • 858 gezek okalan