Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.
GYZLAR GINEKOLOGA GÖRÜNMELI DIÝEN DÜŞÜNJE BAR. OGLANLARYŇ HEM ÝÖRITE LUKMANY BARMY?
Ýaşyna garamazdan, jynsy agzalary bilen bagly kynçylyklar ýüze çykanda gyzlar ginekolog lukmanyna ýüz tutýarlar. Oglanlar hem, ýaşyna garamazdan erkeklik jyns agzalarynyň keselleri dörände urolog lukmanlaryna ýüz tutmalydyr. Aslynda hem gyzlar, hem oglanlar diňe bir kesel dörände däl-de, ýylda bir gezek keselleriň öňüni alyş barlaglary geçmelidir.
Soňky ýyllarda urolog lukmanyndan başga-da, erkek adamlara seredýän androlog lukmany taýynlanyp başlandy. Bu lukmanlar diňe bir erkeklik agzalarynyň saglygy däl-de, seksual saglygy, seksual işjeňligi meseleleri babatda hem bejergi geçirýärler. Bu lukmanlaryň maslahatyny siz özüňiziň degişli Saglyk Öýleriňize, Bejeriş we Sagaldyş merkezlerine ýüz tutup alyp bilersiňiz.
- 453 gezek okalan