• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Ýetginjekler dünýäsi
  • "DURMUŞ GURÝANÇAŇ SAKLAN!" – BU JYNSY TERBIÝÄNIŇ NETIJELI USULYMY?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

"DURMUŞ GURÝANÇAŇ SAKLAN!" – BU JYNSY TERBIÝÄNIŇ NETIJELI USULYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.69 (13 Ses)

durmus guryancan saklanSaglygyň synlary we okyjylar bilen pikir alyşmalary, Türkmenistanyň mekdeplerinde esasan nika çenli "jynsy gatnaşykdan saklanmak" barada gürrüň edilýändigini görkezýär. Emma okuwçylara göwreliligiň öňüni alyş usullary (kontrasepsiýa), jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keseller we sagdyn we jogapkärçilikli durmuş endikleri barada bilim berilmeýär ýa-da berilýän bilim ylmy taýdan nädogry bolup, döwrebap standartlaryna esaslananok. Türkmenistanda ýetginjek göwreliligi we ýetginjekleriň seksual we önellgelik (reproduksiýa) saglygy barada sanlar we maglumat ýok. Meselem, Gazagystan 15-19 ýaşdaly ýetginjek gyzlaryň irki göwrelilik sanlaryny welaýat boýunça çap edýar.

Saklanmak netijelimi?

Ýetginjeklik döwründe adam seksuallygy we jynsy şahsyýetliligi emele gelýär we ýakyn gatnaşyklar başlanýar. Bu döwürde jynsy gatnaşykdan saklanmak akylly hereket bolup biler. Jynsy gatnaşykdan saklanmak – göwreliligiň öňüni almagyň we jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän kesellerden gaça durmagyň ygtybarly usulydyr.

ABŞ hökümeti 80-nji ýyllardan bäri mekdeplerde we jemgyýetçilik guramalarynda (ýetginjeklikde) jynsy gatnaşykdan saklanmak programmalaryny maliýeleşdirip gelýär. ABŞ-nyň bu programmalarynyň netijeliligini derňeýän barlaglara görä, "diňe saklanmak" programmalary ýetginjekleriň jynsy taýdan özüni alyp baryşlaryna ýa-da göwrelilik töwekgelçiligine hiç hili oňyn täsir etmeýärler; emma hemmetaraplaýyn jynsy terbiýe berýän programmalar üstünlikli netijeleri berýärler.

Barlaglar ýetginjegiň ýaşyna görä düzülen hemmetaraplaýyn jynsy terbiýäniň göwreliligiň we jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keselleriň öňüni almakda, kontraseptiwleriň ulanylyşy barada takyk we doly maglumat bermek arkaly, jynsy gatnaşyklardan saklanmagy ündeýän bilim ýetginjekleriň sagdyn we jogapkärçilikli hereketleri etmegine kömek edip biljekdigini görkezýär.

Gepiň tümmek ýeri

BSGG adamzat ösüşiniň tebigy bölegi bolan we onuň ömründe möhüm orun tutýan jynsy gatnaşyklary, psihologiýany düşündirýän Jynsy terbiýäniň standartlaryny ulanmagy maslahat berýär. Bu AIW/AIDS, islenilmedik göwrelilik, we jynsy zorluk ýaly, şahsyýetiň özi we töweregindäkiler üçin çekýän jogapkärçiligini kesgitlemäge gönükdirilen ähli meseleleri öz içine alýar. Hemmataraplaýyn jynsy terbiýe çagalara we ýaşlara jynsy gatnaşyklaryň ähli taraplary barada obýektiw, ylmy taýdan dogry maglumat berýär; Şol bir wagtyň özünde, bu maglumatlary durmuşa geçirmek endiklerini ösdürmäge kömek edýär.

Taryhy global nukdaýnazardan, jynsy terbiýe programmalary esasy üç topara bölünýär:

↪ "Diňe saklanmak" ady bilen belli, esasan (ýa-da diňe) nikadan öň jynsy gatnaşykdan saklanmaga gönükdirilen jynsy terbiýe programmalar.

↪ Jynsy gatnaşykdan saklanmak bilen bir hatarda, göwreliligiň öňüni alyş çärelerini we howpsuz jynsy gatnaşyklary ündeýän programmalar. Bu programmalara köplenç "hemmetaraplaýyn jynsy terbiýe" diýilýär.

↪ Öz içine 2-nji programmadaky elementleri alýan we olary adamyň şahsy we jynsy taýdan ösüşini, kämilleşmegini has giň nukdaýnazarda goýýan programmalar. Muňa "bitewi jynsy terbiýe" diýilýär.

Jynsy gatnaşyklardan saklanmagyň ähmiýeti we göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri barada maglumat berýän (jynsy terbiýe) programmalara gatnaşan ýetginjekleriň, jynsy terbiýe almadyk ýa-da "diňe saklanmak" programmalaryna gatnaşanlara garanda, göwreli bolýanlary has azdyr.

Sebäpler:

↪ Nika çenli saklanmagy ýa-da jynsy töwekgelçiliklerden gaça durmagy ündeýän programmalar ylmy taýdan nädogry bolup, lukmançylyk we jemgyýetçilik saglygy goraýyş hünärmenleri tarapyndan giňden ret edilýär.

↪ Saklanmak teoretiki taýdan netijeli bolsa-da, hakyky durmuşda köplenç başa barmaýar. Ýaşlaryň gitdigiçe uly ýaşda nikalaşýandyklaryny göz öňünde tutsak, durmuşa çykýança saklanýanlaryň sany barha kemelýär.

↪ Nika çenli saklanmagy ündeýän programmalar jynsy gatnaşyklar barada doly maglumat bermeýärler we lukmançylyk taýdan nädogry we kemter maglumatlary berip bilýärler. Şeýdip, bu programmalar adamyň saglyk, maglumat, we ýaşaýyş babatda esasy hukuklaryna zeper ýetirýärler. Ýaşlaryň saglygyny we janyny goramak üçin, olara takyk we giňişleýin jynsy we önelgellik saglyk maglumatlary berilmelidir.

↪ Nika çenli saklanmagy ündeýän programmalar, jynsy gatnaşykda bolan ýaşlary saklanýan deň-duşlaryndan kem görkezip, jynsy taýdan işjeň ýaşlaryň abraýyny gaçyryp, masgaralap bilýär.

Häzirki wagtda, ýaşlar esasan giç nikalaşýarlar; käbirleri asla nikalaşmaýarlar. Ýöne olar jynsy gatnaşyklardan uzak wagtlap saklanman bilerler. Türkmenistanly ýetginjekleriniň ortaça haýsy döwürde jynsy taýdan işjeňleşýändikleri barada maglumat ýok. Emma, nikalaşma ýaşy möhüm görkeziji bolup, jynsy işjeňlik we köpeliş bilen berk baglanyşyklydyr. 2001-nji ýylda Türkmenistanda ortaça nikalaşma ýaşy gyzlar üçin 23, oglanlar üçin 24.2-di.

Gadyrly okyjy, seniň pikiriňçe, Türkmenistanyň mekdeplerinde berilýän jynsy terbiýe döwrebapmy? Berilýän jynsy terbiýe şu döwürde ýaşlary ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna taýýarlaýarmy? Olara saglyklaryna zeper ýetirmän, özbaşdak karara gelmekde kömek edýärmi?

  • 1494 gezek okalan