Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

LUKMAN MENIŇ ENE-ATAMA AÝDARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (6 Ses)

jynsy terbiye 6Men öz lukmanym bilen meni gyzyklandyrýan jynsy gatnaşyklara degişli soraglarym barada gepleşsem, ol meniň ene-atama aýdarmy?

Seni köpden bäri tanaýan lukmanyň (tapawudy ýok-ol maşgala lukmany bolsun ýa-da ginekolog, urolog) seni gyzyklandyrýan soraglaryňa hemişe jogap berip biler. Sen lukmana beden we seksual saglygyňa degişli islendik soragyňy berip bilersiň. Meselem, jyns agzalarynda döreýän agyrylar, aýbaşy bozulmalary, barlag geçirmek soraglary, gyzlyk perdesi barada, göwreliligiň öňüni alyş usullary we jynsy gatnaşyklar barada we başgalar.

Seniň ýaşyňa, milletiňe, dini uýmalaryňa garamazdan, lukman saňa degişli maglumatlary başga adamlara-ene-ataňa, garyndaşyňa, tanşyňa, goňşyňa habar bermeli däldir. "Lukmançylyk syry" diýen düşünjä her bir lukman öz hünärmenlik işinde dogry çemeleşýändir. Eger bardy-geldi, seniň özüň jynsy gatnaşyklary başlamagy, göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriň görnüşini kabul etmegi ýüregiňe düwen bolsaň-da, lukman saňa dogry maslahatlar bermäge borçludyr we ene-ataňa aýtmakdan saklanmalydyr.

Diňe käbir aýratyn ýagdaýlar ýüze çykanda kanunçylyk esasynda lukman ene-ataňa habar bermäge borçlydyr:

↪ Ýetginjekde aýratyn, saglygyna howp salyjy keseller anyklanylyp, dowamly bejergini talap edýän bolsa;

↪ Ýetginjek gyzda göwrelilik anyklanylan bolsa;

↪ Gyz (ýa-da oglan) jynsy zorlanma sezewar edilenden soň lukmana ýüz tutan bolsa.

Bu aýratyn ýagdaýlarda lukmanyň saňa kömek etmegi üçin ene-ataň bilen gepleşip, bir netijä gelmegi, maslahatlaşmagy wajypdyr. Sebäbi sen entek kämillik ýaşyna ýetmedik raýat bolup, ene-ataň seniň saglygyň, ruhy ýagdaýyň üçin jogapkär bolup durýandyr. Şonuň üçin hem sen ene-ataň bu ýagdaýlara gatyşmagyna düşünmelisiň.

  • 1424 gezek okalan