• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Ýetginjekler dünýäsi
  • SENIŇ ÝETGINJEK ÝAŞLY ÇAGAŇ HAÇAN DERI ÖNÜMLERINI ULANYP BAŞLAMALY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

SENIŇ ÝETGINJEK ÝAŞLY ÇAGAŇ HAÇAN DERI ÖNÜMLERINI ULANYP BAŞLAMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

deri onumlerini ulanyp baslamalySosial mediýa we bazarlar birkemsiz derini wada berýän önümlerden doly. Bu önümleriň mahabatlary indi diňe bir ululary däl, eýsem ýetginjekleri hem nyşana alýar. Bularyň köpüsi derä zyýan ýetirmeýän hem bolsa, käbiriniň peýdasyndan zyýany agdyklyk edip bilýär – üstesine-de, olara ençeme çykdajy çykarylýar. Hatda bu önümler zyýansyz bolaýanda-da, olary satyn almak bilen biz daşky görnüş we gözellik baradaky zyýanly kadalary öňe sürýärismi?

Bu meselä lukmançylyk nukdaýnazaryndan hem garap göreliň. Gysga jogaby: Köplenç ýetginjeklere ýöriteleşdirilen ýa-da gymmat bahaly deri önümleri gerek bolmaýar.

Ýetginjeklere haçan ýöriteleşdirilen deri önümleri peýda berip biler?

Haçanda lukman olary maslahat berende. Eger çagaň lukmanlar tarapyndan bejerilýän deri meselesi bar bolsa, meselem ekzema ýa-da psoriaz, dermannamasyz alynýan deri önümleri kömek edip biler. Meselem, ekzema üçin adatça parfýumsyz arassalaýjylar we nemlendirijiler maslahat berilýär. Haýsy markalary saýlamalydygyny we önümleri nädip dogry ulanmalydygyny hemişe lukman bilen maslahatlaş.

Eger-de ýetginjegiň gurak ýa-da ynjyk derisi bar bolsa. Bu ýagdaýda hem parfýumsyz we derini irizmeýän arassalaýjylary hem-de nemlendirijileri ulanmak gowy pikirdir. Esasan-da kremler we mazlar gurak deri üçin losonlardan has netijeli bolýarlar. Eger soraglaryň ýüze çyksa ýa-da barlap gören önümleriň peýda etmese, lukmana ýüz tut.

Düwürtiklere niýetlenen deri önümleri näme?

Ýetginjeklik döwrüni ýeke düwürtiksiz geçirmek mümkin däl diýen ýalydyr. Ýetginjekleriň ençemesini bu döwrüň düwürtikleri bimaza etmeýär, emma eger seniň ýetginjek çagaň düwürtikleri sebäpli biynjalyk bolýan bolsa ýa-da onuň düwürtikleri aşa köp bolsa, ýakynyňdaky dermanhanadan düwürtiklere garşy önümleri alyp bilersiň.

↪ Düzüminde alkogol saklamaýan, ýeňil deri arassalaýjy önümler düwürtikler üçin has gowy bolýar. Gurak derä we ekzema niýetlenen arassalaýjylar düwürtikli deri üçin hem laýyk görülýär.

↪ Dermannamasyz alynýan düwürtige garşy serişdeler adatça düzüminde benzoil perekisini (benzoyl peroxide), salisil kislotasyny (salicylic acid), azelain kislotasyny (azelaic acid) we alfa-gidroksi kislotasyny (alpha-hydroxy acid) saklaýarlar. Has kejir düwürtiklere garşy adapalen (adapalene) ulanylyp bilner.

↪ Derini irizegen bolýandygy sebäpli, deri dartdyryjy (astringent) we öli deri öýjüklerini aýryjy (exfoliant) önümlerden uzak durmak maslahat berilýär.

↪ Düwürtikler üçin ençeme dermannamaly bejergiler hem bar. Öz çagaň derisine nämäniň has gowy peýda berip biljekdigini lukman bilen maslahatlaş ýa-da dermannamasyz alýan önümleriň kömek etmese lukmana ýüz tut.

Sorag ber we toslamalary paş etmäge gatnaş

Eger-de seniň ýetginjek ýaşly çagaň ýetginjekleriň adaty toparyna degişli bolsa, onda oňa gündelik durmuşynda diňe ýönekeý sabyn, gün kremi we derisiniň guran wagty ýönekeý nemlendiriji ulanmak ýeterlikdir.

Eger çagaň adaty we sagdyn derisi bar bolup, şonda-da ýöriteleşdirilen deri önümini almaga isleg bildirse, ondan näme üçin muny isleýändigini sora. Marketingde we mahabatlarda ulanylýan ýeser usullar we tosalamalar hakynda çagalaryň bilen açyk gürrüň et. Deri meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolaýan ýagdaýynda, çagaňa eliňden gelen ähli kömegi etmäge we lukmanyň kömegi bilen iň peýdaly önümleri tapmaga taýýardygyňy düşündir.

Çeşme

  • 87 gezek okalan