• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • “EGSILMEZ BAGTLYLYK GÖRDÜM GÖZLEŇDE…”

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

“EGSILMEZ BAGTLYLYK GÖRDÜM GÖZLEŇDE…”

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.48 (33 Ses)

Meniň joram öz gyzynyň adamsyndan aýrylşýanyny aýdyp kellesini aşak egdi. Joramyň gözlerinden syrygyp gaýdan ýaş bolsa, bu ahwalatyň ene ýüregini gyýym-gyýym edip kesýändiginden habar berýärdi. Joramyň bir ýyl mundan ozal gyzynyň toýunda begenjinden ýelgamak ýaly ylgap myhmanlary garşy alşyna, gyzyny durmuş ýoluna ibermek üçin uly taýynlyk görşüni ýatlap, oňa ýüregim awady. Ene arzuwy puç boldy. Men: "Mähri näme üçin aýrylyşmagy ýüregine düwdi?" diýip soradym. Joram uludan demini alyp: "Döwran düýbünden başga adam ekeni. Özi hem ejem ogly. Biz hiç düşünşip bilemzok diýýär" diýip jogap berdi...

Näme üçin biziň döwrümizde nikalaryň bozulmagy köp duş gelýär? Näme üçin biziň mama-babalarymyzdyr, ata-enelerimiziň döwründe durmuşy şertler ol diýen ýaramly bolmasa hem, nikalar berk bolup, olar özara hormat we söýgi bilen ýaşapdyrlar? Belki-de, biziň ýaşlarymyz durmuş ýoluna taýynlyksyz rowana bolýandyrlar? Men bu mesele babatda pikirlendim we biziň ýaşlarymyzyň nazara almaly esasy ýagdaýlaryny kesgitlemäge synanşyk etdim.

Toýdan soň durmuş başlanýar

Dogrudan hem, hakyky durmuş toýuň ertesi güni başlanýar. Siz söýgi bilen durmuşa gadam basyp, onuň dürli öwüşginli ýoluna rowana bolduňyz. Ýaş çatynjalar ýaşaýyş üçin eklenç etmeli we ýaş maşgalanyň býudžetini döretmeli. Ýaş gelin öý işlerine girişmeli, eger maşgalada diňe erkek adam işleýän bolsa, ol maşgalany eklemeli we gelnine mümkin boldugyndan kömekleşmeli. Ondan başga-da, ýaş maşgala öz ene-atalary, dogan-garyndaşlary bilen hem mähirli, dogry gatnaşyklary ýola goýmana başarmaly. Bu bolsa ýeňil iş bolman, uly zähmeti talap edýändir. Eger ýaş gelin gaýynlary bilen ýaşaýan bolsa, başga maşgalanyň ýaşaýyş düzgünine, däp-dessurlaryna öwrenişýänçä, elbetde onuň gaýynenesiniň, baldyzlarynyň kömegi, olar tarapyndan sabyrlylyk gerek bolýar.

Ýanýoldaşyňyzy üýtgetme isleginden saklanyň

Toýdan soňky döwürde siz öz ýanýoldaşyňyza hem öwrenişmeli, onuň gylyk-häsiýetlerini kabul etmeli bolýarsyňyz. Belki-de, toýdan öň duşuşýan döwrüňiz siz öz söýgüliňiziň gylyk-häsiýetleriniň köp tarapyny öwrenip ýetişen hem dälsiňiz. Adam bilen diňe bile ýaşalanda ony tanap bolýar. Belki-de, siziň ýanýoldaşyňyz öz egin-eşiklerini işden gelip ýerinde goýýan däldir. Ýa-da ol nahar iýende sesli çeýneýändir. Belki-de, gelniňiz nahara kem duz atýandyr ýa-da balagyňyzy ejeňiziň ütükleýşi ýaly entek gowy ütükläp bilýän däldir. Öz islegiňizi gödek äheňde däl-de, sypaýylyk bilen düşündirmäge çalşyň. "Aman, seniň eşikleriňi ýygnamakdan başga işim ýokmy?" diýip gatyrganmanyň ýerine: "Amanjan, işden gelip eşikleriňi ýerine goýsaň, meniň üçin şeýle ýeňil bolardy" diýip, ýylgyryň.

Ýanýoldaşyny öz islegi boýunça üýtgetmek, oňa talaplary bildirme islegi aýallarda uly bolýar. Eger erkek adamlardan onuň aýalynyň kemçilikleri we nähili bolmalydygy barada sorasaň, olar kän bir anyk jogap hem berip bilmeýärler. Biz, aýallar bolsa, tebigat tarapyndan üýtgedijiler bolup, ýanýoldaşymyzy haýdan-haý üýtgetmäge çalyşýarys. Siz oňa bazara gidip, haryt saýlamagy öwredip bilersiňiz ýa-da çagalary idetme aladalaryndan baş alyp çykmaga kömek edip bilersiňiz, emma hiç haçan onuň eýýäm emele gelen gylyk-häsiýetini, onuň islegi bolmazdan, tutuşlaýyn üýtgedip bilmersiňiz. Siz gerekmejek dawalary ýüze çykaryp, güýjüňizi sarp edersiňiz. Siziň şol gylyk-häsiýetli Şahsyýeti söýüp durmuşa çykandygyňyzy unutmaň!

Seniň ejeň – meniň ejem, seniň ataň – meniň atam

Türkmençilikde gaýyn-gelin gatnaşyklary maşgala gatnaşyklarynyň esasy bölegi bolup, olar maşgalanyň içki psihologiki ýagdaýyna ep-esli täsirini ýetirýär. "Gaýyn-gelniň topragy bir ýerden alynarmyş" diýip aýdylýar. Ýöne oňa garamazdan, göräýmäge hormat bilen başlanan gatnaşyklaryň köplenç bozulýandygyny görüp bolýar. "Gaýnym ogluny menden gabanýar", "Meniň öýde hiç zada ygtyýarym ýok. Gaýnym "hojaýyn – men!" diýip ýüzümi alýar", "Gaýnym biziň maşgalamyzyň işine goşulýar" diýen ýaly jümleleri zeýrenç bilen gelinlerden eşidip bolýar. Men bu ýerde gelinleri ýa-da olaryň ýanýoldaşlarynyň enelerini günäkärläsim gelenok. Durmuş köptaraply we çylşyrymly bolup, her hili durmuşy ýagdaýlar ýüze çykyp bilýändir. Ýöne durmuşa çykyp gelen gyzyň, onuň öňünde duran orta ýaşan aýalyň onuň söýgüli ýanýoldaşynyň Enesidigini we oňa ömür boýy goýuljak hormatyň adamsyna hem degişlidigini unutmaly däldir. Edil şeýle düzgün oglanyň gyzyň ene-atasyna bolan gatnaşygy üçin hem degişlidir.

Edil gaýyn ene üçin hem gelni gyzlarynyň hatarynda kabul edilip, ýaş gelin täze maşgala imrikdirilmelidir we oňa daşyndan gelen höküminde garamaly däldir. Psihologlaryň bellemegine görä, berk we mähirli gatnaşyklar üçin oglanyň ene-atasynyň gelnini, gyzyň ene-atasynyň bolsa giýewsini eden işleri üçin ýygy-ýygydan öwüp durmagy zerurdyr.

Meniň pikirimçe, ýüze çykan maşgala kynçylyklary barada biz açyk gepleşip bilemzok. Ýa-da şeýle söhbetdeşlik gurnamakdan çekinýäris. Eger käbir sebäplere görä, bu gatnaşyklar synyp barýan bolsa, näme üçin gelin bilen gaýyn, gaýyn bilen giýewsi arkaýyn pikir alyşmaly däl? Mertebäňe degmezden, hormat bilen geçirlen gürrüňdeşlik "maşgala gämisinde dörejek köp apy-tupanlaryň" öňüni alyp bilermikä diýip pikir edýärin.

"Obany guran hem aýal, ýykan hem"

Aýallar tebigat tarapyndan şeýle döredilen: ejiz we güýçli, mylaýym we gaýduwsyz. Aýal dörediji, timarlaýjy, kebşirleýji. Ilkibaşdan erkek adamlara durmuşda sanaýmaly zat gerek. Aýallardan bolsa olara diňe söýgi gerek. Erkek adamyny uly işlere aýal maşgala gönükdirýär. Ýyly, berk ojagy aýal maşgala gurýar. Gatnaşyklary hem aýal maşgala ýola goýýar. Eger ýanýoldaşyňyzyň durmuşynda bir zat başa barmasa, pikir ediň! Belki, siz käbir ýagdaýlary ünsden düşürensiňiz?

Dörän söýgini öçürmän saklamagy başaryň!

Köp ýyl mundan öň dörän söýgi oduny öçürmän saklama uly bir zähmetdir. Onuň üçin, hatda çagalaryňyz ulalyp, agtyklar bolandan soň hem tagalla etmek zerurdyr. Biri-biriňize mähirli, pynhan duýgulary köp ýyllaryň dowamynda peşgeş bermek üçin:

► Biri-biriňizi diňlemegi, pikir alyşmagy başaryň;

► Adamynyň öz hakyky bolşuny söýüň;

► Hiç haçan öz duýgularyňyzy bildirmekden çekinmäň;

► Biri-biriňize gyzykly şahsyýet bolup görünmäge ymtylyň. Onuň üçin özüňizi kämilleşdiriň, sizi gyzyklandyrýan zatlar bilen meşgullanyň. Täze zatlary öwrenmekden çekinmäň!;

► Her bir günüňiz ýaramly işlerden, ýakymly täzeliklerden düzülen bolsun. Gerek bolanda biri-biriňiz bilen degişmegi başaryň.

"Egsilmez bagtlylyk gördüm gözleňde…" Gynansamda, bu goşgy setiriniň awtory ýadymda galmandyr. Ýöne bu setiri makalamyň sözbaşysy höküminde getirip: "Ençeme ýyllardan soň hem, duýulýan bagtlylyk üçin ýanýoldaşyňyza minnetdarlyk bildirmegiňizi arzuw edýärin" diýesim gelýär.

  • 6363 gezek okalan