• Makalalar
• Sagdyn durmuş
• Zenan saglygy
• ZENAN MYLAKATLYLYGYNY SAKLAMAGA KÖMEK ETJEK 5 MASLAHAT

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ZENAN MYLAKATLYLYGYNY SAKLAMAGA KÖMEK ETJEK 5 MASLAHAT

• Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.52 (21 Ses)

Döwürdeş zenanlara öý hojalygynyň keşigini çekme, hünärmenlik ösüşini gazanmak, döreýän dürli durmuşy kynçylyklary ýeňip geçme bilen birlikde zenan näzeninligini, mylakatlylygyny saklamak kyn bolsa gerek. Durmuşy kynçylyklaryň çözgüdini gözleme, barha ýokarlanýan jemgyýetçilik talaplary mylakatlylygy, zenan mähirliligini ýok edip, zenana mahsus bolmadyk yňdarmalygyň, rehimsizligiň, duýgularyň sowuklygynyň döremegine getirmäge ukyplydyr. Öz kalbyňda ýumşaklygy, hoşamaýlygy saklap, nädip mähirli bolup galyp bolýarka?

1. Eşigiňe görä garşylaýarlar

Köplenç biziň içki dünýämiz, keýpimiz, häsiýetimiz biziň daşky keşbimizi, geýinme endigimizi kesgitleýär. Zenanyň daşky keşbi, egin-eşigi onuň zenan näzikligini, asyllylygyny açyp görkezip, öz ýüz keşbiň gözel aýratynlyklaryny kesgitlemäge kömek edýän, dogry goýlan makiýaž bolsa onuň obrazynyň üstüni ýetirmäge kömek edip biler. Zenan näzeninligini görkezmäge kömek etjek dürli köýneklerdir, ýubkalar, ýaglyklardyr, şarflar dogry saýlanan şaý-seplerdir, bižuteriýalar bilen bilelikde siziň keýpiňizi, içki dünýäňizi açyp görkezmäge ukyplydyr. Esasy bellemeli düzgün – makiýažda we şaý bezegleri dakynmakda aşa öte geçmezlikdir. Modalar dünýäsiniň ussady Koko Şaneliň bellemegine görä, zenanyň biri-biri bilen utgaşýan diňe üç sany şaý-sepi birden dakynmagy dogry hasaplanýandyr.

Ýygy-ýygydan aýna seredip, özüňiziň gözel, goraga, söýgä mätäç we näzikdigiňizi gaýtalamagy unutmaň!

2. Maşgaladaky ornuňy bil!

Eger Siz işiňizde edaranyň ýolbaşçysy bolup, edermen, işewir häsiýetlilige öwrenşen bolsaňyz hem, öz hünärmenlik häsiýetiňizi maşgala ornaşdyrmajak bolup çalşyň.

Asyrlar boýy erkek adam maşgalabaşy höküminde hemme meseleleri çözme, maşgalany ekleme keşigini çekiji bolup, ol aýalyň arkadagyna öwrülipdir. Maşgalabaşyňyzy bu orundan mahrum etmäň! Siz öz iş ýeriňizde nähili edenli we dogumly bolsaňyz hem, öýde mylakatly ene we goldawa, söýgä mätäç zenansyňyz. Erkek adamyň "öňünden ylgap", oňa derek meseleleri çözmegiň, onuň elini sowadyp, maşgala meselelerinden daşlaşdyryp biler. Fiziki agramly zähmeti hem erkek adamlara tabşyrma ýerlikli bolar. Erkek adama mylaýym, ýyly sözler bilen ýüzleniň, şonda siz onuň jadylaýjy täsirini görersiňiz!

3. Dil bela...

Mylakatly zenan keşbini siziň sözleýiş äheňiňiz, sözleýişde ulanýan gödek sözleriňiz zaýalap biler. Belki-de, "Zenan agzyny açýança gözeldi" diýen jümle hem şonuň üçin dörändir. Dogrudan hem, gygyryp kethudalyk edip duran görmegeý aýal onuň ýaly bir näzenin hem görünmeýär. Öz sözleýiş äheňiňize, ulanýan sözleriňize üns beriň. Siziň mylakatlylygyňyz hemme zatda duýulmaly: garaýyşda, hereketlerde, sözleýişde.

4. Özüňizde zenan mylakatlylygyny terbiýeläň!

Hemişe öz içki duýgularyňyza üns beriň! Hemme aladalaryňyzy wagtlaýyn unudyp, dynç almaga, arzuw etmäge, hyýalyňyzda başdan geçiren mähirli pursatlaryňyzy ýadyňyza salmaga ymtylyň. Boş wagtlaryňyz hyjuw beriji söýgi eserlerini okamaga ýa-da süýji duýgulary başdan geçirýän gahrymanlardan söz açýan kinofilmlere tomaşa etmäge çalşyň. Olar siziň zenan kalbyňyzy oýandyryp, söýmäne we söýülmäne, näzenin bolmaga isleg döreder.

5. Söýgi bilen bile ýaşaň!

Söýýän zenandan gözel, näzik, mylaýym zenan görüpdiňizmi? Megerem, gören dälsiňiz. Söýme we söýülme islegi adamyny uly özgerişlere iterýär. Eger siz entek öz söýgüli ýaryňyza duşmadyk bolsaňyz, psihologlaryň maslahatyna eýerip, öý haýwanlaryny (kiçijik pişijek ýa-da güjüjek) ediniň. Goragsyz we adam söýgüsine mätäç janawerler baradaky alada sizde ýakymly duýgulary dörederler.

Näzenin we mährem bolmak ukyby hemme zenana tebigat tarapyndan berlendir. Esasy mesele – hemme durmuşy pursatlarda hem ony saklamagy başarmakdyr.

• 2800 gezek okalan

Teswirler (11)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Makalany 100% goldamakdan başga alajym ýok. Sebäbi, makalada gaty gowy maslahatlar berilipdir. Bu gyzyldan gymmatly maslahatlardan ugur alan zenanlar hiç wagt ýanýoldaşyndan närazy bolup bilmezler we bütin ömrüne "Aýrylyşmak" diýen zadyň näme...

Makalany 100% goldamakdan başga alajym ýok. Sebäbi, makalada gaty gowy maslahatlar berilipdir. Bu gyzyldan gymmatly maslahatlardan ugur alan zenanlar hiç wagt ýanýoldaşyndan närazy bolup bilmezler we bütin ömrüne "Aýrylyşmak" diýen zadyň näme zatdygy hem bilmän, diňe bagtyň gujagynda ýaşarlar. Maslahatlary äsgermedikler, üstesine-de, şular ýaly maslahatlardan ugur almakdan geçen, özüniňkini dogry hasap etjek bolup, wagtyny jedele sarp edýänler bolsa, bagtyň nämedigini asla bilmänjik geçerler. Sebäbi, "Adamlaryň nähili bolmagyny isleseň, özüňem şolar ýaly bolmaly"...

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Enelermiz mamalarmyz bize goyan mahribanlygynyn nusgasy yitip baryar

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Adamyň, erkek ỳa-da aỳal bolsun, ӧz bir hӓsiỳeti bolar. Bu hӓsiỳet mylaỳym we mӓhirli, ỳa-da edermen we rehimsiz bolup biler. Bir jynsa degişli bolsaňam, ol jynsyň adamlary inkubatordan ҫykan ỳaly bir şekilli bolmaza. Bunuň ỳaly meňzeslik tebigat...

Adamyň, erkek ỳa-da aỳal bolsun, ӧz bir hӓsiỳeti bolar. Bu hӓsiỳet mylaỳym we mӓhirli, ỳa-da edermen we rehimsiz bolup biler. Bir jynsa degişli bolsaňam, ol jynsyň adamlary inkubatordan ҫykan ỳaly bir şekilli bolmaza. Bunuň ỳaly meňzeslik tebigat tarapyndan dӓlde, jemgiỳet tarapyndan terbiỳe űsti bilen berilỳӓr.
Nӓme űҫin aỳal ỳumşak we mylaỳym bolmaly? Hawa, hiҫ adamam rehimsiz bolmasa ỳa-da hapa gűrlemese gowy bolardy. Emma makala ilatyň ỳarysy – aỳalar, bir gӧrnűşli bolmaly diỳỳӓr. Bu realistik dӓl we meň pikirimҫe dogry dӓl. Nӓme űҫin erkek adam maşgalabaşy bolup durỳar? Maşgala aỳal we erkek adamyň deň gatnaşmagynda gurulmaỳarmy. Egerde aỳalyň gymmatlygy erkek adamyňkyň yzyndan gelỳӓn bolsa, men şo wagt bar bolan mylaỳymlygym barada ỳadymdan ҫykarỳan.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

"Çaga süýji, terbiýesi ondanam süýji" diýip halk arasynda aýdylyşy ýaly zenanyň görmegi ýakymlydyr weli, onuň gepläp bilişi, sözleri, mähirli bolanda has hem zenany gözelleşdirýär. Magtymguly şahyr goşgusynda zenan hakynda "sözlegin sözleri misli...

"Çaga süýji, terbiýesi ondanam süýji" diýip halk arasynda aýdylyşy ýaly zenanyň görmegi ýakymlydyr weli, onuň gepläp bilişi, sözleri, mähirli bolanda has hem zenany gözelleşdirýär. Magtymguly şahyr goşgusynda zenan hakynda "sözlegin sözleri misli bal kimin" diýip, ýöne ýere ýazmandyr ahyryn.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

[quote name="Betje"]Yene bir zat. Turkmen ayallarynda, gyzlarynda "ichi chajak, dashy mojek", agyzlaryny ashsalar azdarha yaly "ot" chykyar. Kellesine topby yelmap, yuzune zat chalsa hondan bari... ichi chuyruk gabyn.[/quote]
Bolup biler,...

[quote name="Betje"]Yene bir zat. Turkmen ayallarynda, gyzlarynda "ichi chajak, dashy mojek", agyzlaryny ashsalar azdarha yaly "ot" chykyar. Kellesine topby yelmap, yuzune zat chalsa hondan bari... ichi chuyruk gabyn.[/quote]
Bolup biler, yone turkmen oglanlar hem "ak jorap gara shlepka bilen geyip, adidias jalbarini geyip, sachini gorshok edip gyrkyp, tesbirjik alyp eline, kellesine-de tahya" agyzny achsa "ejen-bajin" bularyn hem ichi "churuk"

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

"Feminist bolsam-da, mylakaltygymy saklaryn", kop gaytalayaryn. Yone, jynsy roli (masculinity or femininity) ayal mashgalanyn saylawy bolmalydyr. Yagny, ak-gara zat dal bu.
Ayal mashgala islele mylakaltly bolar, islese gotekrak bolup biler;...

"Feminist bolsam-da, mylakaltygymy saklaryn", kop gaytalayaryn. Yone, jynsy roli (masculinity or femininity) ayal mashgalanyn saylawy bolmalydyr. Yagny, ak-gara zat dal bu.
Ayal mashgala islele mylakaltly bolar, islese gotekrak bolup biler; islele gotek gurlap biler...yagny jynsy stereotiplardan dash durjak bolalyn. By makalada berilen maslahatlat chyndan hem Turkmen jemgyteinde, yagny, turkmen mashgalasynda "dogry" bolup durar.

But, this is not the only and ultimate way of being. And what about "manhood" which traits make "tukmen men manly"? What is his duties and obligations? Which path they have to follow?

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Mena shu aydylyan zatlara gaty seyrek dush gelyan. Hich hili mahir hich hili soygi mylakatlyk goremok. Saylan gyzym goraymane altyn yaly yone tilkidenem mekir iki yuzli yalancy bolup chykya. Hich gyzada ynanmasam gerek indi. Ynanar yaly zenanada...

Mena shu aydylyan zatlara gaty seyrek dush gelyan. Hich hili mahir hich hili soygi mylakatlyk goremok. Saylan gyzym goraymane altyn yaly yone tilkidenem mekir iki yuzli yalancy bolup chykya. Hich gyzada ynanmasam gerek indi. Ynanar yaly zenanada satasamok. Bilmedim aydyp otursam zat kan dowir nira barya bilemok.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Super! Ýöne, degişli adamlar okap, netije çykarsalar, hasam super bolardy.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Häzirki döwürde köp aýal-gyzlarymyz zenan mähremligini, näzikligini ýitirip, gylyk- häsiýetleri gödek erkek adamlaryň häsiýetini kabul edýär diýen ýaly. Nähili işde işlesede zenan zenandyr. Zenana mahsuz häsiýeti ýitirmän saklasa, ol gözel görünýär.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Yene bir zat. Turkmen ayallarynda, gyzlarynda "ichi chajak, dashy mojek", agyzlaryny ashsalar azdarha yaly "ot" chykyar. Kellesine topby yelmap, yuzune zat chalsa hondan bari... ichi chuyruk gabyn.

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location