• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • GYSSAGLY KONTRASEPSIÝA USULLARY: GÖRKEZMELER, GAÝRAÜZÜLMELER

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GYSSAGLY KONTRASEPSIÝA USULLARY: GÖRKEZMELER, GAÝRAÜZÜLMELER

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (14 Ses)

gyssagly kontrasepsiyaGyssagly kontrasepsiýa (rus. экстренная контрацепция) – bu goragsyz geçirlen jynsy gatnaşykdan soň meýilleşdirilmedik, islenilmedik göwreliligiň öňüni almak üçin ulanylýan usullaryň toparydyr. Gyssagly kontrasepsiýa göwrelilikden goraýan hiç bir başga usul ulanylmadyk ýagdaýynda peýdalanylýar. Bu usuly goragsyz geçirlen jynsy gatnaşykdan soň 3-5 günüň dowamynda ulanmagа çemeleşmelidir, has dogrusy, näçe çalt ulanylsa şonçada netijeliligi ýokary bolýar.

Gyssagly kontrasepsiýanyň nähili görnüşleri bar?

Gyssagly kontrasepsiýa usullary aşakdaky toparlara bölünýärler:

↺ Kombinirlenen gormonal dermanlar (düzüminde estrogen – gestagen saklaýar);

↺ Gestagen saklaýan dermanlar (Postinor we Eskapel);

↺ Antiprogestin saklaýan derman (Mifepriston);

↺ Ýatga goýulýan serişde (spiral).

Gyssagly kontrasepsiýanyň täsiri nähili?

Aýbaşy halkanyň ortasynda aýalyň ýumurtgalygyndan bolünip çykan ýumurtga öýjügi iň çakgan spermatazoid bilen duşuşýar we tohumlanma bolup geçip göwrelilik ýüze çykýar. Emma kontrasepsiw serişdesi ulanylanda ýumurtga öýjüginiň emele gelmegini togtadýar ýa-da tohumlanan ýumurtga öýjüginiň ýatga ýelmeşmegine päsgel berýär. Mundan başga-da, bu serişde ulanylanda ýatgy boýunjygynyň nemi has goýalyp, spermatazoidiň ýatga tarap hereket etmegine päsgel berýär. Ýokardaky hadysalaryň üýtgemegi netijesinde göwrelilik ýüze çykmaýar.

Bu usuly kim ulanyp biler?

Göwreli bolmagy islemeýän islendik zenan we ýetginjek ýaşyna ýeten gyz şu usuldan peýdalanyp biler. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň görkezmelerine görä, lukmançylyk taýdan gyssagly kontrasepsiýany ulanmaga garşy görkezme ýokdur. Şuny ulanmagyň ýaş aýratynlyklary hem bellenilmeýär. Goragsyz geçirlen jynsy gatnaşykdan soň gyssagly kontrasepsiýanyň özwagtynda ulanylmagy islenilmedik, meýilleşdirilmedik göwreliligiň we abortyň öňüni alýar.

Haýsy ýagdaýlarda gyssagly kontrasepsiýa ulanylyp bilner?

Gyssagly kontrasepsiýanyň usullary aşakdaky ýagdaýlarda ulanylyp bilner:

↪ Goranmagyň hiç hili usulynyň ulanylmadyk ýagdaýynda;

↪ Zenana jynsy zorluk edilende;

↪ Ulanan usullarynyň nädogrylygyna ya-da peýdasyzlygyna güman edilende;

↪ Prezerwatiwiň ýyrtylmagy, sypmagy ýa-da nädogry ulanylmagy;

↪ Kombinirlenen agyz kontrasepsiýanyň gerdejikleriniň üçden köpüsi içmän geçirlende ýa-da yzygider içilmedik ýagdaýynda;

↪ Düzüminde diňe progesteron saklaýan gerdejiklerini uç sagatdan gijä galyp kabul edilende ýa-da 27 sagatdan hem köp wagt geçirip kabul edilmedik ýagdaýynda;

↪ Dezogestrel saklaýan gerdejiklerini (0,75mg) kadaly içýän wagtyndan 12 sagatdan hem köp wagt geçirilse ýa-da iň soňky içen gerdejiklerinden soň 36 sagat geçse;

↪ Noretisteron enantata (NET-EN) – düzüminde diňe progesteron saklaýan sanjymynyň nobatdaky alnyşy iki hepdeden köp gijä galan ýagdaýynda;

↪ Düzüminde diňe progesteron saklaýan Depo-medroksiprogesteron asetat sanjymynyň nobatdaky alynmagy dört hepdeden hem köp gijä galan bolsa;

↪ Jynsy gatnaşygy wagtynda togtadyp başarylmadyk (mysal üçin, döl jynshananyň içine ýa-da daşky jyns agzalaryna dökülende) halatynda;

↪ Göwreli bolup bilinäýjek günler (kalendar usuly) nädogry sanalan halatynda.

Gerdejikleri haçan içmeli?

Gyssagly kontrasepsiýanyň haýsy görnüşini ulanýanyňyza garamazdan, goragsyz jynsy gatnaşykdan soň tiz wagtda gerdejigi kabul etmäge çalyşmalydyr. Gerdejikleri ilkinji 72 sagadyň dowamynda kabul etmäge çalyşmalydyr, ýatga goýlan serişde bolsa diňe birinji 4-5 günüň dowamynda goýlanda netijeli bolup biler.

Gerdejikleri nähili dogry içip bolýar?

Gerdejikleriň kabul ediş tertibini dermanyň ýany bilen berilýän düşündiriş kagyzjygyndan okap bilip bilersiňiz. Ýöne nähili bolanda hem, derman serişdesini lukmanyň maslahatyndan soň ulanmaga çalşyň. Lukman gerdejikleri siziň saglyk ýagdaýyňyzy göz öňüne tutup belläp biler.

Aşakdaky ýagdaýlarda bu usuly ulanma maslahat berilmeýär:

1. Aýala saglyk ýagdaýy boýunça (aýagyň warikoz keseli, tromboz, bagryň agyr keselleri, täze döremeler, 35 ýaşdan uly) gormonal gerdejikleri içmek maslahat berilmese;

2. Derman serişdesine allergiki täsirliligi bar bolsa;

3. Zenan öňden göwreli bolsa.

Derman içilenden soň näme bolup biler?

Goragsyz jynsy gatnaşygyndan soň gerdejik içilse, siz olaryň käbir ýaramaz täsirine sezewar bolup bilersiňiz:

⇨ Jynshanadan gan gelme;

⇨ Aýbaşy halkasynyň bozulmagy;

⇨ Aýbaşynyň agyryly bolmagy;

⇨ Garnyň aşagynda agyrynyň bolmagy;

⇨ Göwüslerde dartgynlylygyň döremegi;

⇨ Kellagyry;

⇨ Ýürek bulanma;

⇨ Ýadawlyk.

Bu alamatlaryň uzaga çeken ýagdaýynda lukmana ýüz tutmalydyr.

Şeýle hem, eger gyssagly kontrasepsiýa usulyny ulananyňyzdan 3 hepde soň aýbaşyňyz gelmese ýa-da göwreliligiň alamatlary peýda bolsa – haýal etmän ginekologa ýüz tutuň.

Gyssagly kontrasepsiýa arkaly göwrelilikden goranmak – bu abortmy?

Abort – ýatgy diwaryna ýelmeşen düwünçegi aýyrmakdyr. Gyssagly kontrasepsiýa usuly bolsa ilkibaşdan tohumlanan düwünçegiň ýatga ýelmeşmeginiň öňüni alýandyr. Şonuň üçin, gyssagly kontrasepsiýa – abort däldir.

Gyssagly kontrasepsiýadan soň näme etmeli?

Gyssagly konrtasepsiýa usuly ulanylandan soň, aýbaşy gelýänçä prezerwatiw ulanyň.

Gyssagly kontrasepsiýa jyns ýollary arkaly geçýän kesellerden goramaýar. Şonuň üçin, eger kesellandigiňize güman etseňiz, onda lukmana ýüz tutup, gerekli barlaglardan geçmelisiňiz.

Barlaglar goragsyz geçirlen jynsy gatnaşykdan bir ýa-da iki hepde geçenden soň geçirilmelidir, adamyň immunoýetmezçilik wirusyna (AIW, rusça – WIÇ) bolsa iki aýdan gaýtadan barlanmalydyr.

Gyssagly kontrasepsiýa usuly dowamly ulanma üçin niýetlenen däldir. Sebäbi bu dermanlaryň düzüminde gormonyň örän uly mukdary jemlenendir. Olaryň dowamly, yzygider ulanylmagy bedeni güýçli gormonal urga sezewar edip, dürli gaýraüzülmelere (ýatgydan gan akma, aýbaşy halkanyň bozulmagy, önelgesizlik, ýatgydan daşky göwrelilik) getirip biler. Şonuň üçin hem, saglyk üçin howpsuz, netijeli göwreliligiň öňüni alyş usulyny özüňiz üçin saýlap almak babatda ginekolog lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň.

Göwreliligiň öňüni alýan ähli usullar barada doly maglumaty şu kitapçadan öwrenip bilersiňiz.

Terjime eden: Güljan Annaýewa

  • 3414 gezek okalan